Zebur 41:1—13

  • Keselläp ýatan adamyň dogasy

    • Hudaý syrkaw adamyň aladasyny edýär (3)

    • Ýakyn dostum arkamdan pyçak sokdy (9)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. Dawudyň aýdymy. 41  Ejizleri goldaýan adam bagtlydyr+.Ýehowa kyn gününde ýardam eder.   Ýehowa onuň janyny sag, başyny aman saklar, Adamlar oňa bagtly diýerler+.Hudaý ony duşmanyň eline bermez+.   Syrkawlanda Ýehowa goldar+,Keselläp ýatanda aladasyny eder*.   Men: «Eý Ýehowa, maňa rehim et!+ Saňa garşy günä etdim+, derdime derman eýle» diýdim+.   Duşmanlar maňa gargap: «Ol haçan öler? Ady haçan ýitip gider?» diýýärler.   Olardan biri ýaranjaňlyk edip, Halymy soramaga gelýär.Gep⁠-⁠gybat toplaýar, ulus⁠-⁠ile jar edýär.   Bir⁠-⁠birine pyşyrdaşyp,Maňa ýamanlyk diläp diýýärler:   «Başyna elhenç bela indi,Agyr ýatyr, ol indi aýaga galmaz»+.   Ýakyn dostum, ynamdar dostum+,Bile çörek iýenim arkamdan pyçak sokdy*+. 10  Eý Ýehowa, maňa rehim et!Meni aýaga galdyr, olaryň başyny owradaýyn. 11  Duşmanlarym ýeňiş gazanyp, heşelle kakmasyn, Şonda menden razydygyňy bilerin+. 12  Wepaly* bolanym üçin, meni goldarsyň+,Huzuryňda ebedilik duraryn+. 13  Ýehowa şöhrat bolsun!Ysraýyl Hudaýyna ebedilik alkyş bolsun!+ Omyn, omyn!

Çykgytlar

Sözme-söz: düşegini bütinleý çalşyrar.
Sözme-söz: maňa garşy ökjesini galdyrdy.
Ýa-da: Aýypsyz.