Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

A1

Mukaddes Kitabyň terjime edilişi

Mukaddes Kitabyň asyl nusgasy ýewreý, arameý we grek dillerinde ýazyldy. Şu günler Mukaddes Kitap tutuşlygyna ýa-da käbir kitaplary 3 000-den gowrak dile terjime edildi. Adamlaryň köpüsi ene dilindäki terjimäni okamaly bolýarlar, sebäbi olar ýewreý, arameý ýa-da grek diline düşünmeýärler. Mukaddes Kitaby terjime etmek üçin haýsy düzgünlere eýermeli? «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» aşakdaky düzgünlere görä terjime edildi.

Käbirleriniň aýtmagyna görä, asyl nusgadaky pikire gowy düşünmek üçin sözme-söz we setirme-setir terjime etmeli. Aslynda, beýle däl. Geliň, munuň birnäçe sebäbine seredeliň:

  •   Hiç bir diliň grammatikasy, sözleri we sözlemleriniň gurluşy meňzeş bolmaýar. Ýewreý dilini öwrenýän alym S. R. Draýwer şeýle diýýär: «Dilleriň grammatikasy, sözleri bir-birinden tapawutlanýar... halklaryň pikirlenişi deň bolmaýar». Her halk pikirini dürli-dürli beýan edýär. Alym Draýwer sözüni şeýle dowam edýär: «Diýmek, bir dilden beýleki dile terjime edeniňde sözlemiň gurluşy hem üýtgeýär».

  •   Häzirki zaman dilleriň grammatikasy, sözleri gadymy ýewreý, arameý we grek dillerine meňzemeýär. Şol sebäpli Mukaddes Kitap sözme-söz terjime edilse, düşnüksiz bolar, hatda ýalňyş pikiri hem berip biler.

  •   Sözüň we jümläniň manysy gürrüň edilýän waka görä üýtgäp bilýär.

Terjimeçi käbir ýagdaýlarda asyl nusgadaky pikiri sözme-söz terjime edip biler, ýöne seresap bolmaly.

Aşakdaky mysallar sözme-söz terjimäniň nädogry pikiri berip bilýändigini görkezýär:

  •   Asyl nusgada «uklamak» we «uka gitmek» diýen sözler uklap ýatmagy ýa-da ölmegi aňladýar (Matta 28:13; Resullar 7:60). Eger ölüm hakda gürrüň edilýän bolsa, onda şol sözler «ölüm ukusy» diýip terjime edilse, okyja düşnükli bolýar (Zebur 76:5, 6; 1 Korinfliler 15:51; 1 Selanikliler 4:13).

  •   Pawlus resul Efesliler 4:14-de adamlaryň hilegärligi barada aýdanda «aşyk oýnamak» diýen jümläni ulanýar, sebäbi gadymy döwürde aşyk oýnanlarynda hilegärlik bilen biri-birini utjak bolýardylar. Şol jümle sözme-söz terjime edilse, köp dillerde düşnüksiz bolýar. Eger «adamlaryň hilesi» diýip terjime edilse, manysy dogry berler.

  •   Rimliler 12:11-de ulanylan grek jümlesi «ruhuň gaýnamagy» diýmegi aňladýar. Şol jümle türkmen dilinde sözme-söz terjime edilse, asyl nusgadaky manysyny bermeýär. Şonuň üçin «mukaddes ruhuň kömegi bilen yhlasly boluň» diýip terjime edildi.

  • MATTA 5:3

    Sözme-söz: «ruhy garyplar»

    Manysy: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar»

      Isanyň Dagdaky wagzynda ulanan jümlesi köplenç «ruhy garyplar bagtlydyr» diýip terjime edilýär (Matta 5:3, «Mukaddes Kitap Terjime Instituty», Moskwa, 2015). Şu jümle köp dillerde sözme-söz terjime edilse, manysy düşnüksiz bolardy. Hatda käbir dillerde «ruhy garyplar» diýip terjime etseň, kemakyl, gowşak ýa-da özüni oňarmaýan adam diýmegi aňladýar. Emma Isa bagtly bolmak üçin Hudaýy tanamagyň wajypdygyny aýtjak boldy (Luka 6:20). Asyl nusgadaky pikir has düşnükli we dogry bolar ýaly, türkmen dilinde «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» diýip terjime edildi (Matta 5:3).

