Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ALTYNJY BAP

Ol Hudaýa doga edip, ýüregini dökdi

Ol Hudaýa doga edip, ýüregini dökdi

1, 2. a) Hanna uzak ýola taýýarlyk görende näme üçin gamgyndy? b) Biz Hannanyň mysalyndan näme öwrenip bileris?

HANNA gam-gussasy barada pikir etmejek bolup, uzak ýola taýýarlyk görýärdi. Bu onuň üçin şatlykly gün bolmalydy, sebäbi ol ýoldaşy Elkana we tutuş maşgalasy bilen çadyrda Ýehowa sežde etmek üçin her ýyl Şilo gidýärdi. Ýehowa gullukçylarynyň bu baýramçylyga şatlykly gelmegini isleýärdi (Kanun taglymaty 16:15-i oka) *. Hanna şol baýramçylyga çagalygyndan bäri höwes bilen gidýärdi. Emma soňky ýyllar käbir sebäplere görä, onuň ýagdaýy düýbünden üýtgedi.

2 Elkana Hannany söýse-de, onuň başga-da Peninna atly aýaly bardy. Ol Hanna azar baryny berýärdi. Peninna hatda baýramçylyk günleri-de Hannany ynjydýardy. Hannanyň Ýehowa bolan imany hasratyny çekmäge nädip kömek etdi? Senem käbir sebäplere görä, şatlygyňy ýitiren bolsaň, onda Hannanyň mysaly seni ruhlandyrar.

«Näme üçin beýle hasrat çekýäň?»

3, 4. Hanna haýsy iki sebäbe görä ejir çekýärdi we näme üçin?

3 Mukaddes Ýazgylarda Hannanyň iki sebäbe görä hasrat çekendigi aýdylýar. Birinjiden, Hannany gündeşi ýigrenýärdi. Ikinjiden bolsa, ol önelgesizdi. Birinji kynçylygy üçin ol bir zat edip bilse-de, ikinjisi üçin asla hiç zat edip bilmeýärdi. Köp wagtdan bäri çaga isleýän aýal üçin önelgesiz bolmak gaty agyr degýär. Hannanyň günlerinde bu uly betbagtlykdy. Her bir maşgala nesliniň dowam etmegini isleýärdi. Şol sebäpli önelgesiz bolmak aýyp hasaplanyp ýazgarylýardy.

4 Peninna azar bermedik bolsa, belki-de, Hanna hasratyna döz gelip bilerdi. Adamyň birnäçe aýaly bolanda, olar hiç haçan bagtly bolmaýar. Şeýle maşgalada bäsdeşlik, gabanjaňlyk bolup, göwne degilýär. Aslynda, Ýehowa maşgalany döredende, erkek adamyň bir aýalynyň we aýalyň hem bir äriniň bolmagyny isläpdi (Gel. çyk. 2:24). Mukaddes Ýazgylardaky Elkananyň maşgalasynda bolan wakalardan köp aýal almagyň nähili kynçylyklary döredýändigini görse bolýar.

5. Gündeşi Hannany näme üçin we nädip ynjydýardy?

5 Elkana Hannany gaty söýýärdi. Ýehudylaryň rowaýatyna görä, Elkana ilki Hanna, birnäçe ýyldan soň bolsa Peninna öýlenýär. Rowaýatda hakykatyň aýdylýandygyny ýa-da aýdylmaýandygyny bilmesek-de, Peninna Elkanany gabanyp, Hanna azar baryny berýär. Peninnanyň köp çagasy bolany üçin, önelgesiz Hannany kemsidýärdi. Gündeşi çagasy köpeldigi saýyn buýsanýardy. Ol göwnüçökgün Hanna göwünlik bermegiň deregine derdine dert goşýardy. Mukaddes Ýazgylarda gündeşi Hannany «ynjydardy, kemsiderdi» diýilýär (1 Şam. 1:6). Ol muny Hannanyň ýüregine ýara salmak üçin bilgeşleýin edýärdi we maksadyna-da ýetdi.

Hanna önelgesizdigi üçin hasrat çekýärdi, Peninna-da onuň derdine dert goşýardy

6, 7. a) Elkana Hannany köşeşdirjek bolsa-da, ol bolan zatlary näme üçin doly gürrüň bermedi? b) Hannanyň önelgesizligi Ýehowanyň ondan nägile bolandygyny aňladýarmy? Düşündir. (Çykgyda seret).

