Esasy materiala geçiň

Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?

Enem-atam meni näme üçin gezelenje goýbermeýärkä?

Gel, bir ýagdaýy göz öňüne getireli.

Seniň oturylyşyga gidesiň gelýär, ýöne eneň-ataň goýberjegini ýa goýbermejegini bilmeýärsiň. Şonda sen şu usullaryň haýsysyny saýlardyň?

  1.  SORAMAN GIDÝÄRSIŇ

  2.  SORAMAÝARSYŇAM, GITMEÝÄRSIŇEM

  3.  SORAP GÖRÝÄRSIŇ

 1. SORAMAN GIDÝÄRSIŇ

 Seniň näme üçin şeýle hereket etmegiň mümkin? Sen dost-ýarlaryňa hiç kime garaşly däldigiňi görkezesiň gelýändir. «Men nirä gitmelidigini we näme etmelidigini özüm gowy bilýärin. Muny enem-atamdan soramak hökman däl» diýip pikir edýänsiň (Süleýmanyň tymsallary 14:18).

 Netijesi: Elbetde, dostlaryň öňünde seniň biraz abraýyň artan ýaly bolar. Ýöne olar seniň mekirlik edendigiňi bilip: «Bu öz ene-atasyny aldan bolsa, bizem aldar» diýip pikir ederler. Eneň-ataňam seniň olardan soraşman gidendigiňi bilse, gaty gahary geler we seni gaýdyp hiç ýere goýbermez (Süleýmanyň tymsallary 12:15).

 2. SORAMAÝARSYŇAM, GITMEÝÄRSIŇEM

 Seniň näme üçin şeýle hereket etmegiň mümkin? Seni bir ýere çagyrsalar, gowy oýlanyp, şol ýere gitmegiň Mukaddes Ýazgylara laýyk gelmeýändigine ýa-da bile dynç aljak adamlaryň gowy däldigine göz ýetirmegiň ahmal (1 Korinfliler 15:33; Filipililer 4:8). Emma şonda-da seniň gidesiň gelse, eneň-ataňdan soramaga çekinmegiň mümkin.

 Netijesi: Eger şol ýere gitmegiň nädogrudygyna doly düşünseň, deň-duşlaryňa gitmeýändigiňi aýtmaga ýaýdanmarsyň. Ýöne sen diňe eneň-ataňdan soramaga çekinendigiň üçin galsaň, gezelenje gidip bilmeýändigiň üçin öýde tukat bolup oturarsyň.

 3. SORAP GÖRÝÄRSIŇ

 Seniň näme üçin şeýle hereket etmegiň mümkin? Sen eneň-ataňa gulak asyp, olaryň garaýşyna hormat goýmalydygyňa düşünýärsiň (Koloslylar 3:20). Şeýle-de sen eneň-ataňy gowy görýändigiň üçin, ýalan sözläp, olary ynjydasyň gelmeýär (Süleýmanyň tymsallary 10:1). Onsoňam, sen olara öz ýagdaýyňy açyk düşündirip bilýärsiň.

 Netijesi: Eneň-ataň seniň olary gowy görýändigiňi we olara hormat goýýandygyňy biler. Olar seniň haýyş edýän zadyň hiç hili erbetlige eltmejekdigine göz ýetirseler, saňa gezelenje gitmäge rugsat bererler.

Olaryň seni näme üçin goýbermezligi mümkin?

Kenardaky halas edijiler ýaly, eneň-ataň hem saňa abanýan howplary görüp bilýär

 Munuň bir sebäbini şeýle mysal arkaly düşündirse bolar: eger sen deňizde suwa düşmekçi bolsaň, kenarda halas edijileriň bolanyny kem görmezdiň. Sebäbi suwa düşüp ýörkäň, özüňe abanýan howpy görmeýärsiň. Halas edijiler bolsa kenarda oturyp, ýokardan ähli zady görüp bilýärler. Kenardaky halas edijiler ýaly, eneň-ataň hem durmuş tejribesi we düşünjesi bolansoň, olar seniň görüp bilmeýän howplaryňy görýärler. Olar saňa dynç almaga päsgel bermek däl-de, seni şatlykdan mahrum etjek zatlardan goramak isleýärler.

 Olaryň seni gezelenje goýbermezliginiň ýene-de bir sebäbi ejeň bilen kakaň seni gowy görýändigi üçin, saňa ýagşy işlere gatnaşmaga rugsat berip, ýamanlykdan goramak isleýärler. Sen eneň-ataňdan bir zada rugsat soranyňda, olar, ilki bilen, munuň nähili netije getirjekdigi barada oýlanyp görýärler. Olar şol zadyň saňa hiç hili zyýan ýetirmejekdigine göz ýetirensoň rugsat berýärler.

Olar seni gezelenje goýberer ýaly näme etse bolar?

Sen şulary edip bilersiň:

 Dogruçyl bol. Özüňe şeýle soraglary berip, oýlanyp gör: «Bu gezelenje näme üçin gidesim gelýär? Aslynda, men şol ýere gitmegi gowy görýärinmi ýa-da deň-duşlarymdan tapawutlanmajak bolýarynmy? Men şol ýere halaýan oglanymyň (ýa-da gyzymyň) barýandygy üçin gitjek bolýarynmy?» Soňra eneň-ataň bilen gepleşeniňde, olara dogryňy aýt. Olaram ýaş bolup gördüler. Onsoňam, olar seni gowy tanaýarlar we seniň näme niýet bilen gitjek bolýandygyňy derrew aňarlar. Eger ähli zady açyk aýtsaň, olar seniň dogruçyldygyňy görüp begenerler we paýhasly maslahat bererler (Süleýmanyň tymsallary 7:1, 2). Emma ejeň bilen kakaňa ýalan sözleseň, ynamdan gaçarsyň we olar seni hiç ýere goýbermez.

 Amatly wagty gürleş. Ejeň bilen kakaň ýaňy işden gelende ýa-da bir wajyp zat bilen meşgullanyp otyrka, seni gezelenje goýbermeklerini sorap, kellesini agyrdyp durma. Olar dem-dynjyny alyp, arkaýyn otyrkalar gürleşjek bol. Ýöne edil gitmeli wagtyň rugsat sorap, olary howlukdyrma. Sebäbi eneň-ataň gyssanyp karara gelmek islemez. Şonuň üçin olara biraz oýlanmaga wagt bolar ýaly, öňräginden rugsat sora.

 Hiç zady ýaşyrma. Ähli zady bolşy ýaly aýdyp, näme isleýändigiňi açyk düşündir. Eneň-ataň senden: «Ol ýere başga kim gidýär? Araňyzda uly ýaşly adam barmy? Öýe haçan gelersiň?» diýip soranda, «Bilemok» diýip jogap berseň, olary alada goýarsyň.

 Dogry garaýyşda bol. Ejeň bilen kakaňy özüňe duşman saýman, olaryň saňa ýakyn adamlardygyna düşünjek bol. Şonda olar bilen dawalaşman, agzybirligi saklap bilersiň.

 Ejeň bilen kakaň gelen kararyna hormat goýup, ýetişen adamdygyňy görkez. Şonda olaram seniň garaýşyňy göz öňünde tutar we indiki gezek gezelenje gitmäge rugsat bermegi mümkin.