Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Men ýalňyşymy düzetmek üçin näme edip bilerin?

Men ýalňyşymy düzetmek üçin näme edip bilerin?

 Sen näme ederdiň?

 Karina bilen bolan wakany oka we özüňi onuň ýerinde goýup gör. Şonda sen özüňi nähili alyp bararsyň?

 «Bir gün okuwa gidenimde, maşynymy ýokary tizlik bilen sürdüm. Polisiýa işgäri meni saklady we jerime ýazdy. Gaty erbet boldum. Muny ejeme gürrüň berenimde, ol ähli zady bolşy ýaly kakaňa aýt diýdi. Emma men aýtmak islemedim». Karina

  Sen näme ederdiň?

  1.  Usul 1: Muny kakaň hiç wagt bilmez öýdüp, ondan gizleýärsiň.

  2.  Usul 2: Ähli zady bolşy ýaly kakaňa aýdýarsyň.

 Elbetde, seniň 1-nji usuly saýlasyň geler. Belki, sen: «Ejem ähli zady kakama aýtmagy maslahat berse-de, muny talap etmedi ahyryn» diýip pikir edersiň. Ýöne nähili ýalňyşlyk goýberseň-de, ony boýun almagyň wajyp sebäpleri bar.

 Ýalňyşyňy boýun almagyň üç sebäbi

  1.  1. Bu dogry ädim. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýa sežde edýän adamyň «ähli zatda özüni dogruçyl alyp barmalydygy» aýdylýar (Ýewreýler 13:18).

     «Dogruçyl we jogapkär adam bolmak üçin öz üstümde köp işleýärin. Eden ýalňyşymy derrew boýun almaga çalyşýaryn». Aleksiýa

  2.  2. Adamlar ýalňyşyny boýun alýany derrew bagyşlaýarlar. Mukaddes Ýazgylarda: «Günälerini ýaşyrýan üstünlik gazanmaz; günälerini boýun alyp, oňa ökünýänlere bolsa rehim ediler» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 28:13).

     «Ýalňyşyňy boýun almak üçin mert bolmaly, şonda sen adamlaryň ynamyna girip bilersiň. Olar seniň dogruçyldygyňy görerler. Ýalňyşyňy boýun alsaň, erbet häsiýetleriňi düzedersiň». Riçard

  3.  3. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa Hudaýy begendirýärsiň. Mukaddes Ýazgylarda: «Azgyn adam Rebbe ýigrenjidir; Rebbiň ýaranlygy bolsa gönüler bilendir» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 3:32).

     «Bir sapar gaty ýalňyşdym, şonda ýalňyşyňy boýun almagyň wajypdygyna düşündim. Eger men Ýehowanyň isleýşi ýaly hereket etmesem, Ol maňa bereket bermez». Reýçel

 Karina näme etdi? Ol kakasyndan tölän jerimesini gizlemek isledi. Emma muny hemişelik gizläp bilmedi. Karina şeýle gürrüň berýär: «Bir ýyl geçensoň, kakam ätiýaçlandyryş hatyna seredende, meniň adyma ýazylan jerimäni gördi. Bu meniň zyýanyma boldy. Hatda ejem gulak asmandygym üçin gaharlandy».

 Mundan näme öwrense bolýar? Karina şeýle diýýär: «Ýalňyşyňy gizleseň, ýagdaýy has-da kynlaşdyrýan ekeniň. Sen iru-giç onuň erbet netijesini görersiň».

 Ýalňyşyňdan sapak edin

 Hemmeler ýalňyşýar (Rimliler 3:23; 1 Ýahýa 1:8). Ýöne kiçigöwünli we jogapkärli adam ýalňyşyny derrew boýun alýar.

 Indiki ädim — goýberen ýalňyşyňdan sapak edinmeli. Gynansak-da, ýaşlaryň käbiri muny etmeýärler. Belki, olar hem Priskillanyňky ýaly duýgyny başdan geçirýändirler. Ol şeýle gürrüň berýär: «Öň men ýalňyşanymda örän gynanýardym. Men özüme kembaha garaýardym. Şol sebäpli ýalňyşlyklar meniň üçin agyr ýükdi. Men göwnüçökgünlige düşdüm we özümi dereksiz saýdym».

 Senem özüňi käwagt şeýle duýýarmyň? Onda şuny unutma: eden ýalňyşlaryň barada hemişe oýlanmaklyk, ulag sürüp barýan wagtyň gözüňi aýyrman aýnadan yzyňa sereden ýalydyr. Hemişe ýalňyşlaryň hakda oýlansaň, özüňi dereksiz saýarsyň we kynçylyklar bilen göreşmäge güýjüň bolmaz.

 Dogry garaýyşda bol.

 «Ýalňyşlaryňy ýene gaýtalamaz ýaly olardan sapak edinjek bol. Emma hemişe olar hakda oýlanyp ýörme, ýogsam çöküp galarsyň». Elliot

 «Men ýalňyşlarymdan sapak edinjek bolýaryn, bu maňa gowy häsiýetleri ösdürmäge we indiki sapar dogry hereket etmäge kömek edýär. Ýalňyşlaryňa dogry garaýşy saklasaň, gowy adam bolup ýetişersiň». Wera