Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ON BIRINJI BAP

Ol oýa bolup garaşdy

Ol oýa bolup garaşdy

1, 2. Ylýas pygamber nähili kyn tabşyrygy berjaý etmelidi we ol Ahap patyşadan nämede tapawutlanýardy?

YLÝAS PYGAMBER ýeke galyp, gökdäki Atasy Ýehowa doga edesi gelýärdi. Emma adamlaryň köpüsi onuň asmandan ot ýagdyrandygyny görüp, hakyky pygamberdigine göz ýetirensoň, ak pata alasy gelýärdi. Ylýas pygamber Ýehowa Hudaýa doga etmek üçin, Karmel dagynyň depesine çykmazdan öň, bir kyn tabşyrygy ýerine ýetirmelidi. Ol Ahap patyşa bilen gürleşmelidi.

2 Ahap patyşa Ylýas pygamberden düýbünden tapawutlanýardy. Ol geýinmegi gowy görýän, açgöz we başgalaryň täsirine düşüp, erbet işleri edýän adamdy. Ylýas bolsa, pygamberleriň ýönekeý eşigini geýýärdi. Ol düýäniň ýa-da geçiniň derisinden tikilen bolmaly. Ylýas pygamber örän batyrgaý, wepaly we imany berk adamdy. Şol gün agşam bu iki adamyň bir-birinden tapawutlanýandygy belli boldy.

3, 4. a) Ahap patyşa we Bagala sežde edýän adamlar üçin şol gün näme üçin erbet boldy? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 Şol gün Ahap patyşa we Bagala sežde edýän adamlar üçin erbet gün boldy. Sebäbi Ahap patyşa we onuň aýaly Izebeliň Ysraýylyň on taýpaly patyşalygynda ýaýradan ýalan dini paş edildi. Bagalyň ýokdugy aýan boldy. Bagalyň pygamberleri gygyryp ýalbarsa-da, tans etse-de, hatda özüni gylyç, naýza bilen ýaralasa-da, ol gökden odam ýagdyryp bilmedi. Ol ölüme höküm edilen 450 pygamberini halas edip bilmedi. Bagal taňrysy ýene-de bir zady başarmady. Üç ýarym ýyl dowam edip, ýurda zyýan ýetiren gurakçylyk döwri Bagalyň pygamberleri ýagyş ýagdyrmagy ýalbarsa-da, ol muny edip bilmedi. Ýöne Ýehowa tizden ýagyş ýagdyryp, özüniň hak Hudaýdygyny subut eder (1 Pat. 16:30—17:1; 18:1—40).

4 Ýehowa haçan ýagyş ýagdyrar? Şoňa çenli Ylýas pygamber näme eder? Biz onuň imanyndan näme öwrenip bileris? Gel, bu barada Mukaddes Ýazgylarda näme diýilýändigini bileli (1 Patyşalar 18:41—46-njy aýatlary oka) *.

Ol doga edip garaşdy

5. Ylýas pygamber Ahaba näme diýdi we onuň şol günki wakadan hiç hili sapak edinmändigi nämeden görünýär?

5 Ylýas pygamber Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýdi. Şol günki bolup geçen wakadan zalym patyşa bir zat öwrendimi? Mukaddes Ýazgylarda bu barada anyk aýdylmasa-da, onuň toba edip, Ylýas pygamber arkaly Ýehowanyň merhemetini gazanmak üçin, ötünç sorandygy hem aýdylmaýar. Ahap diňe «iýip-içmäge gitdi» diýilýär (1 Pat. 18:41, 42). Ylýas barada näme diýse bolar?

6, 7. Ylýas pygamber näme barada doga etdi we näme üçin?

6 «Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy». Ahap patyşa garnyny doýurýança, Ylýas pygamber gökdäki Atasy Ýehowa doga edýär. Suratda onuň kiçigöwünlik bilen doga edişine seret. Ol iki bükülip, başyny şeýle aşak egýär welin, onuň ýüzi dyzyna degäýjek bolýar. Ylýas pygamber näme dileýär? Muny çaklamagyň geregi ýok. Sebäbi Ýakup 5:18-de Ylýasyň ýagyş ýagdyrmagy barada doga edendigi aýdylýar. Ol Karmel dagynyň depesinde hem şeýle doga eden bolmaly.

