Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

DÖRDÜNJI BAP

«Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»

«Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek»

1, 2. a) Rut bilen Nagomynyň ýoluny we çekýän hasratyny gürrüň ber. b) Rut bilen Nagomy bir ýere barsa-da olaryň ýagdaýy näme üçin tapawutlanýardy?

RUT gaýyn enesi Nagomy bilen Mowabyň ýel öwsüp duran beýik düzlüklerinden geçip, ýoldan barýar. Giň meýdanda diňe ikisiniň sudury görünýärdi. Rut öýlän kölegeleriniň uzaýandygyny görüp, gaýyn enesine seredýär-de, gije nirede düşläp bolarka diýip oýlanýar. Ol Nagomyny gaty gowy görýärdi we onuň aladasyny etmek üçin elinde baryny etmäge taýyndy.

2 Olaryň ikisi-de hasrat çekýärdi. Sebäbi birnäçe ýyl mundan öň, Nagomy dul galýar. Indi bolsa, ogullary Kilýon bilen Mahlon aradan çykýar. Rutam hasrat çekýärdi, sebäbi Mahlon onuň ýoldaşydy. Ol Nagomy bilen Ysraýyldaky Beýtlahama (Beýtullaham) barýar. Rut bilen Nagomy bir ýere barsa-da, olaryň ýagdaýy bir-birinden tapawutlanýar. Sebäbi Nagomy öýüne, Rut bolsa dogan-garyndaşlaryny, dogduk mekanyny, däp-dessurlaryny we ýalan taňrylaryny terk edip, ýat ýurda barýar (Rut 1:3—6-njy aýatlary oka) *.

3. Haýsy soraglaryň jogaby bize Rutuň imanyndan görelde almaga kömek eder?

3 Bu dul galan ýaş aýal näme üçin ýurduny terk edip gitmekçi bolýar? Oňa täze durmuşa başlamaga we Nagomynyň aladasyny etmäge näme kömek etdi? Şu soraglaryň jogaby bize mowaply Rutuň imanyndan görelde almaga kömek eder (Şeýle-de « Kiçijik ajaýyp eser» diýen çarçuwa seret). Gel, ilki bilen, bu iki aýala Beýtlahama barýan uzak ýolda näme bolandygyny bileli.

Betbagtçylyga uçran maşgala

4, 5. a) Nagomynyň maşgalasy näme üçin Mowap ýurduna göçýär? b) Nagomy ol ýerde nähili betbagtçylyga uçraýar?

4 Rut Duz deňziniň gündogar kenarynda ýerleşýän kiçiräk Mowap ýurdunda önüp-ösýär. Ol ýerde selçeň tokaýly beýik baýyrlar we jülgeler bardy. Hatda Ysraýylda açlyk bolanda-da, «Mowap topragy» köplenç bol hasyl berýärdi. Ysraýylda bolan açlyk sebäpli, Rut Mahlon we onuň maşgalasy bilen tanyşýar (Rut 1:1).

5 Ysraýylda açlyk başlanda, Nagomy ýoldaşy Elimelek we iki ogly bilen Mowaba wagtlaýyn göçen bolmaly. Olaryň göçmegi bilen tutuş maşgalasynyň imany synaldy. Sebäbi ysraýyllylar Ýehowanyň saýlan mukaddes ýerinde yzygider sežde etmelidi (Kan. tag. 16:16, 17). Nagomynyň imany berk bolsa-da, adamsy aradan çykanda, ol hasrat çekýär (Rut 1:2, 3).

6, 7. a) Nagomy ogullary mowaply gyzlara öýlenende näme üçin gynanan bolmaly? b) Nagomynyň gelinlerine bolan garaýşy näme üçin öwgä mynasyp?

6 Nagomy ogullary mowaply gyzlara öýlenende hem gynanandyr (Rut 1:4). Sebäbi ol Ybraýym pygamberiň Yshak ogluna Ýehowanyň gullukçylarynyň arasyndan gelinlik tapmak üçin tagalla baryny edendigini bilýärdi (Gel. çyk. 24:3, 4). Soňra Musanyň kanunynda-da ysraýyllylar ýalan taňrylara sežde etmez ýaly, başga milletdäki adamlar bilen gyz alşyp-berişmeli däldigi aýdylýardy (Kan. tag. 7:3, 4).

