Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Duşuşmagymyzy bes etmelimi? (II bölüm)

Duşuşmagymyzy bes etmelimi? (II bölüm)

 Gelen kararyňy aýtmak üçin näme etmeli? Ilki bilen, amatly wagt saýla. Nädip?

 Muňa düşünmek üçin özüňi onuň ýerine goýup gör (Matta 7:12). Eger halaşýanyň hemmeleriň ýanynda seniň bilen arasyny kesmek isleýändigini aýtsa, özüňi nähili duýardyň? Elbetde, özüňi oňaýsyz duýardyň.

 Gelen kararyňy elektron poçtasy, awtojogapçy ýa-da SMS arkaly aýtmajak bol. Bu wajyp meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly wagty we ýeri saýla.

 Şonda näme diýseň ýerlikli bolar? Pawlus resul mesihçileri: «Her biriňiz ýakynyňyza dogryňyzy aýdyň» diýip ündedi (Efesliler 4:25).

 Şol sebäpli sypaýy bolmak wajyp, ýöne anyk geplemeli. Onuň saňa näme üçin mynasyp taý bolup bilmejekdigini aýdyň düşündir.

 Onuň eden ýalňyşlyklaryny ýa-da tankytlaýjy sözleri aýtmak gerek däl. «Sen beýle etmeli däldiň» ýa-da «Sen hiç haçan...» ýaly sözleri aýtmagyň deregine, şu sözleri aýtsaň, gowy bolar: «Men... adam bilen halaşmak isleýärin» ýa-da «Meniň pikirimçe, aramyzy kessek, gowy bolar, sebäbi...».

 Duýgularyňy aýdanyňda, agzy gowşaklyk etmegiň ýa-da yrylmagyň wagty däl. Sen wajyp sebäplere görä araňy kesmegi ýüregiňe düwendigiňi unutma. Ol seni yrmak üçin dürli bahanalary gözläp başlamagy mümkin, şol sebäpli seresap bol. Lori atly gyz şeýle diýýär: «Halaşýan ýigidime arany kesjek diýenimde, ol ýüregim gyýlar ýaly, özüni naýynjar alyp bardy. Men dogrudanam özümi erbet duýdum. Ýöne onuň özüni alyp barşy gelen kararyma täsir edip bilmedi». Lori ýaly senem pikirlenip hereket et. Gelen kararyňy üýtgetme. Goý, seniň «ýok» diýeniň «ýok» bolsun (Ýakup 5:12).