6 Peninna baýramçylyga Şilo gitmeli bolanda, Hannanyň ýarasyny gozgamaga mümkinçilik dörändigine begenýär. Peninnanyň çagalary köp bolandygy sebäpli, Elkana Ýehowa getiren gurbanlyk etinden «çagalarynyň hersine» paý berdi. Söýgüli aýaly Hanna bolsa aýratyn paý berdi. Gündeşi oňa önelgesizdigini ýatladyp, şeýle kemsitdi welin, ol boýur-boýur ýaş döküp, işdäsi-de kesildi. Elkana mähriban aýalynyň göwnüçökgünlige düşüp, hiç zat iýmeýändigini görýär. Şol sebäpli Elkana ony köşeşdirjek bolup: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi (1 Şam. 1:4—8).

7 Biz Peninnanyň azar berendiginden Elkananyň habarly ýa-da habarsyz bolandygyny bilmeýäris. Ýöne ol Hannanyň önelgesizlikden ejir çekýändigini bilýärdi. Hanna ýoldaşynyň söýgüsiniň gadyryny bilýärdi *. Emma Elkana Peninnanyň etmişleri barada agzamaýar. Mukaddes Ýazgylarda Hannanyň hem bu barada oňa aýdandygy aýdylmaýar. Mümkin, ol gündeşiniň etmişlerini aýtsa, Peninnanyň ýagdaýy has-da erbetleşdirjekdigine düşünendir. Elkana ýagdaýy düzedip bilermi? Hanna diňe bir gündeşini däl, eýsem, onuň çagalaryny we hyzmatkärlerini hem gaharlandyrasy gelmeýärdi. Şeýle-de ol maşgalasynda agzalalygyň bolmagyny islemeýärdi.

Hanna maşgalasyndaky kemsitmelere döz gelmek üçin, Ýehowadan teselli gözledi

8. Bizi kemsidenlerinde we adalatsyzlyga duş gelenimizde Ýehowanyň adalatly Hudaýdygyny bilmek näme üçin teselli berýär?

8 Elkana Peninnanyň eden etmişlerini bilmese-de, Ýehowa ähli zady görýärdi. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ähli zady görýändigi we Peninna ýaly gabanyp, ýamanlyk etmekden lezzet alýan adamlary jezasyz goýmajakdygy aýdylýar. Emma Hanna ýaly akýürekli we agzybir ýaşamaga jan edýän adamlar adalatly Hudaýyň ähli zady öz wagtynda hem-de islegine görä çözjekdigini bilip, teselli tapyp biler (Kanun taglymaty 32:4-i oka) *. Hanna Ýehowanyň kömek etjekdigini bilip, oňa ýüregini dökýär.

«Ol indi gamgyn däldi»

9. Hanna gündeşiniň azar berjekdigini bilse-de, onuň Şilo gitmeginden näme öwrenip bileris?

9 Elkananyň maşgalasy ir bilen başagaýdy. Uludan-kiçä hemmeler ýola düşmäge taýýardy. Uly maşgala Şilo barmak üçin Efraýymyň daglyk ýerlerinden 30 km gowrak ýol geçmelidi. Munuň üçin olar bir ýa-da iki günlük ýoly pyýada ýöremelidi. Hanna gündeşiniň azar baryny berjekdigini bilse-de, öýünde galmady. Şeýtmek bilen, ol Hudaýyň häzirki gullukçylaryna ajaýyp görelde görkezdi. Biz birinden öýkeläp, Hudaýa sežde etmegi goýsak, akylsyzlyk etdigimiz bolar. Biz Hudaýa sežde etmesek, kynçylyklara döz gelip bilmeris.

10, 11. a) Hanna näme üçin çadyra bardy? b) Hanna dogada gökdäki Atasyna nädip ýüregini dökdi?

10 Uly maşgala daglaryň aýlawly ýollaryndan ýöräp, ahyry, Şilo barýar. Şäher baýyrlykda ýerleşýärdi. Olar şähere golaýlaşdygy saýyn, Hanna Ýehowa dogada nämeleri aýtjakdygy barada oýlanýardy. Olar şähere gelip iýip-içensoň, Hanna Ýehowa doga etmek üçin çadyra gidýär. Baş ruhany Eliý çadyryň söýesiniň gapdalyndaky kürsüde otyrdy. Hanna şeýle gyzgyn doga edýärdi welin, hatda Eliýiň bardygyny hem görmedi. Ol çadyrda Hudaýyň dogasyny eşitjekdigine berk ynanýardy. Gökdäki Atasyndan başga hiç kim onuň ýüregindäki agysyna düşünip bilmeýärdi. Hanna derdini ýüregine sygdyryp bilmän, aglap başlaýar.

11 Hanna doga edende agydan ýaňa sandyraýardy. Ol içinden doga edýäni üçin, diňe dodaklary gymyldaýardy. Ol uzak wagtlap Ýehowa doga edip, ýüregini dökýär. Hanna Ýehowadan perzent bermegini diledi. Şeýle-de ol Ýehowadan diňe bereket bermegi dilemän, eýsem, özi hem Hudaýa bir zat bermegi wada berdi. Hanna ogly bolsa, ony Ýehowa gulluk etmäge berjekdigini söz berdi (1 Şam. 1:9—11).

