Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Mukaddes Kitaby okamagyň näme peýdasy bar? II bölüm: Mukaddes Kitaby gyzykly edip oka

Mukaddes Kitaby okamagyň näme peýdasy bar? II bölüm: Mukaddes Kitaby gyzykly edip oka

 Will atly ýetginjek oglan: «Mukaddes Kitaby nädip okamalysyny bilmeseň, ol içgysgynç görünýär» diýýär.

 Mukaddes Kitaby nädip gyzykly edip okap bolýandygyny bilesiň gelýärmi? Onda şu makalany oka.

 Göz öňüne getirip oka

 Özüňi şol waka gatnaşýan ýaly göz öňüne getir. Munuň üçin aşakdaky maslahatlara eýerip bilersiň.

  1.   Bir wakany saýla. Meselem, sen Injildäki dört Hoş habardan bir parçany ýa-da jw.org saýtyndan bir wakanyň çeper okalyşyny saýlap bilersiň.

  2.   Wakany oka. Ony özüň ýa-da maşgalaň, dostlaryň bilen okap bilersiň. Biri alyp baryjynyň sözlerini, beýlekiler bolsa şol wakadaky adamlaryň sözlerini okap biler.

  3.   Aşakdaky maslahatlaryň birki sanysyny edip gör.

    •   Wakanyň suratyny çek ýa-da wakany janlandyrmak üçin ondaky zatlaryň suratlaryny çek. Haýsy suratyň näme aňladýandygyny ýaz.

    •   Okan ýeriňdäki Ýehowanyň wepaly gullukçysynyň häsiýetlerini, eden işlerini we alan bereketlerini ýaz.

    •   Wakany gürrüň ber. Wakanyň dürli tarapyny agzap geç. Şol wakadaky esasy gahrymandan we onuň ýanyndaky adamlardan näme hakda sorajakdygyňy aýt.

    •   Aýdaly, Hudaýyň gullukçysynyň goýberen ýalňyşy barada okaýarsyň. Oýlanyp gör, ol näme eden bolsa ýalňyşmazdy? Mysal üçin, Petrus Isadan ýüz öwürýär (Markus 14:66—72). Petrus näme eden bolsa, Isadan ýüz öwürmezdi?

    •   Eger sen döredijiligi gowy görýän bolsaň, onda özüň bir wakanyň sahnasyny düz. Şol wakadan näme öwrenip boljakdygyny hem ýaz (Rimliler 15:4).

      Mukaddes Kitaby kino görýän ýaly okap bilersiň!

 Gözleg geçir

 Eger okaýan wakaň barada gowy gözleg geçirseň, onda dürdäne taparsyň, ýagny köp zatlary öwrenip bilersiň. Käte birki sözden hem birgiden maglumaty bilip bolýar.

 Matta 28:7 bilen Markus 16:7-nji aýatlary deňeşdir.

  •    Markus näme üçin Isanyň diňe bir şägirtlerine däl-de, Petrusa-da görünjekdigini ýazypdyr?

  •  Kömek. Aslynda, Markus şol wakany gözi bilen görmedi. Ol bolan zatlary Petrusdan eşiden bolmaly.

  •  Tapylan dürdäne. Isa direlensoň, Petrus bilen görüşjekdigini aýdanda, ol nämä begenen bolmaly? (Markus 14:66—72). Isa Petrusyň hakyky dostudygyny nädip görkezdi? Sen Isadan görelde alyp, hakyky dostdugyňy nädip görkezip bilersiň?

 Eger wakalary göz öňüne getirseň we gözleg geçirseň, Mukaddes Kitaby okamak hijem içgysgynç bolmaz.