Esasy materiala geçiň

Eneň-ataň aýrylyşýan bolsa näme etmeli?

Eneň-ataň aýrylyşýan bolsa näme etmeli?

Sen şulary edip bilersiň:

 Biynjalyklanýan zatlaryňy aýt. Eneň-ataňa iki oduň arasynda galandygyňy düşündirip, biynjalyklanýan zatlaryňy aýtsaň, olar saňa ähli zady açyk düşündirer. Şonda seniň biraz ýüregiň giňär.

 Emma eneň-ataň seni goldap bilmese, ruhy taýdan ýetişen dostuňa ýa joraňa içiňi döküp bilersiň (Süleýmanyň tymsallary 17:17).

 Sen, esasanam, «dogalary eşidýän» gökdäki Atamyza ýüregiňdäkini aýdyp bilersiň. Ol seni ünsli diňlemäge hemişe taýyndyr (Zebur 65:2). Hudaýa doga edip, içiňi dök, «sebäbi ol seniň aladaňy edýändir» (1 Petrus 5:7).

Näme etmeli däl?

Eneň-ataň aýrylyşmagyny eliň döwülmegi bilen deňeşdirse bolar. Ilkibada, agyryly bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen, sagalarsyň

 Öýke-kine saklama. 7 ýaşyndaka ene-atasy aýrylyşan Daniýel şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam diňe özüni bilýär. Olar gelýän kararynyň bize nähili täsir etjekdigi barada oýlanmadylar».

 Daniýel gaharyny basyp, öýke-kinesini aýyrmasa, bu oňa nähili zyýan ýetirip biler? (Süleýmanyň tymsallary 29:22-ni oka).

 Daniýel ene-atasyny bagyşlasa näme üçin gowy bolardy? (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary oka).

 Özüňi biedep alyp barma. Denni atly oglan şeýle diýýär: «Ejem bilen kakamyň aýrylyşmagy maňa şeýle bir agyr degdi welin, men göwnüçökgünlige düşdüm. Mekdepde-de sapaklaryma kän üns bermän, bir ýyl klasymdan galdym. Men diňe bozgaklyk edip, urşup-ýakalaşyp ýörýärdim».

 Seniň pikiriňçe, Denni mekdepde bozgaklyk edip, urşup-ýakalaşmak bilen kime zyýan ýetirjek bolduka?

 Galatýalylar 6:7-däki prinsip Denni ýaly ýaş oglan-gyzlara özüni biedep alyp barmakdan gaça durmaga nädip kömek edip biler?

 Ýürek ýarasynyň bitmegi üçin wagt gerek bolýar. Wagtyň geçmegi bilen, durmuşyň gitdigiçe gowulanyp, ähli zat gülala-güllük bolar.