Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÝIGRIMINJI BAP

«Men... ynanýaryn»

«Men... ynanýaryn»

1. Martanyň çeken hasratyny we onuň sebäbini gürrüň ber.

MARTA dogany Lazaryň ölendigine hiç ynanyp bilmeýärdi. Doganynyň mazarda jaýlanyşy we gowagyň agzynda goýlan uly daş onuň göz öňünden gitmeýärdi. Martanyň çekýän hasraty ýüreginde agyr ýük bolup, gitdigiçe güýjeýärdi. Ol Lazaryň aradan çykandygyna henizem ynanyp bilmeýär. Doganynyň aýrylanyna dört gün bolupdy. Şondan bäri Marta ýas tutup, göwnüni soramaga gelen adamlara garamazdan, aglap, näme edip, näme goýýanyny bilmeýärdi.

2, 3. a) Marta Isany görüp näme etdi? b) Martanyň beren jogabyndan ol barada näme bilýäris?

2 Häzir Marta Lazaryň jana-jan dostunyň ýanyna geldi. Marta Isany görüp, hasam bozulýar. Sebäbi ol dünýäde doganyna kömek edip biljek ýeke-täk adamdy. Muňa garamazdan, Marta Betaniýa obasynyň golaýynda Isa bilen görşensoň, biraz ýüregi ynjalýar we az salymyň içinde onuň nurana ýüzüni görüp ruhlanýar. Isa Martanyň imany we direlişe bolan umydy barada birki sorag berýär. Martanyň beren jogabyndan ol barada bir wajyp zady bilýäris. Ol: «Men seniň Mesihdigiňe ynanýaryn... sen Hudaýyň dünýä gelmeli Oglusyň» diýdi (Ýahýa 11:27).

3 Martanyň beren jogabyndan onuň imanynyň berkdigini görse bolýar. Mukaddes Ýazgylarda ol barada az aýdylsa-da, onuň mysalyndan imanymyzy berkider ýaly wajyp zady öwrenip bileris. Gel, ilki bilen, Mukaddes Ýazgylarda Marta barada näme diýilýänini bileli.

«Aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň»

4. Martanyň maşgalasy nähilidi we olar Isa nähili garaýardy?

4 Birnäçe aý mundan öň Lazar diri we sagdyndy. Betaniýada ol öýüne bir wajyp adamy, ýagny Isa Mesihi myhmançylyga çagyrýar. Süýtdeş doganlar Lazar, Marta we Merýem bir öýde ýaşaýardy. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, Marta olaryň iň ulusydy. Sebäbi ol özüni öý eýesi hökmünde alyp barýar we Mukaddes Ýazgylarda onuň ady käwagt ilkinji bolup agzalýar (Ýahýa 11:5). Biz olaryň üçüsiniňem öň maşgalaly bolandygyny ýa-da bolmandygyny bilmeýäris. Her näme bolsa-da, olar Isanyň ýakyn dostlarydy. Isa Ýahudada gulluk edende, duşmanlara we köp garşylyga duş gelýärdi hem-de köplenç olaryň öýünde bolýardy. Isa özüni olaryňkyda arkaýyn we howpsuz duýandygy üçin minnetdardy.

5, 6. a) Isa myhmançylyga gelende, Marta näme üçin has-da başagaýdy? b) Isa gelende Merýem näme etdi?

5 Marta myhmanlary güler ýüz bilen garşy alyp, özlerini arkaýyn duýar ýaly elinde baryny edýärdi. Ol zähmetsöýerdi we köplenç boş wagty bolmaýardy. Isa myhmançylyga gelende hem Marta başagaý bolýar. Ol hormatly myhmanyna we onuň dost-ýarlaryna hezzet-hormat etmek üçin birnäçe üýtgeşik nahar bişirmekçi bolýar. Sebäbi şol döwür myhmansöýer bolmak wajyp hasaplanýardy. Myhman gelende ony ogşap garşy alýardylar, aýakgabyny çykaryp, aýagyny ýuwýadylar we başyna ýakymly ysly ýag çalýardylar (Luka 7:44—47-nji aýatlary oka). Şeýle-de myhmanlara dynç alar ýaly rahat ýer we iýip-içgi taýýarlaýardylar.

