Birinji Petrus 5:1—14

  • Hudaýyň sürüsini bakyň (1—4)

  • Pesgöwünli we hüşgär boluň (5—11)

    • Gaýgy⁠-⁠aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň (7)

    • Iblis arlaýjy arslan kimindir (8)

  • Jemleýji sözler (12—14)

5  Şeýlelikde, men Mesihiň gören görgüleriniň şaýady, onuň äşgär bolmaly şöhratynyň+ şärigi we ýaşuly hökmünde siziň araňyzdaky ýaşululara ýüzlenýärin*.  Size ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň+. Hudaýyň öňünde mejburlyk bilen däl⁠-⁠de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň*+; öz bähbidiňizi gözlemäň⁠-⁠de+, höwes bilen gulluk ediň.  Hudaýyň mülküniň üstünden agalyk etmän+, gaýtam sürä görelde boluň+.  Şonda baş çopan äşgär bolanda+, solmajak şöhratly täji alarsyňyz+.  Ýaşlar, siz hem ululara* tabyn boluň+. Ýöne hemmäňiz pesgöwünli boluň*, sebäbi Hudaý tekepbirlere garşy çykýar, pesgöwünlilere bolsa ýagşylyk edýär+.  Şonuň üçin Hudaýyň güýçli gollarynyň astynda pesgöwünli boluň, ol hem sizi öz wagtynda beýgelder+.  Gaýgy⁠-⁠aladaňyzy Hudaýyň üstüne atyň+, sebäbi ol siziň aladaňyzy edýär+.  Hüşgär boluň, hemişe sagdyn pikirleniň+. Duşmanyňyz Iblis arlaýjy arslan kimin aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir*+.  Şonuň üçin Iblise garşy duruň+, imanda berk boluň, sebäbi bütin dünýädäki doganlaryňyz* hem şeýle kynçylyklary başdan geçirýär+. 10  Hudaý sizi Mesih arkaly ebedi şöhratyna çagyrdy+. Biraz wagt azap çekseňiz⁠-⁠de, ýagşylyga baý Hudaý size doly tälim berer, berkider+, güýç berer+ we çydamly eder. 11  Goý, güýç⁠-⁠kuwwat ebedilik onuňky bolsun! Omyn! 12  Men wepaly dogan Silwanus*+ arkaly gysgajyk hat ýazyp, sizi ruhlandyrmak üçin Hudaýyň ýagşylygy hakda höwes bilen gürrüň berýärin. 13  Siziň ýaly saýlananlaryň biri, ýagny Wawilondaky aýal hem⁠-⁠de oglum Markus+ salam aýdýar. 14  Biri⁠-⁠biriňiz bilen mähirli* salamlaşyň. Mesihiň şägirtleriniň ählisine parahatlyk bolsun!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: maslahat berýärin.
Ýa⁠-⁠da: ünsli aladasyny ediň.
Ýa⁠-⁠da: ýygnak ýaşululara.
Sözme⁠-⁠söz: pesgöwünliligi geýiň.
Ýa⁠-⁠da: ýuwutmaga adam gözleýär.
Sözme⁠-⁠söz: doganlyk.
Ýagny Silas.
Sözme⁠-⁠söz: posalar bilen.