12. Biz doga edenimizde nädip Hannanyň göreldesine eýerip bileris?

12 Hanna şeýle doga edip, Hudaýyň gullukçylaryna gowy görelde görkezdi. Çaganyň ene-atasyna doly bil baglaýşy ýaly, Ýehowa-da ähli gullukçylarynyň oňa ýüregini dökmegini isleýär (Zebur 62:8; 1 Selanikliler 5:17-nji aýatlary oka). Petrus resul hem doga barada «ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoryňyzdyr» diýen teselli beriji sözleri aýtdy (1 Pet. 5:7).

13, 14. a) Eliý näme üçin Hanna barada nädogry netijä geldi? b) Hanna baş ruhana jogap berende nähili gowy görelde görkezdi?

13 Ýehowadan başga hiç kim adamyň ýagdaýyna düşünip, özüni biriniň ýerine goýup bilmeýär. Hanna aglap doga edip durka, biriniň sesini eşidýär. Bu oňa syn edip oturan baş ruhany Eliýiň sesidi. Ol: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlukdan açylansoň gel» diýýär. Eliý Hannanyň dodagynyň gymyldaýandygyny, aglaýandygyny we sandyraýandygyny görüp, näme bolandygyny soramagyň deregine içgilidir öýdýär (1 Şam. 1:12—14).

14 Şeýle hormatlanýan adamdan bu sözleri eşitmek Hanna nähili agyr degendir! Muňa garamazdan, ol ýene-de imanynyň berkdigini görkezýär. Hanna Eliýiň bikämilligi sebäpli, Ýehowa sežde etmegini goýmaýar. Ol baş ruhana sypaýyçylyk bilen ýagdaýyny düşündirýär. Şonda Eliý ýalňyşandygyna düşünip, ýumşaklyk bilen: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi (1 Şam. 1:15—17).

15, 16. a) Hannanyň Ýehowa doga edip, ýüregini dökmegi we çadyrda sežde etmegi oňa nähili täsir etdi? b) Biz göwnüçökgün bolanymyzda nädip Hannanyň göreldesine eýerip bileris?

15 Hannanyň Ýehowa doga edip, ýüregini dökmegi we çadyrda sežde etmegi oňa nähili täsir etdi? Mukaddes Ýazgylarda: «Hanna öz ýoluna gitdi. Soňra ol naharlandy. Ol indi gamgyn däldi» diýilýär (1 Şam. 1:18). Hannanyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Sebäbi ol gam-gussasyny, ýagny agyr ýüküni, özünden has güýçli gökdäki Atasyna taşlady (Zebur 55:22-ni oka). Çünki Ýehowa ähli kynçylyklary hemişe-de çözüp bilýär!

16 Gaýgy-aladalar biziň üçin hem agyr ýük bolsa, onda bizem Hannanyň göreldesine eýerip, «dogalary eşidýän» Ýehowa ýüregimizi döküp bileris (Zeb. 65:2). Ýehowanyň dogalarymyzy eşitjekdigine ynansak, gam-gussa çekmegiň deregine bizde «her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy» bolar (Flp. 4:6, 7).

«Hudaýymyz ýaly gaýa ýok»

17, 18. a) Elkana Hannanyň wadasyny nädip goldady? b) Peninna nämä düşündi?

17 Ertesi gün irden Hanna bilen Elkana çadyra barýar. Hanna Hudaýa beren wadasy barada ýoldaşyna gürrüň beren bolmaly. Sebäbi Musanyň kanunyna görä, äri aýalynyň beren wadasyny goldap ýa-da ýatyryp bilýärdi (San. 30:10—15). Emma Hudaýa wepaly Elkana onuň wadasyny ýatyrmady. Olar Ýehowa bile sežde edip, öýüne gaýtdylar.

18 Peninna Hannanyň ýarasyny gozgap bilmeýändigine haçan düşündi? Mukaddes Ýazgylarda «ol indi gamgyn däldi» diýilmegi, Hannanyň şol günden soň bagty açylandygyny aňladýar. Her näme-de bolsa, Peninna edýän ýamanlyklarynyň Hanna täsir etmeýändigine düşündi. Şondan soň Mukaddes Ýazgylarda Peninnanyň ady agzalmaýar.

