Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

17-NJI SORAG

Mukaddes Kitap maşgalany nädip agzybir edýär?

ÄRLER WE ATALAR

«Är hem aýalyny öz bedenini söýşi ýaly söýmelidir. Aýalyny söýýän adam özüni söýýändir. Hiç bir adam bedenini ýigrenýän däldir, gaýtam naharlanyp, bedeniniň aladasyny edýändir... Şonuň üçin her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň».

Efesliler 5:28, 29, 33

«Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň, gaýtam olary Ýehowanyň terbiýesi we öwüt-ündewi bilen ulaldyň».

Efesliler 6:4

AÝALLAR

«Aýal hem ärine çuňňur hormat goýsun».

Efesliler 5:33

«Aýallar, äriňize tabyn boluň! Halypamyzyň şägirtlerine tabynlyk ýaraşýandyr».

Koloslylar 3:18

ÇAGALAR

«Çagalar, Hudaýyň isleýşi ýaly ene-ataňyza gulak asyň, sebäbi şeýle etmek dogrudyr. „Ene-ataňyza hormat goýuň“ diýen ilkinji tabşyryk şu wada bilen baglydyr: „Şonda siz gowy günler görüp, uzak ýaşarsyňyz“».

Efesliler 6:1—3

«Çagalar, ene-ataňyza hemişe gulak asyň, sebäbi muny Halypamyz halaýandyr».

Koloslylar 3:20