Filipililer 2:1—30

  • Hakyky pesgöwünlik (1—4)

  • Mesihiň pesgöwünligi we beýgelmegi (5—11)

  • Halas bolmaga jan ediň (12—18)

    • Nur kimin ýagty saçmak (15)

  • Timoteos bilen Epafrodit iberilýär (19—30)

2  Siz Mesih bilen agzybir bolup, başgalary ruhlandyrsaňyz, söýgi bilen göwünlik berseňiz, mähir bilen aladasyny edip, duýgudaşlyk bildirseňiz,  onda şatlygyma şatlyk goşup, bir garaýyşda boluň, bir-biriňizi söýüň, ähli zatda agzybirligi saklaň we bir pikirde boluň+.  Hiç zady dawa-jenjel+ ýa-da ulumsylyk bilen etmäň+, gaýtam pesgöwünli* boluň, başgalary özüňizden ýokary saýyň+.  Diňe öz peýdaňyzy däl-de+, başgalaryň hem peýdasyny gözläň+.  Isa Mesihiňki ýaly pikirde we garaýyşda boluň+.  Ol Hudaýyň keşbinde bolsa-da+, özüni Hudaý bilen deňejek bolup pikir hem etmedi+.  Ol hemme zatdan geçdi, özüni gul edip+, ynsan boldy*+.  Şeýle-de ynsan bolup gelende, özüni kiçeldip, tä ölýänçä, hawa, jebir pürsünde*+ ölýänçä gulak asdy+.  Şol sebäpli Hudaý ony has-da beýgeldip+, ähli atlardan iň beýik ady berdi+. 10  Sebäbi ol gökdäkileriň, ýerdäkileriň hem-de ýer astyndakylaryň her biriniň Isanyň adynyň hatyrasyna dyza çökmegini isledi+. 11  Her kes Halypamyz Isa Mesihi aç-açan kabul edip+, Atamyz Hudaýy şöhratlandyrmaly. 12  Eziz doganlarym, men ýanyňyzdakam Hudaýa elmydama gulak asyşyňyz ýaly, ýok wagtym hem gorky we titreme bilen halas bolmak üçin tagalla ediň. 13  Hudaý niýetine görä kömek etmek üçin, siziň ýüregiňizde isleg döredip, şony etmäge güýç hem berer. 14  Hiç zady igenip+ ýa-da dawa-jenjel bilen etmäň+. 15  Şonda siz zalym we erbet nesliň+ arasynda Hudaýyň ýazyksyz, hilesiz, päk çagalary+ bolarsyňyz. Siz olaryň arasynda ýaşap, şu dünýäde nur kimin ýagty saçýarsyňyz+ 16  we ýaşaýyş sözüne berk ýapyşýarsyňyz+. Men hem biderek ylgamandygymy we boş ýere zähmet çekmändigimi bilip, Mesihiň gününde şatlanaryn. 17  Emma men şerap sadakasy kimin gurbanlyk ojagyna*+ dökülip+, özümi mukaddes gulluga, ýagny size iman etmäge kömek eden gulluga bagyş etmeli bolsam-da, muňa begenerin, siziň ähliňiz üçin şatlanaryn. 18  Şol sebäpli siz hem meniň bilen şatlanyp, begenmelisiňiz. 19  Halypamyz Isa islese, men tizden ýanyňyza Timoteosy+ ibererin. Ol sizden habar getirse, men ruhlanaryn. 20  Timoteos ýaly ýürekden aladaňyzy etjek adam ýokdur. 21  Başgalar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini gözleýärler. 22  Siz Timoteosyň gylyk-häsiýetlerini görensiňiz. Ol hoş habary meniň bilen wagyz edip, ataly-ogul kimin+ gulluk etdi. 23  Hawa, işimiň nähili çözüljekdigi belli bolanda, ony ýanyňyza ibererin. 24  Halypamyz islese, özüm hem tizden ýanyňyza bararyn+. 25  Emma häzir ýanyňyza doganymyz we Mesihiň esgeri Epafroditi ibermekçi. Ol siziň wekiliňiz bolup, meniň aladamy etmek üçin iberilen gullukçydyr+. 26  Onuň sizi örän göresi gelýär. Epafrodit syrkawlandygyny eşidendigiňizi bilip, gaty biynjalyk boldy. 27  Hawa, ol syrkawlap, ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy. Emma Hudaý rehim etdi, diňe oňa däl, öňküden hem beter hasrat çekmezligim üçin maňa-da rehim etdi. 28  Şol sebäpli Epafroditi görüp, begenmegiňiz üçin, ony haýal etmän ýanyňyza iberýärin. Şonda men hem çendenaşa biynjalyk bolmaryn. 29  Ony Halypamyzyň şägirdi hökmünde şatlyk bilen kabul ediň, şeýle doganlaryň gadyryny biliň+. 30  Ol Mesihiň* işi üçin ölümiň bäri ýanyndan gaýtdy, siziň ýoklugyňyzy bildirmedi, maňa hyzmat etmek+ üçin janyny howp astyna saldy.

Çykgytlar

Ýa-da: pikiriňizde pesgöwünli.
Sözme-söz: bolup geldi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Halypamyzyň.