Zebur 37:1—40

  • Ýehowa bil baglaýanlar döwran sürer

    • Zalymlar üçin janyňy ýakma (1)

    • «Ýehowanyň işlerine ýürekden şatlan» (4)

    • «Goý, Ýehowa saňa ýol görkezsin» (5)

    • «Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar» (11)

    • Dogruçyl adam çöreksiz galmaz (25)

    • Dogruçyl adam ebedi ýaşar (29)

Dawudyň aýdymy. א [Elip] 37  Zalym adamlar üçin janyňy ýakma,Günä edýän adamlara göriplik etme+.   Olar ot kimin tiz gurar+,Gök maýsa kimin solar. ב [Bet]   Ýehowa bil bagla, ýagşy işleri et+,Wepaly bolup, uzak ömür sür+.   Ýehowanyň işlerine ýürekden şatlan,Ol seni arzuwyňa ýetirer. ג [Gimel]   Goý, Ýehowa saňa ýol görkezsin+,Hudaýa bil bagla, ol saňa ýardam eder+.   Şonda dogruçyllygyň daň şapagy kimin,Adalatyň Gün kimin şöhle saçar. ד [Dal]   Ýehowanyň huzurynda ümsüm bol+,Sabyrly garaş. Erbet adamyň işi oňuna bolanda,Janyňy ýakma+. ה [He]   Gahar⁠-⁠gazaba münme+,Ruhdan düşüp, egri ýola sowulma*.   Sebäbi zalymlar ýok ediler+,Ýehowa umyt baglaýanlar ýeri miras alar+. ו [Waw] 10  Ýene biraz wagtdan erbet ýok bolar+.Onuň ýerine seredersiň, emma ol ýokdur+. 11  Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar+,Parahatlykda ýaşap, döwran sürer+. ז [Zaýn] 12  Erbet adam dogruçyla duzak gurýar+,Oňa dişini gyjaýar. 13  Emma Ýehowa zalymyň üstünden gülýär,Onuň heläk boljak gününi bilýär+. ח [Het] 14  Erbet adam ýaýyny çekip, gylyjyny gynyndan çykarýar,Pukaranyň, ezileniň janyny alyp,Dogruçylyň başyny kesmek isleýär. 15  Emma gylyjy öz gursagyna sanjylar+,Ýaýy bölek⁠-⁠bölek ediler. ט [Tet] 16  Dogruçylyň sanlyja maly,Erbetleriň mal⁠-⁠mülkünden gowudyr+. 17  Erbetleriň goly döwler,Ýehowa dogruçyllara hemaýat eder. י [Ýod] 18  Ýehowa bigünäleriň çekýän derdini bilýär.Olaryň mirasy nesilden⁠-⁠nesle geçýär+. 19  Olar heläkçilik döwri utanja galmaz,Açlyk döwri saçaklary doly bolar. כ [Käp] 20  Erbetler ýok bolar+,Ýehowanyň duşmanlary guran öri meýdan ýaly bolar.Olar tüsse kimin gaýyp bolar. ל [Lam] 21  Erbet adam karz alar, yzyna bermez,Dogruçyl bolsa jomartdyr, hiç gysganmaz+. 22  Hudaýyň ýalkan adamy ýeri miras alar,Allanyň gargan adamy ýok bolar+. מ [Mim] 23  Ýehowa ynsanyň ýöreýän ýolundan razy bolsa+,Onuň ädimlerini ugrukdyrar+. 24  Ol büdrese⁠-⁠de, ýykylmaz+,Sebäbi Ýehowa elinden tutar+. נ [Nun] 25  Men ýaş ýigitdim, indi garradym,Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni+,Zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni+. 26  Ol jomartlyk bilen berýär+,Çagalary⁠-⁠da bereket alýar. ס [Sameh] 27  Ýamandan gaça dur, ýagşylyk et+,Ýer ýüzünde ebedi ýaşa. 28  Ýehowa adalaty söýýär,Wepaly gullaryny taşlamaýar+. ע [Aýn] Olary hemişe goraýar+,Erbediň bolsa tohum⁠-⁠tijini gyrýar+. 29  Dogruçyl adam ýeri miras alar+,Onda ebedi ýaşar+. פ [Pe] 30  Dogruçylyň agzyndan paýhasly sözler çykýar,Adalaty dilinden düşürmeýär+. 31  Allanyň kanuny hakda oýlanýar+,Aýagy taýmaýar+. צ [Sad] 32  Erbet adam dogruçyldan gözüni aýyrman,Janyny almagyň ýoluny agtarýar. 33  Ýehowa dogruçyly zalymyň eline bermez+,Kazyýetde dogruçylyň günäsi tapylmaz+. ק [Kap] 34  Ýehowa umyt bagla, onuň ýolundan ýöre,Ol seni beýgelder, ýeri miras alarsyň, Erbetleriň ýok edilişini+ gözüň bilen görersiň+. ר [Reş] 35  Men zalym we rehimsiz adamy gördüm,Ol mes toprakda gülläp ösýän agaja meňzeýärdi+. 36  Emma ol duýdansyz ýok boldy+,Men ony agtardym, ýöne tapmadym+. ש [Şin] 37  Ýazyksyz adama üns ber,Gözüň dogruçyl adamda+ bolsun,Sebäbi ol parahat ömür sürer+. 38  Günäkärler bolsa ýok ediler,Erbetler kesilip taşlanar+. ת [Taw] 39  Dogruçyly Ýehowa halas eder+,Agyr gününde gala kimin gorar+. 40  Ýehowa dogruçyly halas eder+. Erbet adamyň elinden alyp galar,Sebäbi ol Hudaýy pena edinýär+.

Çykgytlar

Başga manysy: Ruhdan düşme, ýogsam zyýan çekersiň.