Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Mukaddes Kitaby okamagyň näme peýdasy bar? I bölüm: Mukaddes Kitaby çuňňur öwren

Mukaddes Kitaby okamagyň näme peýdasy bar? I bölüm: Mukaddes Kitaby çuňňur öwren

 «Mukaddes Kitaby yzygider okamaga jan edýärin, ýöne ol uly bolansoň, içim gysyp gidýär» (15 ýaşly Briýana).

 Saňa-da Mukaddes Kitaby okamak kyn bolýarmy? Onda şu makala kömek edip biler.

 Mukaddes Kitaby näme üçin okamaly?

 Mukaddes Kitaby okamak içgysgynç ýaly bolup görünýärmi? Hawa, köpler şeýle pikir edýär. Mukaddes Kitap suratsyz, köp sahypaly kitap bolansoň, belki, seniň okasyň gelmeýändir. Ondan telewizor göreniňi gowy görýänsiň.

 Ýöne oýlanyp gör: eger sen gymmatbaha daşlardan doly sandygy tapsaň, içini açyp göresiň gelmezmi?

 Mukaddes Kitabam edil şol gymmatbaha daşlardan doly sandyk ýaly. Onuň içinde köp peýdaly maslahatlar bar. Olaryň kömegi bilen...

  •   gowy kararlara gelip bilersiň.

  •   eneň-ataň bilen araň gowy bolar.

  •   gowy dostlary taparsyň.

  •   ruhdan düşmersiň.

 Birnäçe asyr mundan öň ýazylan kitapdaky maslahatlar şu günler peýdaly bolup bilermi? Hawa, sebäbi «mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen ýazyldy» (2 Timoteos 3:16). Şol maslahatlary älem-jahanda iň akyldar şahsyýet, ýagny Hudaý berdi.

Mukaddes Kitap — genji-hazynaly sandyk. Onda dürdäne ýaly dana sözler bar

 Mukaddes Kitaby nädip okap bolýar?

 Mukaddes Kitaby başdan-aýak okasaň, onuň mazmunyna düşünersiň. Mukaddes Kitaby her dürli edip okap bolýar. Ony başdan-aýak okamagyň iki usuly bar.

  •    Sen 1 Musa kitabyndan Ylham kitabyna çenli yzygider okap bilersiň.

  •    Mukaddes Kitapdaky wakalary yzygiderlikde okap bilersiň.

 Maslahat. Wakalary yzygiderlikde okamak üçin Mukaddes Kitabyň A7 goşmaça maglumatyndaky «Isa pygamberiň ömri» diýen çarçuwa seret.

 Öz kynçylyklaryň bilen bagly wakalary oka.

  •   Gowy dostlary tapmak üçin Dawut bilen Ýonatanyň dostlugy hakda okap bilersiň (1 Şamuwel 18—20-nji baplar). Ýonatanyň Dawudyň haýsy häsiýetlerini gowy görendigi hakda gözleg geçir.

  •    Synaglarda berk durmak üçin Ýusubyň düşen ýagdaýy we onuň näme edendigi hakda okap bilersiň (1 Musa 39-njy bap). Ýusuba synaglarda berk durmaga nämäniň kömek edendigi barada gözleg geçir.

  •   Doga etmegiň nädip kömek edýändigini bilmek üçin Nehemýa barada okap bilersiň (Nehemýa 2-nji bap). Nehemýanyň eden dogasynyň nähili kömek edendigi hakda gözleg geçir.

 Maslahat. Ünsüň bölünmez ýaly, Mukaddes Kitaby goh-galmagalsyz ýerde oka.

 Bir wakany, parçany ýa baby okap, özüňe nähili degişli ýeriniň bardygy hakda oýlan. Okanyňdan soň, şu soraglar hakda oýlan.

  •    Ýehowa şuny Mukaddes Kitaba näme üçin ýazdyrdy?

  •    Şu ýerden Ýehowa Hudaý barada näme bildim?

  •    Okan aýatlaryma görä nädip ýaşap bilerin?

 Maslahat. Mukaddes Kitaby saýtymyzdaky meýilnama boýunça okamagy maksat goý. Okan ýerleriňe bellik goý.