  •   «Gabanjaňlyk» ýa-da «göriplik» diýip terjime edilen ýewreý sözüniň manysy türkmen dilinde-de ýakyn adamyň biwepalygyna gaharlanmagy ýa-da biriniň zadyna göz gyzdyrmagy aňladýar (Nakyllar 6:34; Işaýa 11:13). Emma ýewreý sözüniň başga-da manylary bar. Meselem, şol söz Ýehowanyň gullaryny «höwes bilen goramagyny» ýa-da «ýürekden wepaly bolmagy talap etmegini» aňladýar (2 Musa 34:14; 2 Patyşalar 19:31; Hyzkyl 5:13; Ýowel 2:18). Ýewreý sözüniň Hudaýa «yhlasly» sežde etmek, «biwepalyga göz ýummazlyk» diýen manylary hem bar (Zebur 69:9; 119:139; 4 Musa 25:11).

  • «Ýadh» diýen ýewreý sözi «el» diýmegi aňladýar, ýöne gürrüň edilýän waka görä «hökümdarlyk», «jomartlyk» ýa-da «ygtyýar» diýip terjime edilýär

      «El» ýa-da «gol» diýip terjime edilen ýewreý sözüniň köp manysy bar. Şol söz gürrüň edilýän waka görä «hökümdarlyk», «jomartlyk» ýa-da «ygtyýar» diýmegi aňladyp biler (2 Şamuwel 8:3; 1 Patyşalar 10:13; Nakyllar 18:21). Türkmen dilinde şol söz dürli-dürli sözler bilen terjime edildi.

Ýokarda agzalan ýagdaýlary göz öňünde tutsak, Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyndaky sözi hemişe şol bir söz bilen terjime edip bolmaýar. Terjimeçi asyl nusgadaky pikire gabat gelýän sözleri tapmak üçin jan etmeli. Şeýle-de aňsat okalar ýaly, diliň grammatikasyna görä sözlem düzmeli.

Onsoňam, erkin terjime etmekden gaça durmaly. Eger terjimeçi öz düşünjesine daýanyp erkin terjime etse, Mukaddes Kitabyň manysy ýoýlar. Nädip? Terjimeçi asyl nusgadaky pikiri ýoýmagy, düşünişine görä ýazmagy ýa-da wajyp pikiri aýyrmagy mümkin. Erkin terjimäni okamak aňsat bolsa-da, käte şeýle terjime sebäpli tekstiň manysy dogry berilmeýär.

Terjimeçiniň dini ynançlary terjimä täsir edip biler. Meselem, Matta 7:13-de «heläkçilige eltýän ýol inli» diýilýär. «Dowzah odunyň» bardygyna ynanýan käbir terjimeçiler grekçe «heläkçilik» sözüni «dowzah» diýip terjime edýärler.

Terjimeçi Mukaddes Kitabyň asyl nusgasynyň sada adamlara, daýhanlara, çopanlara we balykçylara düşnükli dilde ýazylandygyny unutmaly däl (Nehemýa 8:8, 12; Resullar 4:13). Ökde terjimeçi Mukaddes Kitabyň dürli medeniýetli adamlara düşnükli bolmagyny we ýüregine täsir etmegini isleýär. Terjimeçi sada adamlara nätanyş sözleri däl-de, köpçülige düşnükli we ýönekeý sözleri ulanýar.

Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalarynda Hudaýyň adyna köp duş gelse bolýar. Emma terjimeçileriň köpüsi Hudaýyň «Ýehowa» adyny hiç hili esassyz aýyrýarlar (Goşmaça maglumata serediň: A4). Käbir terjimeçiler Hudaýyň adynyň ýerine «Reb» diýip ýazýarlar, käbirleri bolsa Hudaýyň adyny gizleýärler. Meselem, käbir terjimeçiler Isanyň doga-dilegini şeýle terjime edýärler: «Men seni olara tanatdym» (Ýahýa 17:26); «maňa beren adamlaryňa seni aýan etdim» (Ýahýa 17:6). Emma Isanyň aýdan sözleriniň anyk we dogry terjimesi şeýle bolmaly: «Men olara adyňy tanatdym» we «maňa beren adamlaryňa adyňy tanatdym».

«Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň» iňlis dilinde çykan ilkinji neşiriniň sözbaşynda şeýle diýlipdi: «Biz Mukaddes Kitaby erkin däl-de, mümkin boldugyndan sözme-söz terjime etdik. Eger sözme-söz terjime edeniňde iňlis dilinde asyl nusgadaky pikiri berip bolmasa ýa-da habar ýoýulsa, manysyny bermäge çalyşdyk». Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesiniň komiteti mümkin boldugyndan sözme-söz terjime etmegi, şol bir wagtyň özünde, manysyny ýoýýan we ýalňyş pikiri berýän sözlerden gaça durmagy maksat edindi. Netijede, Mukaddes Kitaby okamak aňsat bolýar, okyjy hem Hudaýyň ylhamly sözüniň dogry terjime edilendigine ynamly bolup bilýär (1 Selanikliler 2:13).