Ylýas pygamberiň dogalary Hudaýyň isleginiň berjaý bolşuny görmek isleýändigini görkezýär

7 Şondan birnäçe wagt öň Ýehowa: «Men ýurda ýagyş ýagdyrjak» diýipdi (1 Pat. 18:1). Şol sebäpli Ylýas pygamber Ýehowanyň niýetiniň ýerine ýetmegi, ýagny ýagşyň ýagmagy barada doga etdi. Müň ýyl geçensoň, Isa Mesih hem şägirtlerine Hudaýyň isleginiň amala aşmagy barada doga etmegi öwredipdi (Mat. 6:9, 10).

8. Ylýas pygamberden doga etmek babatda näme öwrenip bileris?

8 Biz doga etmek babatda Ylýas pygamberiň mysalyndan köp zat öwrenip bileris. Ylýas pygamber, esasanam, Hudaýyň isleginiň berjaý bolmagy barada alada edýärdi. Bizem Hudaýa doga edenimizde, «onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşitjekdigini» ýatdan çykarmaly däl (1 Ýahýa 5:14). Şeýle-de Hudaýyň islegine görä doga etmek üçin, Mukaddes Ýazgylary yzygider okap, öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzda ulanmaly. Ylýas ýagşyň ýagmagyny isleýärdi, sebäbi dogduk mekanynda adamlaryň arasynda onuň halky hem gurakçylykdan ejir çekýärdi. Ýehowa gudrat görkezensoň, ol minnetdarlyk bildirdi. Bizem doga edenimizde, Ýehowa ýürekden minnetdarlyk bildirip, başgalaryň aladasyny ederis (2 Korinfliler 1:11; Filipililer 4:6-njy aýatlary oka).

Ol iman edip, oýa boldy

9. Ylýas pygamber hyzmatkärine näme et diýdi we biz onuň haýsy iki häsiýetini öwreneris?

9 Ylýas pygamber Ýehowanyň ýagyş ýagdyrjakdygyna ynanýardy. Ýöne ony haçan ýagdyrjakdygyny bilmeýärdi. Pygamber şol wagt näme etdi? Mukaddes Ýazgylarda: «Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: „Bar, deňze tarap seret“ diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: „Ol ýerde görünýän zat ýok“ diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy» diýilýär (1 Pat. 18:43). Biz Ylýas pygamberiň göreldesinden azyndan iki zady öwrenip bileris. Birinjiden, ol Ýehowa iman edýärdi, ikinjiden bolsa oýady.

Ylýas pygamber Ýehowanyň edýän işlerine örän ünslüdi

10, 11. a) Ylýas pygamber Ýehowanyň wadasyna iman edýändigini nädip görkezdi? b) Biz näme üçin Ýehowa şeýle iman etmeli?

10 Ylýas pygamber Ýehowanyň wadasyna ynanýandygy üçin, ýagyş ýagmazdan öň, alamat gözledi. Ol gözýetimde buludy görmek üçin hyzmatkärini iberýär. Hyzmatkär yzyna dolanyp: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýýär. Asmanda hiç hili bulut ýokdy, gözýetim hem arassady. Indi bir zada üns ber. Ylýas pygamber Ahap patyşa: «Güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýipdi. Pygamber asmanda buludy görmän, näme üçin şeýle diýdikä?

11 Ylýas pygamber Ýehowanyň näme etjekdigini bilýärdi. Ol Ýehowanyň pygamberi we wekili hökmünde sözüni ýerine ýetirjekdigine ynanýardy. Şol sebäpli ol güýçli ýagşyň sesini eýýäm eşiden ýaly ynamly aýdýar. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Musa pygamber barada hem «görünmezi göreni üçin berk durdy» diýilýär. Senem Hudaýa iman edýärmiň? Bizde-de Ýehowa we onuň wadalaryna iman eder ýaly degerli sebäpler bar (Ýewr. 11:1, 27).