6 Marta bilen Merýemiň ikisi hem Isany myhman aljak bolup başagaýdy. Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Merýem Ýehowa barada köpräk bilmek islese-de, öý işlerine-de kömek edipdi. Ýöne Isa gelende, ol bar işini goýýar. Isa-da şu mümkinçilikden peýdalanyp, Hudaý barada öwredýär! Şol döwrüň dini ýolbaşçylaryndan tapawutlylykda Isa aýallary sylap, olara Hudaýyň Patyşalygy barada höwes bilen öwredýärdi. Merýem hem bu mümkinçiligi elden gidirmän, onuň ýanynda oturyp, her bir sözüni ünsli diňleýär.

7, 8. Marta näme üçin howsala düşýär we ol näme diýýär?

7 Göz öňüne getir, Marta nähili howsala düşendir. Ol her dürli nahar bişirmek üçin, myhmanlara hezzet-hormat etjek bolup, alada galýar we başagaý bolýar. Ol eýläk-beýläk geçende, uýasynyň kömek etmän oturanyny görüp, ýüz-gözüni bozup, uludan dem alyp, gaşyny çytandyr. Ol şeýle eden hem bolsa, muňa haýran galmaly däl. Sebäbi onuň ýeke özi bar işi nädip etsin?!

8 Ahyry, Marta çydap bilmän, Isanyň sözüni bölýär-de, janygyp: «Halypam, uýamyň meni ýeke özüme hyzmat etdirip ýörendigini görmeýärmiň? Oňa aýtsana, maňa kömek etsin» diýdi (Luka 10:40). Bu aýdylan sözler gödegräkdi. Käbir terjimelerde onuň bu soragy: «Halypam, seniň piňiňe-de dälmi?» diýip aýdylýar. Soňra Marta Isadan Merýeme käýemegi haýyş edýär.

9, 10. a) Isa Marta näme jogap berdi? b) Martanyň gowy nahar bişirmek üçin eden aladasyny näme üçin Isa biderek hasaplamady diýse bolar?

9 Isanyň beren jogaby Martany geň galdyrandyr. Şu günlerem Mukaddes Ýazgylary okaýan adamlar muňa haýran galýandyr. Ol ýumşaklyk bilen: «Marta, Marta, sen köp zatlar hakda aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň. Az zat ýa-da birje zat bolsa-da bolýar. Merýem bolsa iň gowusyny saýlady, saýlan zady ondan hiç haçan alynmaz» diýdi (Luka 10:41, 42). Isanyň bu sözleri nämäni aňladýar? Isa Marta iýip-içgini Hudaýdan ileri tutýar diýjek boldumy? Ol Martanyň gowy nahar bişirmek üçin eden aladasyny biderek hasapladymy?

Marta Isanyň «köp zatlar hakda aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň» diýen maslahatyny kiçigöwünlilik bilen kabul etdi

10 Elbetde, ýok. Isa Martanyň söýgi we ýagşy niýet bilen alada edýändigini bilýärdi. Aslynda, ol myhmansöýer bolmagy erbet hasaplamaýardy. Hatda Matta bir sapar Isa üçin «uly oturylyşyk» gurnanda, ol oňa barypdy (Luka 5:29). Emma Isa häzir Martanyň taýýarlan naharlary barada däl-de, onuň nämäni wajyp saýýandygyny düşündirjek bolýardy. Marta dürli naharlar bişirjek bolup, bir wajyp zady unutdy. Nämäni?

Isa Martanyň myhmansöýerligini gymmat saýyp, onuň söýgi we ýagşy niýet bilen alada edýändigini bilýärdi

11, 12. Isa Martany ýumşaklyk bilen nädip düzetdi?

