Rimliler 15:1—33

  • Mesih ýaly, biri⁠-⁠biriňizi kabul ediň (1—13)

  • Pawlus başga halklara wagyz edýär (14—21)

  • Pawlus Rime barmak isleýär (22—33)

15  Biz imany güýçlüler, diňe öz göwnümizden turjak bolmaly däl-de+, ejizleriň ejizliklerini götermeli+.  Goý, her kes ýakynyna peýdaly zatlary etsin hem-de ýagşy işleri bilen ruhlandyrsyn+.  «Saňa dil ýetirýänler meni-de kemsitdiler»+ diýip ýazylyşy ýaly, Mesih hem öz göwnünden turjak bolmady+.  Öňki ýazylan zatlar hem öwüt-nesihat bermek üçin ýazyldy+. Olar umyt berýär+, çydamly bolmaga kömek edýär+ we göwünlik berýär.  Goý, çydamly edýän we teselli berýän Hudaý size Isa Mesih ýaly pikirlenmäge ýardam etsin.  Şonda siz Halypamyz Isa Mesihiň Atasy bolan Hudaýy agzybirlikde+ şöhratlandyrarsyňyz.  Mesihiň sizi kabul edişi ýaly+, siz hem bir-biriňizi kabul ediň+. Şonda Hudaýy şöhratlandyrarsyňyz.  Men size diýýärin, Mesih sünnetlilere+ hyzmat edip, Hudaýyň dogruçyldygyny we ata-babalaryna beren wadalarynyň+ ýerine ýetjekdigini görkezdi.  Şeýlelikde, başga halklar rehimdar Hudaýy şöhratlandyrarlar+. Sebäbi: «Men seni halklaryň arasynda şöhratlandyraryn we seniň adyňy taryplap, aýdym aýdaryn» diýip ýazylandyr+. 10  Şeýle-de: «Eý milletler, Hudaýyň halky bilen şatlanyň!» diýilýär+. 11  Başga bir ýerde: «Eý halklar, Ýehowa* alkyş aýdyň! Goý, ähli halklar ony şöhratlandyrsyn!» diýilýär+. 12  Işaýa pygamber hem: «Ýessäniň kökünden biri geler+, ol milletlere ýolbaşçylyk eder+. Halklar onuň adyna umyt baglarlar» diýýär+. 13  Umyt berýän Hudaýa bil baglaň, ol size çäksiz şatlyk we parahatlyk berer. Şonda mukaddes ruhuň güýji bilen umydyňyz has-da berkär*+. 14  Doganlarym, siz gowulyk* etmäge taýyn, bilimiňiz bar we öwüt-ündew* berip bilýärsiňiz. 15  Emma Hudaýyň ýagşylygy bilen başga zatlary hem ýatlatmak üçin käbir pikirleri has açyk-aýdyň ýazdym. 16  Men başga halklara hoş habary wagyz etmek üçin Isa Mesihiň gullukçysy boldum+. Hudaý olary kabul eder ýaly, men mukaddes işi ýerine ýetirýärin+. Başga halklar gurbanlyk kimin mukaddes ruh arkaly mukaddes edilendir. 17  Men Isa Mesihiň şägirdidigime we Hudaýyň işini berjaý edýändigime begenýärin. 18  Men öz eden işlerim hakda däl, Mesihiň men arkaly aýdan sözlerini we eden işlerini aýdyp, başga halklary oňa gulak asmaga çagyrýaryn. 19  Olar Hudaýyň mukaddes ruhunyň güýji bilen edilen alamatlary we gudratlary+ görüp gulak asdylar. Şeýdip, men Iýerusalimden tä Illiriýa çenli Mesih baradaky hoş habary doly wagyz etdim+. 20  Men başga biriniň başlan işine goşulmazlyk üçin, Mesih barada eşidenlere hoş habary wagyz etmezligi ýüregime düwdüm. 21  Sebäbi: «Ol hakda bilmedikler görerler, eşitmedikler düşünerler» diýip ýazylandyr+. 22  Ine şeýle sebäplere görä-de, men siziň ýanyňyza köp wagtdan bäri baryp bilmedim. 23  Meniň häzir wagyz edýän ýerimde aýak basmadyk ýerim galmady. Men ýanyňyza köp* ýyldan bäri barmakçy boldum. 24  Şonuň üçin Ispaniýa barýarkam, siziň bilen görşüp, biraz wagt ýanyňyzda bolaryn. Soňra meni Ispaniýa ugradarsyňyz. 25  Indi bolsa Iýerusalimdäki mukaddeslere hyzmat etmäge gitmekçi bolýaryn+. 26  Sebäbi Makedoniýada we Ahaýýada ýaşaýan doganlar Iýerusalimdäki mätäçlik çekýän mukaddeslere sadaka iberdiler+. 27  Şol doganlar Iýerusalimdäkilere kömek etmäge borçly bolsalar-da, höwes bilen sadaka berýärler. Sebäbi Iýerusalimdäki doganlar Hudaýyň ruhy bereketlerini başga halklar bilen paýlaşdylar. Başga halklar hem elinde bar zatlary bilen paýlaşmaga borçludyrlar+. 28  Men sadakalary* eltip berenimden soň, Ispaniýa barýarkam, size sowlup geçerin. 29  Men ýanyňyza baranymda Mesihden alan bol bereketlerimi siziň bilen paýlaşaryn. 30  Doganlar, men Halypamyz Isa Mesih we mukaddes ruhuň berýän söýgüsi arkaly ýalbarýaryn: meniň bilen bilelikde we meniň üçin Hudaýa doga ediň+. 31  Ýahudada Mesihe iman etmeýänleriň elinden halas bolmagym üçin doga ediň+. Iýerusalimdäki Hudaýyň halkyna gowy hyzmat etmegim üçin hem dileg ediň+. 32  Eger Hudaý islese, ýanyňyza şatlyk bilen bararyn. Şonda biri-birimizi ruhlandyrarys. 33  Parahatlyk berýän Hudaý siziň bilen bolsun!+ Omyn!

Çykgytlar

Ýa-da: püre-pür bolar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: görkezme.
Başga manysy: birnäçe.
Sözme-söz: miwäni.