12. Ylýas pygamber oýadygyny nädip görkezdi we ol kiçijik buluda nähili garady?

12 Indi Ylýas pygamberiň nädip oýa bolandygyna seredeli. Ol hyzmatkärini bir ýa-da iki gezek däl-de, ýedi gezek iberýär. Göz öňüne getir, hyzmatkär iki ýana gatnap nähili ýadandyr! Ýöne Ylýas pygamber alamaty gaty göresi gelýärdi, şol sebäpli ol elini sowatmady. Ahyry, hyzmatkär ýedinji gezek baryp gelensoň: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Göz öňüne getir, hyzmatkär elini uzadyp, Ortaýer deňzinden ýokary galýan eliň aýasy ýaly kiçijik buludy görkezýär. Onuň üçin bulut ähmiýetsiz ýaly görnendir. Emma Ylýas pygamber üçin, ol örän wajypdy. Ylýas haýal etmän hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi (1 Pat. 18:44).

13, 14. a) Biz Ylýas pygamberiň oýa bolmagyndan näme öwrenýäris? b) Ýehowa yhlasly gulluk etmäge bizde nähili sebäpler bar?

13 Biz Ylýas pygamberden ýene bir zady öwrenip bileris. Bizem Ýehowanyň tizden niýetini amala aşyrjak döwründe ýaşaýarys. Ylýas ýagşyň ýagmagyna garaşdy. Hudaýyň gullukçylary bolsa, şu günler zalym dünýäniň ýok edilmegine garaşýar (1 Ýahýa 2:17). Bizem Ylýas pygamber ýaly, Ýehowanyň islegi ýerine ýetýänçä, oýa bolmaly. Isa Mesihem şägirtlerine: «Oýa boluň, çünki siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz» diýdi (Mat. 24:42). Isanyň aýdan sözleri şägirtleriniň dünýäniň soňy barada bilmeli däldigini aňladýarmy? Ýok, sebäbi ol soňky günleriň alamatlaryny aýtdy. Biziň ählimiz «ahyrzamanyň alamatlarynyň» ýerine ýetýändigini görýäris (Matta 24:3—7-nji aýatlary oka).

Kiçijik bulut Ylýas pygamberi Ýehowanyň ýagyş ýagdyrjakdygyna ynandyrdy. Soňky günleriň alamatlary hem yhlasly gulluk etmegiň wajypdygyny görkezýär

14 Her bir alamatyň berjaý bolmagy soňky günlerde ýaşaýandygymyzy subut edýär. Bu bizi Ýehowa yhlasly gulluk etmäge höweslendirmeýärmi? Gözýetimde görnen kiçijik bulut Ylýas pygamberi Ýehowanyň ýagyş ýagdyrjakdygyna ynandyrypdy. Ýehowa wepaly pygamberiniň ynamyny ödedimi?

Ýehowa kömek edip, bereket berýär

15, 16. Gysga wagtyň içinde nähili wakalar bolup geçdi we Ylýas pygamber Ahabyň näme etmegine umyt edýärdi?

15 Mukaddes Ýazgylarda: «Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi» diýilýär (1 Pat. 18:45). Bu wakalar örän çalt bolup geçdi. Ylýas pygamberiň hyzmatkäri Ahap patyşa habary ýetirýänçä, gara bulutlar asmany büreýär. Güýçli şemal turup, üç ýarym ýyl gurap ýatan topraga ýagyş ýagyp başlaýar. Ýagyş güýçlenip, Kişon derýasy joşýar we Bagalyň öldürilen pygamberleriniň ganyny ýuwýar. Şonda tekepbir we Ýehowa gulak asmaýan ysraýyllylara topragyny ýalan dinden arassalamaga mümkinçilik berilýär.

«Güýçli ýagyş ýagdy»

16 Elbetde, Ylýas pygamber ysraýyllylar indi Bagala sežde etmez diýip umyt edendir. Ol bolup geçen wakalardan soň, Ahap patyşanyň näme etjekdigi barada oýlanandyr. Ahap patyşa toba edip, nejis Bagal taňrysyndan ýüz öwürermi? Oňa düzeler ýaly şol günki wakalar ýeterliklidi. Elbetde, biz şol pursatda Ahabyň näme hakda oýlanandygyny bilmeýäris. Mukaddes Ýazgylarda Ahap patyşanyň «arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gidendigi» aýdylýar. Ol özüne sapak edindimi? Ol garaýşyny üýtgetdimi? Soňky wakalar onuň garaýşyny üýtgemändigini görkezýär. Entek Ahap patyşa we Ylýas pygamber üçin gün gutarmady.

