Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

SMS ýazmak barada nämeleri bilmeli?

SMS ýazmak barada nämeleri bilmeli?
  • :-) SMS-y oýlanyp ýazsaň, dostlaryň barada köp zat bilip bolýar.

  • :-( Eger paýhasly bolmasaň, ol dostlaryň bilen araňy bozup, abraýdan gaçyryp bilýär.

Bu makalada nämeler barada bilmelidigiňiz aýdylýar:

Onda şu bölümler hem bar:

 Kime ýazmaly?

 Ýetginjekleriň köpüsi SMS ýazyşmasa oňup bilmeýärler. Elbetde, ene-ataň garşy bolmasa, telefon nomerleri bolan adamlara SMS ýazyp, olar bilen habarlaşsa bolýar.

 «Gyz jigim ikimize oglanlar jaň etse, kakam halamaýar. Biz diňe öýde adam bar wagty, myhman otagyndaky telefonda gepleşip bilýäris» (Lenora).

 Nämäni bilmeli? Eger sen gören adamyňa telefon nomeriňi berseň, bu gowulyga eltmez.

 «Nätanyş adama telefon nomeriňi berseň, saňa iru-giç bolgusyz hatlar ýa-da suratlar geler» (Skot).

 «Başga jynsdaky adam bilen hemişe SMS ýazyşsaň, oňa tiz ysnyşýarsyň» (Stiwen).

 Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» (Süleýmanyň tymsallary 22:3). Seresaply bolmak üçin käbir çäkleri goýsaň, özüňi bela-beterden gorarsyň.

 Bolan waka. «Men bir oglan bilen dostlaşdym. Biz onuň bilen gaty köp SMS ýazyşýardyk. Men aramyzda dostlukdan başga hiç zat ýokdur diýip pikir edýärdim. Ol maňa tä söýýändigini aýdýança, SMS ýazyşmagyň hiç hili erbetligi ýokdur öýdýärdim. Men onuň bilen köp wagt geçirip, SMS ýazyşmaly däldigime şondan soň düşünip galdym» (Melinda).

 Nähili pikir edýärsiň? Dostunyň Melinda duýgularyny aýtmagy, oňa nähili täsir edendir?

 Wakany başgaça beýan et! Melinda onuň bilen ýöne bir dost bolup galar ýaly näme edip bilerdi?

 Näme ýazmaly?

 SMS ýazmagam, almagam gowy zat, ýöne ýazan zatlaryňa başgalaryň nädogry düşünjekdigini unutma.

 Nämäni bilmeli? SMS-däki sözlere nädogry düşünmekleri mümkin.

 «SMS-da hatda dürli görnüşdäki şekiller ýa-da smaýlikler goýlanda-da, adamyň duýgusyny we äheňini bilip bolmaýar. Şonuň üçinem düşünişmezlik döräp bilýär» (Briana).

 «Men köp gyzlaryň oglanlara SMS-da ugradan zatlary üçin abraýdan gaçandygyny we näzlenip özüni tanadandygyny bilýärin» (Lora).

 Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Dogrynyň ýüregi jogap berende köp oýlanýandyr» (Süleýmanyň tymsallary 15:28). Biziň üçin sapak: «Ugrat» düwmäni basmazdan öň, hatyňy ýene bir gezek okap gör!

 Haçan ýazmaly?

 SMS ýazanyňda paýhasly bolup, eýerip biljek düzgünleriňi goý.

 Nämäni bilmeli? Eger SMS-de ýazýan zatlaryňa ünsli bolmasaň, dostlaryň göwnüne degip, olary özüňden daşlaşdyrarsyň.

 «SMS ýazyşmak babatda goýan düzgünleriň derrew ýadyňdan çykýar. Men biri bilen gürleşip otyrkamam, nahar iýenimde-de, SMS ýazyşyp bilýärin» (Alison).

 «Maşyn sürüp barýarkaň SMS ýazyşmak howply. Eger sen ýoluňa seretmeseň, heläkçilige uçramagyň mümkin» (Anna).

 Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýär? «Her zadyň öz wagty bar...dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty» (Wagyz kitaby 3:1, 7). Bu maslahata diňe bir gepleşeniňde däl-de, SMS ýazyşanyňda-da eýermeli.

 Maslahatlar

Kime ýazmaly?

  •  ;-)Ene-ataň goýan düzgünlerine eýer (Koloslylar 3:20).

  •  ;-)Gören adamyňa nomeriňi berme. Sen özüň barada aýtmak, şol sanda telefon nomeriňi bermek islemeýändigiňi sypaýyçylyk bilen aýtsaň, bu saňa ulalaňda-da peýdaly bolar.

  •  ;-)SMS ýazanyňda suwjarma we näzlenme. Eger sen oňa ysnyşyp başlasaň, lapykeç bolarsyň we ýüregiňe ýara salarsyň.

 «El telefonymy paýhasly ulanýandygym üçin ene-atamam maňa ynanýar. Olar meniň gören adamyň nomerini telefonymda saklamaýandygymy bilýär» (Briana).

Näme ýazmaly?

  •  ;-)SMS ýazmazyňdan öň özüňe şeýle soragy ber: «Şu wagt maňa SMS ýazmak gerekmi?» Belki, sen oňa jaň etseň ýa-da onuň bilen ýüzbe-ýüz gürleşseň gowy bolar.

  •  ;-)Adamyň ýüzüne aýdyp bilmejek zadyňy SMS-da ýazma. 23 ýaşly Sara atly gyz şeýle diýýär: «Eger sen aýtjak zadyňy onuň ýüzüne aýdyp bilmeseň, onda SMS-da-da ýazma».

 «Saňa bolgusyz suratlary ugratsalar, bu barada ene-ataňa aýt. Şonda saňa howp abanmaz, ene-ataňam saňa bolan ynamy artar» (Sirwan).

Haçan ýazmaly?

  •  ;-)Telefonyňy haçan ulanmaly däldigiňi öňünden çöz. Oliwiýa atly gyz şeýle diýýär: «Men saçak başynda ýa-da kitap okanymda telefonymy ulanmaýaryn. Ýygnak duşuşyklarynda bolsa ünsümi sowmaz ýaly, ony öçürip goýýaryn».

  •  ;-)Başgalar barada oýlan (Filipililer 2:4). Biri bilen gürleşýärkäň SMS ýazma.

 «Men özüme şeýle düzgün goýdum: dostlarym bilen bolanymda, zerur bolmasa SMS ýazmaryn. Şeýle-de men tanamaýan adamyma nomerimi bermeýärin» (Jeýneli).