19. Hanna nähili bereket aldy we minnetdarlygyny nädip görkezdi?

19 Birnäçe aý geçensoň, Hanna özüni hasam bagtly duýýar. Sebäbi ol göwreli boldy. Ol gowy günlerinde-de kimiň ýalkandygyny ýatdan çykarmady. Ogly doglanda, onuň adyna Şamuwel dakdy. Bu «Hudaýyň ady» diýmegi aňladýar. Sebäbi Hanna adamlaryň hem özi ýaly Hudaýyň adyna sygynmagyny isleýärdi. Şol ýyl ol Elkana we maşgalasy bilen Şilo gitmeýär. Hanna çagasy süýtden aýrylýança, üç ýyl öýünde galýar. Indi ol çagasyny çadyrda goýup gaýtmak üçin bar güýjüni jemlemelidi.

20. Hanna bilen Elkana Ýehowa beren wadasyny nädip berjaý etdi?

20 Hanna ogluny çadyrda goýup gaýtmak aňsat bolan däldir. Ol Şamuweliň Şilodaky çadyrda gulluk edýän aýallaryň elinde ulaljakdygyny bilýärdi. Şamuwel entek gaty kiçi bolansoň, ejesiniň ondan aýrylasy gelen däldir. Muňa garamazdan, Hanna bilen Elkana ogluny çadyra göwünli-göwünsiz däl-de, höwes bilen getirdiler. Olar Hudaýyň öýünde gurban berensoň, Şamuweli Eliýiň ýanyna eltip, oňa Hannanyň birnäçe ýyl mundan öň beren wadasyny ýatlatdylar.

Hanna Şamuwel üçin uly bereketdi

21. Hanna Ýehowa doga edende imanynyň berkdigini nädip görkezdi? (« Iki täsin doga» diýen çarçuwa seret).

21 Hudaý Hannanyň dogasyny Mukaddes Ýazgylarda ýazdyrdy. 1 Şamuwel 2:1—10-njy aýatlardaky sözleri okasaň, onuň Hudaýa imanynyň güýçli bolandygyny bilersiň. Ol Gudratygüýçli Ýehowanyň pesgöwünlileri beýgeldýändigini, gamgyn adamlary patalaýandygyny, ölüleri direldýändigini we adamlary ölümdenem halas edýändigini aýtdy. Hanna mukaddes, adalatly we wepaly Atasyny şöhratlandyrýar. Ine, şol sebäpli ol «Hudaýymyz ýaly gaýa ýok» diýýär. Ýehowa hemişe bil baglap bolýar we ol üýtgemeýär. Göwnüçökgün adamlaryň ählisi onuň penasynda gorag tapyp bilýär.

22, 23. a) Biz Şamuweliň ene-atasynyň söýýändigini bilip ulalandygyny nireden bilýäris? b) Ýehowa Hannany ýene-de nädip patalady?

22 Şamuwel ejesiniň imanynyň berk bolanyna begenendir. Ol ejesiniň elinde ulalmasa-da, ony hiç haçan ýatdan çykarmady. Hanna her ýyl Şilo baranda, Şamuwele ýeňsiz köýnek tikip getirerdi. Ol ony çadyrda gulluk edende geýerdi. Onuň köýneginiň her bir tikini ogluny söýýändigini we aladasyny edýändigini görkezýärdi (1 Şamuwel 2:19-y oka) *. Göz öňüne getir, ol ogluna täze köýnegi geýdirýär, üst-başyny düzedişdirip, mähirli we göwünlik beriji sözleri aýdýar. Hanna Şamuweliň aladasyny gowy edýärdi. Şamuwel hem ene-atasynyň we adamlaryň söýgüsini gazandy.

23 Ýehowa Hannany hem ýatdan çykarmady. Ol oňa ýene-de bäş çaga berip patalady (1 Şam. 2:21). Ýyl geçdigi saýyn, Atasy Ýehowa bilen dostlugynyň berkemegi onuň alan bereketleriniň iň ulusydy. Eger senem Hannanyň imanyndan görelde alsaň, Ýehowa bilen dostlugyň berkär.

^ abzas 1 Kanun taglymaty 16:15 Rebbiň saýlajak ýerinde ýedi günläp Hudaýyňyz Reb üçin şu baýramy belläň. Çünki Hudaýyňyz Reb siziň hasylyňyza we başlan her bir işiňize bereket berer. Şonuň üçin siz bu baýramda doly şatlanyp bilersiňiz.

^ abzas 7 Mukaddes Ýazgylarda Ýehowa «Hannany önelgesiz etdi» diýilse-de, bu onuň kiçigöwünli we wepaly aýaldan närazy bolandygyny aňlatmaýar (1 Şam. 1:5). Gadymy döwürde Hudaý käwagt şeýle ýagdaýyň bolmagyna ýol berýärdi.

^ abzas 8 Kanun taglymaty 32:4 Ol Gaýadyr, işleri kämildir, Bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.

^ abzas 22 1 Şamuwel 2:19 Ejesi onuň özüne laýyk edip don tikip, her ýyl adamsy bilen bile gurbanlyk bermäge gelende, ony Şamuwele bererdi.