Zebur 46:1—11

  • Hudaý penamyz

    • Hudaýyň täsin işleri (8)

    • Hudaý ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadýar (9)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Karun ogullarynyň+ aýdymy. Alamut*. 46  Hudaý güýjümiz hem penamyz+,Agyr günde dadymyza ýetişer+.   Ýer titrese⁠-⁠de, daglar deňze çökse⁠-⁠de,Biz howsala düşmeris+.   Deňiz möwç urup, tolkun atsa⁠-⁠da+,Deňziň güýjünden daglar titrese⁠-⁠de, biz gorkmarys. (Sela)   Derýanyň şahalary Hudaýyň şäherini+,Allatagalanyň* beýik, mukaddes çadyryny begendirýär.   Hudaý şäherindedir+, şäher ýok edilmez, Daň bilen Hudaý dadyna ýetişer+.   Halklar howsala düşdi, patyşalyklar weýran boldy,Allanyň batly sesinden ýer titredi+.   Serkerdebaşy Ýehowa biziň bilendir+,Ýakubyň Hudaýy penakärimizdir. (Sela)   Geliň, görüň! Ýehowanyň eden işlerini,Ýer ýüzünde amala aşyran täsin zatlaryny görüň.   Ol ýeriň dört künjeginde uruşlary togtadýar+, Ýaýlary döwüp, naýzalary çapýar,Söweş arabalaryny* oda atýar. 10  «Boýun egiň, meniň Hudaýdygymy biliň, Men halklaryň arasynda beýgelerin+,Älem⁠-⁠jahanda şöhratlanaryn»+. 11  Serkerdebaşy Ýehowa biziň bilendir+,Ýakubyň Hudaýy penakärimizdir+. (Sela)

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: galkanlaryny.