11 Ýehowanyň ýeke-täk ogly Isa Martanyň öýüne hakykaty öwretmek üçin barypdy. Ondan başga hiç zat, hatda Martanyň bişiren gowy nahary hem wajyp däldi. Elbetde, Isa Martanyň imanyny berkidýän şu mümkinçiligi elden gidirýändigine gynanýardy *. Ýöne biz başga bir zada üns bermeli: ol Marta şu mümkinçiligi özüne saýlamaga goýsa-da, Merýeme päsgel bermegini islemedi.

12 Isa Martany köşeşdirmek üçin onuň adyny ýumşaklyk bilen iki gezek tutup, «köp zatlar hakda aladalanyp, biynjalyk bolýarsyň» diýip, ýürekden maslahat berdi. Esasanam, bol ruhy iýmit barka, ýönekeýje ýa-da birki nahar hem ýeterlikdi. Isa Merýemiň saýlan «iň gowy» zadyndan, ýagny Isadan öwrenmek mümkinçiliginden ony mahrum edesi gelmedi!

13. Biz Isanyň Marta aýdan sözlerinden näme öwrenip bileris?

13 Biz şu wakadan köp zatlary öwrenip bileris. «Hudaý barada bilim almakdan» başga hiç bir zady wajyp saýmaly däl (Mat. 5:3). Biz Martanyň zähmetsöýer we eli açyk häsiýetlerine eýermek islesek-de, myhmansöýerligi görkezjek bolup, has wajyp zady unutmaly däl. Biz dogan-uýalara diňe bir üýtgeşik nahar bermek üçin däl-de, esasanam, Hudaý barada gürrüň edip, birek-biregi ruhlandyrmak üçin myhmançylyga çagyrýarys (Rimliler 1:11, 12-nji aýatlary oka). Munuň üçin bolsa, ýönekeýje naharam ýeterlik.

Dogany aradan çykdy we direldi

14. Marta maslahaty kabul edip, näme üçin gowy görelde galdyrdy diýse bolar?

14 Marta Isanyň ýumşaklyk bilen beren maslahatyny kabul etdimi? Elbetde, kabul etdi. Ýahýa resul Martanyň dogany baradaky wakanyň başynda: «Isa Martany, Merýemi hem-de Lazary gowy görýärdi» diýýär (Ýahýa 11:5). Şu wakadan birnäçe aý geçensoň, Isa ýene-de Betaniýa barýar. Marta Isanyň ýumşaklyk bilen beren maslahatyna öýkeläp, oňa çişip ýörmedi. Marta onuň maslahatyny ýürekden kabul etdi. Bize-de käwagt maslahat gerek bolany üçin, bu babatda biz Martanyň imanyndan görelde alyp bileris.

15, 16. a) Marta dogany syrkawlanda näme etdi? b) Marta bilen Merýemiň eden tamasy näme üçin çykmady?

15 Martanyň dogany syrkawlanda, ol onuň aladasyny edýär. Lazaryň sagalyp, özüni has gowy duýar ýaly, ol elinde baryny edýär. Muňa garamazdan, Lazaryň ýagdaýy erbetleşýärdi, Marta bilen Merýem bolsa, oňa gije-gündiz seredýärdi. Marta doganynyň çöken gözlerine gaýta-gaýta seredip, onuň bilen geçiren şatlykly hem-de gaýgyly günlerini ýatlap gynanýar.

16 Marta bilen Merýem doganyna kömek edip bilmeýändigine düşünende, Isa habar ýollaýarlar. Şol wagt Isa iki günlük ýol aralykda wagyz edip ýördi. Lazaryň gyz doganlary: «Halypam, seniň ýakyn dostuň syrkaw ýatyr» diýdiler (Ýahýa 11:1, 3). Olar Isanyň Lazary gowy görýändigini we dostuna kömek edip biljekdigine ynanýardy. Olar Isanyň ýetişip geljekdigine tama etdilermi? Elbetde. Emma Lazar aýrylansoň, olaryň tamasy çykmady.