17, 18. a) Ýizregele barýan ýolda Ylýas pygambere näme boldy? b) Ylýas pygamberiň Karmelden Ýizregele çenli yglap gitmegi näme üçin geňdi? (Şeýle-de çykgyda seret).

17 Ylýas pygamber Ahap patyşanyň giden ýoluna düşýär. Oňa uzak ýol garaşýardy, ýagyş ýagyp, asmany bulutlar büräpdi we garaňky düşüpdi. Soňra bir täsin zat bolýar.

18 «Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi» (1 Pat. 18:46). Ýehowa gudrat arkaly Ylýas pygambere güýç berýär. Sebäbi Ýizregel Karmel dagyndan 30 km uzaklykda ýerleşýärdi, Ylýas pygamberem ýaş däldi *. Göz öňüne getir, ol uzyn dony päsgel bermez ýaly, biline guşap, suwly ýoldan ylgap barýar. Ol şeýle çalt ylgaýar welin, Ahabyň arabasynyň yzyndan ýetip, ondan geçip gidýär!

19. a) Hudaýyň Ylýas pygambere güýç-kuwwat bermegi haýsy pygamberligi ýatladýar? b) Ylýas pygamber Ýizregele ylgap barýarka nämä berk ynanýardy?

19 Hudaýyň Ylýas pygambere güýç bermegi uly bereketdi! Ol hatda ýaş wagty-da özünde şeýle güýç-kuwwaty, gujurlygy we çydamlygy duýan däldir. Biz Jennetde Hudaýyň wepaly gullukçylarynyň kämil saglygynyň we gujur-gaýratdan doly boljakdygy baradaky pygamberligiň ýerine ýetjekdigine ynanýarys (Işaýa 35:6-i oka; * Luka 23:43). Ylýas pygamber ylgap barýarka, Atasynyň ondan razydygyna we diňe Ýehowanyň hak Hudaýdygyna berk ynanýardy!

20. Biz Ýehowanyň bereketlerini almak üçin näme etmeli?

20 Ýehowa bize bereket bermek isleýär. Onuň bereketlerini almak üçin, elimizde baryny edeli, sebäbi olar tagalla edeniňe degýär. Biz Ylýas pygamber ýaly oýa bolup, şu howply we soňky günlerde Ýehowanyň edýän işlerine ünsli bolmaly. Bizde-de Ylýas pygamberiňki ýaly, «hakykat Hudaýy» Ýehowanyň wadalaryna berk ynanmaga degerli sebäpler bar (Kan. tag. 32:4).

^ abzas 4 1 Patyşalar 18:41 Ylýas Ahaba: «Git-de, iýip-iç, çünki güýçli ýagşyň sesi gelýär» diýdi. 42 Şeýdip, Ahap iýip-içmäge gitdi. Ylýas pygamber bolsa Karmel dagynyň çür depesine çykyp, iki bükülip, kellesini dyzlarynyň arasynda goýdy. 43 Ylýas pygamber öz hyzmatkärine: «Bar, deňze tarap seret» diýdi. Hyzmatkär deňze tarap seretdi-de: «Ol ýerde görünýän zat ýok» diýdi. Ol hyzmatkärine şol bir hereketi ýedi gezek gaýtalamagy buýurdy. 44 Ýedinji gezekde hyzmatkär: «Seret, deňizden eliň aýasy kimin bir bölejik bulut ýokary galyp barýar» diýdi. Onsoň Ylýas pygamber hyzmatkärine: «Git-de, Ahaba at arabasyny taýýarlap, öýüne gitmegini tabşyr, ýogsam ýagyş ony ýolundan saklar» diýdi. 45 Bir salymdan soň asmanyň ýüzüni gara bulut büräp, ýel turup, güýçli ýagyş ýagdy. Ahap arabasyna münüp, Ýizregel galasyna gitdi. 46 Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.

^ abzas 18 Şondan soň Ýehowa Ylýas pygambere Elýaşany kömekçi edip belledi. Ony «Ylýasyň eline suw akdyran» pygamber hökmünde tanaýardylar (2 Pat. 3:11). Ol Ylýas pygambere gartaşan çagynda hyzmat edip, onuň kömekçisi boldy.

^ abzas 19 Işaýa 35:6 Agsaklar keýik kimin bökjeklärler, lal diller şatlykdan aýdym aýdarlar; düzden suwlar, çölden çeşmeler çogup çykar.