7 Muňa garamazdan, Mahlon we Kilýon mowaply gyzlara öýlendi. Nagomy muňa gynanyp, lapykeç bolan bolsa-da, gelinleri Rut bilen Orpa söýgüsini we mährini görkezýärdi. Nagomy olaryňam bir wagt Ýehowa sežde etjekdigine umyt edendir. Nähili bolaýanda-da, Rut bilen Orpa gaýyn enesini gowy görýärdi. Olaryň bir-birini gowy görmegi hasratyny çekmäge kömek etdi. Bu ýaş gelinleriň ikisem çagasy bolmazdan öň, dul galýar (Rut 1:5).

8. Rut Ýehowany nädip tanaýar?

8 Rut betbagtçylyga uçranda dini oňa kömek etdimikä? Kömek etmedik bolmaly. Mowaplylar köp ýalan taňrylara, şol sanda Kemoş taňrysyna sežde edýärdi (San. 21:29). Olaryň dini gaty ýowuzdy, sebäbi şol döwür çagalaryny-da ýalan taňrylara gurban berýärdiler. Rut Mahlondan we Nagomydan Ýehowanyň söýgüden doly we mähirli Hudaýdygyny bildi. Ýehowa onuň sežde edýän taňrylaryndan düýbünden tapawutlanýardy. Sebäbi ol zalym däl-de, söýýän Hudaýdy (Kanun taglymaty 6:5-i oka) *. Rut gaýyn enesiniň Gudratygüýçli Ýehowa, onuň edýän ajaýyp işleri, halkyna bolan söýgüsi we mähri baradaky gürrüňlerini höwes bilen diňläp, hasratly günlerinde teselli tapyp, Nagomy bilen dostlaşan bolmaly.

Rut ýoldaşyny ýitirip, hasrat çekende, onuň Nagomy bilen dostlaşmagy paýhaslydy

9—11. a) Nagomy, Rut we Orpa nähili karara gelýär? b) Biz Nagomy, Rut we Orpanyň uçran betbagtçylygyndan näme öwrenip bileris?

9 Nagomy dogduk mekanyndan täzeliklere sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Bir gün ol täjirlerden Ysraýylda açlyk döwrüniň gutarandygyny eşidýär. Ýehowa halkyna ýene-de nazar salandygy üçin, Beýtlaham «çörek öýi» diýen adyna mynasyp bolýar. Şonda Nagomy ýurduna dolanmagy ýüregine düwýär (Rut 1:6).

10 Rut bilen Orpa näme etdikä? (Rut 1:7). Olaryň ýanýoldaşy ýogalsa-da, olar Nagomydan aýrylasy gelmeýär. Ruta, esasanam, Nagomynyň edýän ýagşylygy we Ýehowa bolan berk imany ýaraýardy. Bu üç dul aýal Ýahuda tarap ýola düşýär.

11 Rutuň düşen ýagdaýy bize ýaman we ýagşy adamlaryň hem betbagtçylyga uçrap bilýändigini görkezýär (Wag. 9:2, 11). Şeýle-de Rut bilen bolan waka betbagtçylyga uçranyňda, esasanam, Ýehowa bil baglaýan adamlardan teselli tapmalydygyny görkezýär (Sül. tym. 17:17).

Rutuň wepaly söýgüsi

12, 13. Nagomy näme üçin Rut bilen Orpanyň öýlerine dolanmagyny isledi we olar näme diýdi?

12 Üç dul aýal Mowapdan daşlaşdygyça, Nagomy aladalanyp başlaýar. Ol gelinleriniň özüne, ogullaryna bildiren söýgüsi barada oýlanýar. Nagomy olaryň derdine dert goşasy gelmeýär. Eger gelinleri ýurduny terk edip, Beýtlahama barsa, Nagomy olar üçin näme edip biler?

13 Şol sebäpli ol gelinlerine şeýle diýýär: «Baryň, ikiňiz hem ejeňiziňkä gaýdyberiň. Maňa... hem-de adamyňyza hemişe wepalylyk görkezişiňiz ýaly, size-de, goý, Reb öz wepalylygyny görkezsin». Şeýle-de Nagomy gelinlerine Ýehowanyň gowy ýanýoldaş we täze durmuş berjekdigine ynanýardy. Mukaddes Ýazgylarda Nagomy olary ogşady we olaryň ikisi-de ses edip aglaşdy diýilýär. Rut bilen Orpanyň gaýyn enesini şeýle gowy görmegi geň galdyrmaýar. Sebäbi ol mähirli we akgöwünlidi. Olaryň ikisi-de: «Ýok, biz seniň bilen bile seniň halkyň arasyna gideris» diýdi (Rut 1:8—10).

