Esasy materiala geçiň

ÝAŞLARYŇ SOWALLARY

Sögünç sözleri aýtmak erbet zatmy?

Sögünç sözleri aýtmak erbet zatmy?

«Men hemişe sögünç sözleri eşidip ýöremsoň, gulagym öwrenişip gitdi. Oňa erbet zatdyr öýtmeýärdim» (Kadyr, 17 ýaşly).

«Kiçi wagtym iki sözümiň biri sögünçdi. Sähel bir zat bolsa, sögünesim gelip durýardy. Soňabaka ony taşlamak gaty kyn boldy» (Reýhan, 19 ýaşly).

 Özüňi barla

  •   Sögünç sözleri eşideniňde nähili bolýarsyň?

    •  Öwrenişip gidipdirin, men-ä ünsem beremok.

    •  Sögünseler halamok, ýöne sesimem çykaramok.

    •  Ýek ýigrendigim sögünmek.

  •   Sen sögünýärsiňmi?

    •  Hiç haçan

    •  Käwagt

    •  Köplenç

  •   Seniň pikiriňçe, sögünmän geplemek wajypmy?

    •  Wajyp däl

    •  Wajyp

 Näme üçin wajyp?

 Seniň pikiriňçe, sögünmän geplemek wajypmy? Käbir adamlar: «Aýdylýan her bir söze üns berip oturmak nämä gerek, şonsuzam gaýgy-alada ýetik. Soňam, häzir sögünmeýän adam barmy?!» diýýärler. Senem şeýle pikir edýärsiňmi?

 Belki, saňa ynanmak kyndyr, ýöne sögünmeýän adamlar gaty köp. Olar sögünç sözleriň nähili erbetdigine düşünýärler.

  •  Aýdýan sözünden adamy tanap bolýar. Adamyň aýdýan sözünden onuň ýüreginde nämäniň bardygyny bilip bolýar. Sögünip gepleýän adamlar ýanyndakylar hakda oýlanmaýandygyny görkezýär. Sen, dogrudanam, şeýle adammy?

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Adamyň agzyndan çykýan söz, aslynda, ýüreginden çykýar» (Matta 15:18).

    Ýaşlar sögünýän oglanyň ýanynda durasy gelmeýär. Sögünç söz daş-töweregi zäherleýär. Sögünip özüňi we başgalary zäherlemek nämä gerek?!

  •  Sögünç sözler adamy abraýdan gaçyrýar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Sögünýän adamyň dost-ýarlaram özi ýaly sylaşyksyz bolýar. Maşgala agzalarynyň, işdeşleriniň ýanynda abraýdan gaçýar, hiç kim bilen oňşup bilmeýär, adamlar onuň bilen iş salyşasy gelmeýär. Şeýle adamlara iş tapmak kyn bolýar, tapaýanda-da, ýokary wezipä ýetip bilmeýär. Tanamaýan adamlaram onuň nähilidigini derrew bilýär. Şonuň üçin özüňize şeýle sorag beriň: „Sögünip geplemegimi goýsam, adamlar bilen aram nähili bolar?“» («Cuss Control»).

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Sögünç sözleri... aýryň» (Efesliler 4:31).

  •  Sögüneniň bilen abraýly görnerin öýtme. Aleks Paker atly adam kitabynda şeýle ýazýar: «Sögünýän adamlaryň ýanynda uzak oturasyň gelmeýär. Olaryň kellesi sögünç sözlerden doly bolansoň, aýdýan sözleriniň başgalaryň garaýşyna, duýgularyna nähili täsir etjekdigi hakda pikirlenip bilmeýär. Eger senem pikirlenmän gödek, göwne degiji sözleri aýdýan bolsaň, onda aňyň şol zatlardan doludyr» («How Rude!»).

     Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Agzyňyzdan göwne degiji söz çykmasyn» (Efesliler 4:29).

 Näme edip bilersiň?

  •  Maksat goý. Birki hepdäniň ýa-da bir aýyň dowamynda sögünmezligi maksat goý. Her gezek maksadyňa ýeteniňde bellik et. Maksadyňa ýetmäge indiki ädimler kömek eder:

  •  Aňyňa erbet täsir edýän zatlardan gaça dur. Mukaddes Kitapda: «Erbetler bilen gatnaşmak gowy endikleri bozýandyr» diýilýär (1 Korinfliler 15:33, çykgyt). «Gatnaşmak» diýen söz diňe adamlara däl-de, görýän filmlerimize, diňleýän aýdymlarymyza, oýnaýan oýunlarymyza hem degişli. 17 ýaşly Kerem şeýle diýýär: «Diňläp oturan aýdymyňa hiňleneniňi duýman galýarsyň. Aýdymyň sazy şeýle bir göwnüňe ýaraýar welin, içinde hapa sözleriň bardygyny bilseňem, diňläsiň gelip durýar».

  •  Özüňi uly adam ýaly alyp bar. Käbirleri akylly-başly görünjek bolup, sögünip gepleýär. Aslynda, sögünmän gepleýän adamlar akylly, paýhasly bolýar. Mukaddes Kitapda akylly-paýhasly adamlaryň «aň-düşünjesiniň ýagşy bilen ýamanyň tapawudyny bilmäge öwrenişendigi» aýdylýar (Ýewreýler 5:14). Olar adamlara görünjek bolup, halamaýan, hiç haçan etmeýän zadyny etmeýär.

 Dogrudanam, sögünç sözler adamyň aňyny erbet pikirlerden doldurýar. Şonsuzam, dünýäde aňyňy zaýalaýan hapa zatlar gaty köp. Ýokarda agzalan kitapda şeýle maslahat berilýär: «Hapa sözleri aýdyp, sen bir daş-töweregiňi hapalama. Gaýtam aýdýan sözleriň bilen adamlaryň göwnüni galkyndyr. Şonda özüňem begenersiň, ýanyňdaky adamlary hem ruhlandyrarsyň» («Cuss Control»).