17. Marta näme üçin ünjä düşýär we Isanyň oba ýetip gelýändigini eşidende ol näme etdi?

17 Marta bilen Merýem doganyny jaýlap, ýasyny tutanlarynda, Betaniýadaky we onuň daş-töweregindäki köp adamlar olara göwünlik bermäge gelýär. Ýöne Isadan henizem hiç hili habar ýokdy. Wagt geçdigi saýyn Marta has-da ünjä düşýär. Lazaryň ölenine dört gün bolansoň, ol Isanyň oba ýetip gelýänini eşidýär. Marta hasrat çekýändigine garamazdan, ýerinden turýar-da, Merýeme hiç zat diýmän, gyssagly Isany garşylamaga çykýar (Ýahýa 11:18—20-nji aýatlary oka).

18, 19. Marta nämä ynanýardy we onuň imany näme üçin berkdi?

18 Marta Halypasyny gören badyna, birnäçe gün özüni we Merýemi biynjalyk edýän sözleri aýdýar. Ol: «Halypam, sen şu ýerde bolan bolsadyň, onda doganym ölmezdi» diýýär. Emma Marta henizem Isanyň bir zat edip biljekdigine ynanýardy. Şol sebäpli ol: «Seniň Hudaýdan dilän zadyňy Onuň berjekdigine men häzir hem ynanýaryn» diýdi. Isa şol bada Martanyň imanyny berkitmek üçin oňa: «Doganyň direler» diýdi (Ýahýa 11:21—23).

19 Isa gelejekde boljak direliş barada aýdýandyr öýdüp, Marta: «Men onuň gelejekde direliş bolanda, direljekdigini bilýärin» diýýär (Ýahýa 11:24). Ol direlişe berk ynanýardy. Käbir dini ýolbaşçylar, ýagny saddukeýler Mukaddes Ýazgylaryň direliş baradaky taglymatyna ynanmaýardy (Dan. 12:13; Mar. 12:18). Marta bolsa Isanyň direliş barada öwredendigini, hatda birnäçe adamy direldendigini bilýärdi. Şol direlen adamlar Lazar ýaly uzak wagtlap gabyrda ýatmandy. Indi Marta Isanyň näme etjekdigini bilmeýärdi.

20. Ýahýa 11:25—27-nji aýatlardaky Isanyň we Martanyň aýdan sözleriniň manysyny düşündir.

20 Isa oňa ýatdan çykmajak sözleri aýdýar. Ol: «Adamlary direldýän we olara ýaşaýyş berýän mendirin» diýdi. Dogrudan-da, Ýehowa Hudaý gelejekde ähli adamlary direltmäge Ogluna ygtyýar berdi. Isa Martadan: «Sen muňa ynanýarmyň?» diýip sorady. Şonda Marta babyň başyndaky sözleri aýdýar. Ol pygamberlige görä, Isanyň dünýä gelmeli Hudaýyň Ogludygyna we Mesihdigine ynanýardy (Ýahýa 5:28, 29; Ýahýa 11:25—27-nji aýatlary oka).

21, 22. a) Isa aglaýan adamlary görende näme etdi? b) Lazaryň direlişini gürrüň ber.

21 Ýehowa Hudaý we onuň Ogly Isa Mesih Marta ýaly iman edýän adamlaryň gadyryny bilýärmi? Soňky bolan wakalar bu soraga aýdyň jogap berýär. Marta howlugyp uýasynyň ýanyna gidýär. Şonda Isa Merýem bilen gürleşip, aglaýan adamlary görende, ýüregi gyýylýar. Dostunyň aýrylandygyna gynanyp, Isanyň çekinmän aglaýandygyny Marta görýär. Marta doganynyň jaýlanan gowagynyň agzyndaky daşy Isanyň aýryň diýenini eşidýär (Ýahýa 11:28—39).