14, 15. a) Orpa näme üçin öýüne dolandy? b) Rut öýüne dolanar ýaly Nagomy oňa näme diýdi?

14 Nagoma gelinlerini ynandyrmak kyn boldy. Ol Ysraýylda olaryň aladasyny edip bilmejekdigini düşündirdi. Nagomy ýoldaşynyň bolmandygy üçin, gelinlerini durmuşa çykarar ýaly ogul dogrup bilmeýärdi. Nagomy muňa gaty gynanýandygyny aýdanda, Orpa öýüne dolandy. Mowapda oňa ejesi we dogan-garyndaşlary garaşýardy. Orpa Mowapda galmagy ýüregine düwdi. Şol sebäpli ol gynanyp, Nagomyny ogşaýar-da, hoşlaşyp öýüne dolanýar (Rut 1:11—14).

15 Rut bolsa näme edýär? Nagomynyň aýdan sözleri Ruta-da degişlidi. «Emma Rut Nagoma ýapyşdy». Gaýyn enesi oňa: «Ine, seniň eltiň öz halkynyň içine, öz hudaýlaryna dolandy, senem onuň yzy bilen gidäý» diýdi (Rut 1:15). Biz Nagomynyň aýdan sözlerinden bir wajyp zady bilýäris. Orpa diňe bir öz halkyna däl, eýsem, «hudaýlaryna-da» dolandy. Ol Kemoşa we başga-da ýalan taňrylara sežde etmäge razy boldy. Ýöne Rut näme etmegi ýüregine düwdi?

16—18. a) Rut wepaly söýgüsini nädip görkezdi? b) Biz Rutuň wepaly söýgüsinden näme öwrenip bileris? (Şeýle-de Rut bilen Nagomynyň suratyna seret).

16 Rut Nagoma seredip, belli bir karara gelýär. Ol Nagomyny we onuň sežde edýän Hudaýyny gowy görýärdi. Şonuň üçin Rut oňa: «Seni terk edip ýanyňdan gitmegi menden haýyş etme. Sen nirä gitseň, menem şol ýere gitjek. Sen nirede bolsaň, menem şol ýerde boljak. Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar. Sen nirede ölseň, men-de şol ýerde ölüp, şol ýerde jaýlanjak. Eger-de ölümden başga zat meni senden aýyrsa, onda, goý, Reb maňa mundan hem beterini görkezsin» diýdi (Rut 1:16, 17).

«Seniň halkyň — meniň halkym, seniň Rebbiň meniň Rebbim bolar»

17 Rutuň aýdan sözleri şeýle täsirlidi welin, şondan bäri üç müň ýyl geçse-de, adamlar onuň sözlerini ýatdan çykarmaýar. Bu onuň wepaly söýgüsini görkezýär. Rut Nagomyny güýçli söýýändigi üçin, ol nirä gitse-de, onuň bilen gitmek isleýär. Diňe ölüm olary aýra salyp bilerdi. Nagomynyň halky onuň halky bolar ýaly, Rut Mowapdaky ähli zatlaryny, hatda ýalan taňrylaryny-da terk etmäge razy bolýar. Rut Orpadan, tapawutlylykda, Nagomynyň Hudaýyna sežde etmek isleýändigini ak ýürekden aýdýar.

18 Indi olar Beýtlahama barýan ýoluny iki bolup dowam edýär. Käbirleriniň aýtmagyna görä, Mowapdan Beýtlahama çenli bir hepde ýol ýöremelidi. Elbetde, ýolda Nagomy bilen Rut bir-birine göwünlik berendir.

19. Biz Rutuň göreldesine eýerip, maşgalada, dostlarymyza we ýygnakdaky dogan-uýalara wepaly söýgimizi nädip görkezip bileris?

19 Şu günlerem köp adamlar betbagtçylyga uçraýar. Injilde biziň günlerimiz barada «kyn pursatlar» diýilýär. Şol sebäpli bizem her hili ýitgä sezewar bolýarys (2 Tim. 3:1). Bize-de Rutuňky ýaly wepaly söýgini ösdürmek wajyp. Sebäbi wepaly söýgi zalym dünýäniň täsirine garşy durmaga kömek edýär. Şeýle söýgini är-aýalyň arasynda, maşgalada, dostlara we ýygnakdaky dogan-uýalara bildirmek wajyp (1 Ýahýa 4:7, 8, 20-nji aýatlary oka). Biz Rutuň göreldesine eýerip, şeýle söýgini ösdürip bileris.

