Esasy materiala geçiň

Pornografiýa görmek endigim bar bolsa näme etmeli?

Pornografiýa görmek endigim bar bolsa näme etmeli?

Sen näme edip bilersiň?

 Pornografiýanyň nämedigini bil. Pornografiýa Hudaýyň ýaradan arassa we hormata mynasyp zadyny hapalaýar. Muňa düşünmeklik bolsa «ýamanlygy ýigrenmäge» kömek eder (Zebur 97:10).

 Netijesi barada pikirlen. Pornografiýa üçin surata we wideo düşýänler öz mertebesini peseldýär we ony görýänleriň pikirini zaýalaýar. Ýöne ýerden Mukaddes Ýazgylarda: «Paýhasly adam bela-beteri görüp gizlenýändir» diýilmeýär (Süleýmanyň tymsallary 22:3).

 Özüňe söz ber. Wepaly Eýýup pygamber: «Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim» diýýär (Eýýup 31:1). «Ant içmek» üçin özüňe şeýle zatlary söz ber:

  •  Ýeke galanymda Internete girmerin.

  •  Internete girenimde öz-özünden çykýan şübheli we pornografiýaly saýtlary dessine ýaparyn.

  •  Ýene-de pornografiýa görsem, şu endigimi goýmaga kömek edip biljek dostumdan maslahat soraryn.

Pornografiýanyň bir aýratynlygy bar: Sen ony näçe köp görseň, şonça-da taşlamak kyn bolýar

 Doga et. Mezmurçy Ýehowa Hudaýa ýalbaryp şeýle doga edýär: «Gözümi biderek zatlary görmekden sow» (Zebur 119:37). Hudaý seniň bu endigiňden üstün çykmagyňy isleýär. Eger Hudaýa doga etseň, ol saňa dogry zady etmek üçin güýç berer (Filipililer 4:13).

 Biri bilen gepleş. Kynçylygyňy ýeňmek üçin wajyp ädimleriň biri, bu barada biri bilen gepleşmeklik (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

 Ýatdan çykarma: Her gezek pornografiýany görmekden saklananyňda, sen wajyp söweşde ýeňiş gazanýarsyň. Ýehowa Hudaýa doga edip, bu söweşde ýeňmek üçin beren güýjüne minnetdarlyk bildir. Pornografiýany görmekden saklansaň, sen onuň ýüregini şatlandyrýarsyň (Süleýmanyň tymsallary 27:11).