22 Marta muňa garşy boldy, sebäbi adamyň ölenine dört gün bolansoň, onuň bedeni porsaýar. Isa-da oňa: «Men saňa iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi. Marta muňa ynanýardy, Hudaýyň hem şöhratyny gördi. Şol bada Isa Hudaýyň beren ygtyýary bilen Lazary direltdi! Isa: «Lazar, daşaryk çyk!» diýip gygyranda, gowakdan aýak sesi eşidilip, kepene dolangy Lazar çykýar we Isa: «Onuň kepenini aýryň, goý, ýöresin» diýýär. Bu pursat hiç haçan Martanyň ýadyndan çykan däldir. Marta bilen Merýem doganyny görenden aňk-taňk bolup, ony gujaklaýarlar (Ýahýa 11:40—44-nji aýatlary oka). Martanyň ýüreginden agyr daş aýrylan ýaly boldy!

Marta uýasy bilen direlen doganyny görende, imany sylaglandy

23. Ýehowa bilen Isa saňa nämäni isleýär we munuň üçin sen näme etmeli?

23 Bu waka direlişiň ýöne bir boş arzuw däl-de, Mukaddes Ýazgylardaky umyt berýän taglymatdygyny we hakykatdanam bolup geçen wakadygyny subut edýär (Eýýup 14:14, 15). Ýehowa bilen onuň Ogly iman edýän Marta, Merýem we Lazar ýaly adamlary gowy görüp ýalkaýar. Senem imanyňy berkitseň, şeýle bereketleri alarsyň.

Marta hyzmat edýär

24. Mukaddes Ýazgylarda Marta soňky sapar haçan agzalýar?

24 Mukaddes Ýazgylarda Marta barada ýene-de bir sapar aýdylýar. Isanyň ölümine bir hepde galypdy. Isa öňünde nähili synaglaryň garaşýandygyny bilip, Betaniýa dostlarynyň öýüne barýar. Betaniýa Iýerusalimden 3 km uzaklykda ýerleşýärdi. Isa bilen Lazar öň heýwere keseli bolan Simunyň öýüne myhmançylyga barýar we Marta olara «hyzmat edýär» (Ýahýa 12:2). Şondan soň Mukaddes Ýazgylarda Marta agzalmaýar.

25. Şu günler näme üçin Marta ýaly uýalar ýygnak üçin uly bereket?

25 Marta, gör, nähili zähmetsöýerdi! Mukaddes Ýazgylarda ol barada birinji hem soňky sapar aýdylanda, ol arman-ýadaman zähmet çekip, başgalaryň aladasyny edýär. Şu günlerem Marta ýaly mert, eli açyk we janyny aýaman imanyny iş ýüzünde görkezýän uýalar — ýygnak üçin uly bereketdir. Marta soňuna çenli imanyny iş ýüzünde görkezdimi? Elbetde, görkezdi. Onuň imany kynçylyklara çydamaga kömek etdi.

26. Martanyň imany oňa näme etmäge kömek etdi?

26 Birnäçe günden soň, Marta Halypasy Isanyň zalymlyk bilen öldürlendigine döz geldi. Isany öldüren ikiýüzli adamlar Lazary hem öldürmegiň küýüne düşdi. Sebäbi köp adamlar onuň direlendigini görüp, Isa iman etdiler (Ýahýa 12:9—11-nji aýatlary oka). Iň soňy ölüm Martany dogan-uýasyndan aýra saldy. Munuň haçan we nädip bolanyny bilmesek-de, Martanyň imany soňuna çenli çydamaga kömek etdi. Şol sebäpli mesihçiler Martanyň imanyndan görelde alsa gowy bolar.

^ abzas 11 I asyrda ýehudylaryň arasynda mugallymlar Hudaýyň Sözüni köplenç diňe erkek adamlara öwredýärdiler. Gelin-gyzlara bolsa diňe öý işlerini etmegi öwredýärdiler. Şol sebäpli Marta aýal maşgalanyň mugallymyň ýanynda oturyp, bir zatlar öwrenmegini birhili görendir.