Rut bilen Nagomy Beýtlahama gelýär

20—22. a) Mowapdaky ýaşaýşy Nagoma nähili täsir etdi? b) Nagomy betbagtçylyga nähili garaýardy? (Şeýle-de Ýakup 1:13-e seret).

20 Elbetde, wepaly söýgi diňe bir sözde däl, eýsem, iş ýüzünde hem görkezilýär. Rut diňe bir Nagoma däl-de, Ýehowa-da söýgüsini görkezýär.

21 Ahyry, olar Iýerusalimden 10 km uzaklykda we günortasynda ýerleşýän Beýtlahama gelýär. Bu kiçi şäherde Nagomynyň maşgalasyny gowy tanaýardylar. Şol sebäpli Nagomynyň dolanyp gelendigi baradaky habar derrew ýaýrady. Aýallar Nagoma seredip: «Bu Nagomymy?!» diýişýärdiler. Onuň Mowapdaky durmuşynyň agyr bolandygy we betbagtçylyga uçrandygy ýüz-keşbinden görünýärdi (Rut 1:19).

22 Nagomy dogan-garyndaşlaryna we goňşularyna durmuşynyň nähili agyr bolandygyny gürrüň berýär. Şol sebäpli Nagomy «ýakymly» diýmegi aňladýan adyny üýtgedip, maňa Mara diýiň diýdi. Sebäbi bu «ajy» diýmegi aňladýar. Eýýup pygamber ýaly, görgüli Nagomy betbagtçylyklar Hudaýdandyr öýdýärdi (Rut 1:20, 21; Eýýup 2:10; 13:24—26).

23. Rut näme barada pikir edýär we garyplaryň aladasyny etmek üçin Ýehowanyň nähili kanuny bardy? (Şeýle-de çykgyda seret).

23 Rut Nagomy bilen Beýtlahamda ornaşansoň, özüni we gaýyn enesini eklemek barada pikir edýär. Ol garyplaryň aladasyny etmek üçin Ýehowanyň ysraýyllylara kanun berendigini bildi. Garyplar orak döwri ekin meýdanlaryna baryp, orakçylaryň yzyndan galan-gaçan hoşalary çöpläp, atyzlaryň gyrasynda galan hasyly orup bilýärdi * (Lew. 19:9, 10; Kan. tag. 24:19—21).

24, 25. Rut Bowazyň ekin meýdanyna gelende, ilki bilen, näme etdi we hoşa çöplemek nähili işdi?

24 Arpa orulýan döwür, ýagny aprel aýy Rut arpanyň hoşalaryny çöplemäge ekin meýdanlaryna çykýar. Şonda ol tötänden Bowaz atly baý adamyň ekin meýdanyna barýar. Ol Nagomynyň ýoldaşy Elimelegiň garyndaşydy. Musanyň kanunyny boýunça, Rut hoşalary soramanam çöpläp bilerdi, emma ol orakçylaryň ýolbaşçysyndan rugsat soraýar. Ol rugsat berensoň, Rut derrew işe girişýär (Rut 1:22—2:3, 7).

25 Orakçylar arpany oransoň, Rut olaryň yzynda galan hoşalary çöpläp, desselere bogýar-da, däneleri döwjek ýerine äkidýär. Bu ir bilen başlanýan, gaty ýadadýan, tiz önmeýän, agyr işdi. Muňa garamazdan, Rut dyngysyz işläp, käwagt diňe maňlaý derini süpürip, çörek iýmek üçin biraz dynç alýardy.

Rut özüni we Nagomyny eklemek üçin, hiç bir işi kiçilik bilmän, agyr zähmet çekýärdi

26, 27. Bowaz nähili adamdy we ol Ruta nähili garaýardy?

26 Rut oňa kimdir biri üns bererem öýtmeýärdi. Emma Bowaz ony görüp, orakçylardan onuň kimdigini soraýar. Bowaz Hudaýa iman edýändigi üçin günlükçi we gelmişek orakçylaryna: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlenýärdi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn» diýip jogap berýärdi. Bu ýaşuly adam Ýehowany söýýärdi we Ruta kakasy ýaly garaýardy (Rut 2:4—7).

