Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Şu adam bilen durmuş gursam bolarmy?

Şu adam bilen durmuş gursam bolarmy?

 Sen biri bilen halaşýan bolsaň, ony özüňe mynasyp taý hasaplaýarmyň?

 Adamyň diňe bir daş keşbine üns bermek ýeterlikli däl. Sebäbi iň owadan gyz ýeňilkelle, iň tanymal oglan bolsa gelin-gyzlara göz gyzdyryp, ahlak taýdan durnuksyz bolmagy mümkin. Şol sebäpli gelejekki ýanýoldaşyň özüňi ynamly duýmaga kömek edýän, gylyk-häsiýeti we maksady seniňkä gabat gelýän adam bolmaly (Gelip çykyş 2:18; Matta 19:4—6).

Içki dünýäsine seret

 Halaşýanyňy hemme taraplaýyn tanamaga çalyş. Ýöne seresap bol! Sebäbi sen diňe görmek isleýän zadyňa seretmegiň mümkin. Şonuň üçin howlukma. Onuň içki dünýäsiniň nähilidigini biljek bol.

 Adatça, ýaşlaryň köpüsi halaşýan döwri bir-birini tanamaga ýüzleý seredýärler. Olar garaýşynyň diňe gabat gelýän taraplaryna üns berip: «Biziň ikimiz hem şol bir aýdym-sazy gowy görýäris», «Ikimiziň hem halaýan zatlarymyz gabat gelýär», «Ähli zatda ylalaşýarys!» diýýärler. Emma ýüzleý seretmek bilen çäklenmeli däl. Adamyň içki dünýäsini bilmek has wajypdyr (1 Petrus 3:4; Efesliler 3:16). Garaýşyňyzyň diňe gabat gelýän taraplaryna seretmegiň deregine, gowusy, bir-biriňiz bilen ylalaşmadyk ýagdaýyňyzda näme edýändigiňize üns beriň.

 Aşakda getirilen ýagdaýlara seret:

  •   Halaşýanyň bilen pikiriň gabat gelmedik ýagdaýynda, ol özüni nähili alyp barýar? Ol özdiýenlilik edip, «gahar-gazaba» ýol berip, «gelşiksiz sözleri» aýdýarmy? (Galatýalylar 5:19, 20; Koloslylar 3:8). Ýa-da pikiriňiz azaşanda, paýhasly hereket edip, parahatlygy saklamak üçin eglişik edýärmi? (Ýakup 3:17).

  •   Öz pikirini ýöretmek üçin başgalara täsir edýärmi, gabanjaňmy? Her bir basýan ädimiňi yzarlap ýöreýärmi? Nikol atly gyz şeýle diýýär: «Käbir oglan-gyzlar halaşýanyna nirede we näme edip ýörendigi barada hasabat bermegi unutsalar, soňunda tersleşýärler. Meniň pikirimçe, bu gowulygyň alamaty däl» (1 Korinfliler 13:4).

  •   Halaşýanyň barada başgalar nähili pikirde? Sen onuň nähilidigi barada öňden bäri tanaýan birinden, meselem, ýygnakdaky uly ýaşly dogan-uýadan sorap bilersiň. Bu saňa onuň nähili abraýynyň bardygyny bilmäge kömek eder (Resullaryň işleri 16:1, 2).