27 Bowaz Ruta: «Gyzym» diýip ýüzlenýärdi. Ol Ruta öz meýdanlarynda hoşa çöplemegi we öýündäki ýaş gelin-gyzlarynyň ýanynda bolmagy maslahat berdi. Şeýle-de Bowaz işçilerine Ruta azar bermezligi tabşyryp, ony günortan çörege çagyrdy (Rut 2:8, 9, 14-nji aýatlary oka) *. Mundan başga-da, ol Ruty öwüp, göwnüni göterdi. Nädip?

28, 29. a) Rutuň nähili abraýy bardy? b) Senem Rut ýaly Ýehowadan nädip pena tapyp bilersiň?

28 Rut Bowazdan näme üçin şeýle ýagşylyk edýändigini soranda, ol gaýyn enesi Nagomy üçin eden ähli ýagşylyklaryny eşidendigini aýtdy. Bowaz Nagomynyň Beýtlahamdaky aýallaryň ýanynda Ruty öwendigini eşiden bolmaly. Ol Rutuň Ýehowa sežde edýändigini bilip, oňa: «Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip alkyş aýdýar (Rut 2:12).

29 Bowazyň aýdan sözleri, gör, nähili Rutuň göwnüni göterendir! Ene guşuň ganatynyň aşagynda çagalarynyň özüni howpsuz duýşy ýaly, Rut hem Ýehowanyň penasynda galmagy ýüregine berk düwdi. Ol Bowazyň aýdan sözlerine minnetdarlyk bildirip, agşama çenli ekin meýdanynda işledi (Rut 2:13, 17).

30, 31. Biz Rutuň işeňňirliginden, minnetdar bolmagyndan we wepaly söýgüsinden näme öwrenip bileris?

30 Şu günlerem iş tapmak kyn bolansoň, biz Rutuň imanyndan görelde alyp bileris. Ol dul bolany üçin, başgalar oňa kömek etmäge borçludyr öýtmedi. Ýöne oňa kömek edenlerinde minnetdarlyk bildirýärdi. Ol gaýyn enesini eklemek üçin, hiç bir işi özüne kiçilik bilmän, agyr zähmet çekýärdi. Rut howpsuz ýerde we gowy adamlaryň arasynda işlemek üçin, berlen maslahata eýerip, minnetdarlyk bildirdi. Esasanam, ol gökdäki Atasy Ýehowa Hudaýdan başga hiç kimden pena gözlemeýärdi.

31 Bizem Rut ýaly wepaly söýgimizi görkezsek, kiçigöwünli, işeňňir we Ýehowany tanandygymyza minnetdar bolsak, adamlara gowy görelde görkezip bileris. Ýehowa Rut bilen Nagomyny nädip bereketledi? Biz bu barada indiki bapdan bileris.

^ abzas 2 Rut 1:3 Adamsy Elimelek aradan çykyp, Nagomy özüniň iki ogly bilen galdy. 4 Onuň ogullary mowaply gyzlara öýlendiler. Gyzlaryň biriniň ady Orpa, beýlekisiniň ady Rutdy. Elimelegiň maşgalasy Mowapda on ýyl töweregi ýaşandan soň, 5 ogullary Mahlon bilen Kilýon hem ölüp, Nagomy ogullaryndan hem adamsyndan mahrum boldy. 6 Nagomy öz gelinleri bilen Mowap ýurdundan gitmäge taýýarlanýardylar, sebäbi ol entek Mowap topragyndaka, Rebbiň Öz halkyna nazar salyp, çörek berendigini eşidipdi.

^ abzas 8 Kanun taglymaty 6:5 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň.

^ abzas 23 Şonuň ýaly kanun Rutuň önüp-ösen ýurdunda ýokdy. Şol döwür Gündogar ýurtlarynda dul aýallar äsgerilmeýärdi. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Dul aýalyň aladasyny köplenç ogullary edýärdi. Eger onuň ogullary bolmasa, ol özüni gulçulyga satýardy ýa-da ahlaksyzlyga baş goşup, kemçin bolýardy ýa ölýärdi».

^ abzas 27 Rut 2:8 Bowaz Ruta: «Diňle, gyzym, hoşa çöplemäge başga ýere gitme. Bu ýerden aýrylma, biziň gelin-gyzlarymyzyň ýanynda bol. 9 Gözüň orakçylaryň orak orýan meýdanynda bolsun, sen olaryň yzyndan ýöre. Men öz adamlaryma saňa azar bermezligi tabşyrandyryn. Suwsan wagtyň hyzmatkärleriň dolduran küýzelerindäki suwdan içersiň» diýip tabşyrdy. 14 Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy.