Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

BÄŞINJI BAP

«Päk aýal»

«Päk aýal»

1, 2. a) Rut nähili işi edýärdi? b) Rut Hudaýyň halkynyň we onuň kanunlarynyň nähili gowy taraplaryny gördi?

RUT egilip, uzakly gün çöplän hoşalaryny bir ýere üýşürýär. Garaňky düşüp başlansoň, ekin meýdanlaryndaky işçileriň köpüsi baýyrlykda ýerleşýän kiçijik Beýtlaham (Beýtullaham) şäherine tarap ýola düşdüler. Rut irden agşama çenli dyngysyz işlänsoň, onuň endam-jany agyrýardy. Ol şonda-da kiçiräk taýak bilen däneleri döwüp, işini dowam edýärdi. Rutuň agyr zähmet çekendigine garamazdan, şol güni gowy geçdi.

2 Iň soňy onuň durmuşy gowulaşarmyka? Geçen bapdan bilşimiz ýaly, ol gaýyn enesi Nagomynyň ýanynda galyp, onuň Hudaýy Ýehowa gulluk etmegi ýüregine düwüpdi. Hasrat çekýän bu iki aýal Mowapdan Beýtlahama göçüp gelipdi. Mowaply Rut Ýehowanyň kanunlarynyň garyplary we gelmişekleri kemsitmeýändigine hem-de goraýandygyna göz ýetirdi. Ýehowanyň kanunlary boýunça ýaşaýan käbir adamlaryň eden ýagşylyklary onuň ýüregindäki derdini ýeňletdi.

3, 4. a) Bowaz Ruty nädip ruhlandyrdy? b) Gazanç etmek kyn bolan döwürde Rutdan nädip görelde alyp bileris?

3 Ýagşylyk eden adamlaryň biri Rutuň hoşa çöplän ekin meýdanlaryň eýesi baý we ýaşuly Bowazdy. Ol Rutuň kakasy ýaly aladasyny edýärdi. Rut Ýehowadan pena tapandygy we gaýyn enesi Nagomynyň aladasyny edýändigi üçin Bowazyň aýdan öwgüli sözlerini ýatlap ýylgyrýar (Rut 2:11—14-nji aýatlary oka) *.

4 Rut gelejegi barada oýlanýardy. Sebäbi ol ýat ýurtda gelmişekdi, ýoldaşy hem çagalary ýokdy. Ol özüni hem-de gaýyn enesini ekläp bilermi? Hoşa çöpläp gün görüp bilermi? Onsoňam, garranda kim onuň aladasyny eder? Elbetde, şeýle aladalar ony biynjalyk edendir. Şu günlerem köp adamlar gazanç etmek barada aladalanýar. Biz Rutuň şol kynçylyklara nädip döz gelendigini bilsek, onuň imanyndan görelde alyp bileris.

Hakyky maşgala nähili bolýar?

5, 6. a) Rutuň Bowazyň ekin meýdanynda işlän ilkinji güni nähili geçdi? b) Nagomy Ruty görende näme diýdi?

5 Rut arpa dänelerini döwüp, olaryň ählisini üýşürende, 14 kilograma golaý bolýar. Gün ýaşanda bolsa ol ony düwünçege düwýär-de, kellesine goýup, Beýtlahama tarap gidýär (Rut 2:17).

6 Nagomy gelniniň gelýänini görüp begenýär we onuň şeýle köp arpa dänelerini getirendigine haýran galýar. Şeýle-de Rut Bowazyň işçilerine beren çöreginden gaýyn enesine-de getirip, ony bile iýýär. Nagomy oňa: «Bu gün hoşany nireden çöplediň? Nirede işlediň? Sen barada aladalanan bu adamy Hudaý ýalkasyn» diýdi (Rut 2:19). Nagomy örän ünsli aýaldy. Ol Rutuň getiren arpasyny görüp, kimdir biriniň oňa ýagşylyk edendigini aňýar.

7, 8. a) Nagomy Bowazyň eden ýagşylygy kimdendir öýtdi we näme üçin? b) Rut gaýyn enesine wepaly söýgüsini ýene-de nädip görkezdi?

7 Rut bilen Nagomy Bowazyň eden ýagşylygy barada gürrüň edýär. Nagomy oňa ýene-de: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn!» diýdi (Rut 2:20). Nagomy Bowazyň eden ýagşylygynyň Ýehowadandygyny bilýär. Sebäbi Ýehowa gullukçylyryny jomart bolmaga höweslendirýär we olara eden ýagşylygy üçin bereket berjekdigini wada berýär * (Süleýmanyň tymsallary 19:17-ni oka).

8 Nagomy Ruta Bowazyň maslahatyna eýerip, orakçylar oňa azar bermez ýaly, ekin meýdanlarynda işlemegi we gelin-gyzlarynyň ýanynda bolmagy ündedi. Rut onuň aýdanlaryny edip, «gaýyn enesi bilen bile ýaşaberdi» (Rut 2:22, 23). Bu sözlerden ýene-de Rutuň wepaly söýgüsini görýäris. Rutuň göreldesinden biz maşgala agzalarymyzyň gadyryny bilip, olary kyn günlerinde goldamagy öwrenýäris. Ýehowa şeýle wepaly söýgini hiç haçan unutmaýar.

Rut bilen Nagomynyň mysaly maşgalamyzyň gadyryny bilmelidigini görkezýär

9. Rut bilen Nagomydan maşgala babatda näme öwrenýäris?

9 Rut bilen Nagomy, hakykatdanam, bir maşgaladymy? Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, «hakyky» maşgalada: är-aýal, ogul-gyz, mama-baba we başga-da adamlar bolmaly. Emma Rutuň we Nagomynyň mysalyndan görşümiz ýaly, kiçijik maşgalada hem bir-birine söýgi we mähir bildirilse, oňa hakyky maşgala diýip bolar. Sen maşgalaň gadyryny bilýärmiň? Isa şägirtlerine kimiň maşgalasy bolmasa, mesihçiler ýygnagyny öz maşgalasy hasaplamalydygyny aýtdy (Mar. 10:29, 30).

Rut bilen Nagomy bir-birini goldap, kömek edýärdi

«Iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir»

10. Nagomy Rut üçin näme edesi gelýärdi?

10 Rut aprel aýynda arpa oragyndan başlap, iýun aýynda bugdaý oragyna çenli Bowazyň ekin meýdanlarynda hoşa çöpleýärdi. Birnäçe hepdeden soň, Nagomy gowy görýän gelni üçin näme edip biljekdigi barada oýlanyp başlady. Mowapdan gelýärkä, ol Ruta ýanýoldaş tapyp bilmerin öýdýärdi (Rut 1:11—13). Emma häzir ol başgaça pikir edýär. Ol Ruta: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy!» diýýär (Rut 3:1). Şol döwür ene-atalar çagalaryna ýanýoldaş tapyp berýärdi. Nagomy Ruty öz gyzy ýaly gowy görýärdi. Ol Ruta «täze mesgen», ýagny täze maşgala hem-de aladasyny etjek ýanýoldaş tapyp bermek isleýärdi. Munuň üçin Nagomy näme etdi?

11, 12. a) Nagomy Bowaz «hossarymyz» diýende Hudaýyň haýsy kanunyny göz öňünde tutdy? b) Rut gaýyn enesiniň beren maslahatyna nähili garady?

11 Rut ilkinji gezek Bowaz barada gürrüň berende, Nagomy oňa: «Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýýär (Rut 2:20). Nagomy näme diýjek bolduka? Hudaýyň ysraýyllylara beren kanunynda kyn ýagdaýa düşen maşgalalar barada aýdylýardy. Çagasy bolmazdan öň, dul galan aýal ýoldaşynyň ady ýitýändigi we nesliniň galmaýandygy üçin hasam göwnüçökgün bolýardy. Hudaýyň kanunyna görä, ýogalan adamyň nesli dowam edip, onuň maşgalasynyň aladasyny etmek we mülküne eýe çykmak üçin dogany onuň dul galan aýalyna öýlenip bilýärdi * (Kan. tag. 25:5—7).

12 Nagomy Ruta näme etmelidigini düşündirdi. Ol gaýyn enesiniň aýdýan zatlaryna haýran galyp, gözleri tegelenip gidýär. Hudaýyň ysraýyllylara beren Kanuny Ruta nätanyşdy we olaryň köp adatlary gaty geňdi. Muňa garamazdan, ol Nagomynyň aýdýan her bir sözüni ünsli diňleýärdi. Gaýyn enesiniň beren maslahaty onuň üçin gelşiksiz we kemsidiji ýaly bolup görünse-de, Rut oňa eýermäge razy boldy. Ol gaýyn enesine: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi (Rut 3:5).

13. Rutuň uly ýaşly adamlaryň maslahatyna gulak asmagyndan näme öwrenip bileris? (Şeýle-de Eýýup 12:12-ni oka).

13 Käwagt ýaşlara garry we tejribeli adamlaryň berýän maslahatyna gulak asmak kyn bolýar. Olar garry adamlar biziň kynçylyklarymyza düşünmeýär diýip pikir edýär. Biz Rutuň mysalyndan gowy görýän we aladamyzy edýän uly ýaşly adamlara gulak asmagyň paýhaslydygyny we bereket berýändigini görýäris (Zebur 71:17, 18-nji aýatlary oka). Nagomy Ruta nähili maslahat berdi we ol oňa gulak asandygy üçin nähili bereket aldy?

Rut harmana barýar

14. Rut agşam nirä barýar?

14 Şol gün agşam Rut ýuwnup, endamyna ýag çalýar we iň gowy geýimlerini geýip, harmana barýar. Harman baýyrlykda, ýagny beýik ýerde ýerleşýärdi, sebäbi agşamlaryna ol ýerde şemal turýardy. Işçiler däneleri samandan arassalamak üçin, olary çarşak ýa-da pil bilen ýokaryk zyňanda, saman ýel bilen uçup gidýärdi, däneler bolsa ýere düşýärdi.

15, 16. a) Agşam harmanda bolan wakany gürrüň ber. b) Bowaz Rutuň aýagujynda ýatanyny nädip gördi?

15 Rut agşam işçileriň işini gutarmagyna bildirmän garaşýar. Bowaz bolsa, işçileriň arpany sowrup, bir ýere üýşürýändigine seredip durdy. Ol iýip-içip keýpini kökländen soň, hasylyny ogrulardan goramak üçin, harmanyň gyrasynda ýatýar. Rut Bowazyň ýatanyny görýär. Indi Nagomynyň aýdan zatlaryny etmegiň wagty geldi.

16 Rut Bowaza golaýlaşdygyça, ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Ol onuň dem alşyndan süýji ukuda ýatandygyny bilýär. Rut Nagomynyň aýdyşy ýaly, onuň aýagujy tarapyndan baryp, ýorganyny açýar-da, girip ýatýar. Ol garaşdygy saýyn, wagt geçmeýän ýaly bolup görünýärdi. Ýarygije Bowaz üşäp oýanýar we ýorganyny çekjek bolanda, biriniň bardygyny duýýar. «Görse, aýagujynda bir aýal ýatyr» (Rut 3:8).

17. Rutuň hereketini ahlaksyz hasaplaýan adamlar nämäni göz öňünde tutmaýar?

17 Bowaz: «Sen kim?» diýip soranda, ol sandyrap: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berýär (Rut 3:9). Käbir adamlar Rutuň eden işini we aýdan sözlerini ahlaksyz hasaplaýar. Emma olar iki zady göz öňünde tutmaýar. Birinjiden, Rut şol döwürdäki däplere eýerdi. Bu bolsa biziň günlerimizdäki pese düşen ahlak kadalaryndan düýbünden tapawutlanýardy. Ikinjiden, Bowaz Rutuň eden hereketini ýazgarman, ony öwýär.

Rutuň niýeti gowudy we ol öz bähbidini gözlemeýärdi

18. Bowazyň haýsy sözleri Ruta göwünlik berdi we onuň iki gezek görkezen wepaly söýgüsi nämäni aňladýar?

18 Bowazyň mähirli sözleri Ruta göwünlik berýär. Ol: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň» diýýär (Rut 3:10). Rutuň «ozalky» görkezen wepaly söýgüsi Nagomy bilen Ysraýyla gelip, onuň aladasyny edýändigini aňladýar. Onuň «soňky» görkezen wepalylygy özüniň hem Nagomynyň ýoldaşynyň adynyň ýitmezligi üçin, ýaşuly Bowaza durmuşa çykmaga razy bolandygyny aňladýar. Bowaz Rut ýaly ýaş gelniň baý ýa-da garyp ýaş ýigitleriň arasyndan özüne ýanýoldaş tapyp biljekdigini bilýärdi. Rut muny diňe bir Nagomy üçin däl, eýsem, gaýyn atasynyň adynyň ýitmezligi we mülküniň elden gitmezligi üçin etdi. Bowaz ýaş gelniň diňe öz aladasyny etmeýändigine göz ýetirdi.

19, 20. a) Bowaz Ruta näme üçin şol bada öýlenmeýär? b) Bowaz Rutuň we özüniň abraýy barada nädip alada edýär?

19 Bowaz: «Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär» diýdi (Rut 3:11). Rut hossar çykmagy haýyş edende, Bowaz geň galmaýar. Sebäbi ol oňa öýlenesi gelýärdi. Bowaz dogruçyl adam bolany üçin, oňa şol bada öýlenmeýär. Ol Ruta ondanam has ýakyn hossarynyň bardygyny aýdýar. Bowaz, ilki bilen, şol adamyň ýanyna baryp, Ruta öýlenmegi teklip edýär.

Rut adamlara ýagşylyk edip we hormat goýup gowy abraý gazandy

20 Bowaz Ruta ertire çenli şu ýerde gal, irden bolsa bildirmän öýüňe gaýt diýýär. Ol Rutuň we özüniň abraýy barada alada edýärdi. Sebäbi adamlar olar barada nädogry pikirde bolmagy mümkindi. Bu gezek Rut onuň aýagujynda arkaýyn ýatýar, sebäbi Bowaz onuň haýyşyny bitirjekdigini aýdýar. Soňra ol daň atmanka turýar. Bowaz sowgat hökmünde jomartlyk bilen onuň ýapynjasyny arpadan dolduryp, Beýtlahama ugradýar (Rut 3:13—15-nji aýatlary oka) *.

21. Rut «päk aýal» diýen ady nädip gazandy we biz nädip onuň göreldesine eýerip bileris?

21 Bowazyň: «Ähli adamlar seniň päk aýaldygyny bilýär» diýen sözleri Ruty, gör, nähili ruhlandyrandyr! Onuň Ýehowany tanamagy we oňa gulluk etmegi abraýyny hasam artdyrdy. Ol Nagoma we onuň halkyna ýagşylyk edip, hormat goýdy hem-de nätanyş däp-dessurlara höwes bilen eýerdi. Bizem adamlara we olaryň däp-dessuryna hormat goýsak, Rutuň imanyndan görelde alarys. Şeýdip, biz gowy abraý gazanarys.

Rut üçin täze mesgen

22, 23. a) Bowazyň Ruta beren sowgady nämäni aňladan bolmaly? (Şeýle-de çykgyda seret). b) Gaýyn enesi Ruta näme etmelidigini aýdýar?

22 Gaýyn enesi Rutdan: «Gyzym, hany aýt, nämeler bolup geçdi?» diýip, soramak bilen onuň dullugyna galýandygyny ýa-da durmuşa çykmaga umydynyň bardygyny biljek bolýar. Şonda Rut oňa bolan zatlary derrew gürrüň berýär. Şeýle-de ol Bowazyň Nagoma eli açyklyk bilen iberen arpa sowgadyny berýär * (Rut 3:16, 17).

23 Nagomy Ruta şol gün ekin meýdanlaryna gitmän, öýde galmalydygyny aýdýar. Gaýyn enesi oňa: «ol (Bowaz) bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýýär (Rut 3:18).

24, 25. a) Bowaz dogruçyl we öz bähbidini gözlemeýän adamdygyny nädip görkezdi? b) Hudaý Ruta nähili bereket berdi?

24 Nagomynyň Bowaz baradaky aýdan sözi dogrudy. Bowaz şäheriň derwezesine ýaşulularyň ýanyna baryp, Nagomynyň iň ýakyn garyndaşynyň gelerine garaşýar. Ol şaýatlaryň öňünde oňa Ruta öýlenmegi teklip edýär. Emma iň ýakyn garyndaşy mirasy dargar öýdüp, öýlenmekden boýun gaçyrýar. Soňra Bowaz şaýatlaryň öňünde Nagomynyň ýoldaşy Elimelegiň mülküni satyn alyp, Mahlonyň aýaly Ruta öýlenjekdigini aýdýar. Bowaz muny merhum garyndaşynyň ady ýitmez ýaly edýär (Rut 4:1—10). Bowaz, hakykatdanam, dogruçyl we öz bähbidini gözlemeýän adamdy.

25 Bowaz Ruta öýlenensoň, «Rut Rebbiň merhemeti bilen göwreli boldy we bir ogul dogurdy». Beýtlahamdaky aýallar Nagomy üçin ýedi oguldan hem artyk bolan Ruty öwüp, alkyş aýdýarlar. Biz Rutuň oglunyň Dawut patyşanyň atasy bolandygyny bilýäris (Rut 4:11—22). Isa Mesih hem Dawudyň neslinden dogulýar (Mat. 1:1) *.

Rutuň neslinden Isa Mesih doguldy

26. Rut bilen Nagomynyň mysalyndan näme öwrenýäris?

26 Nagomy Rutuň ogluna öz çagasy ýaly seredýär. Bu bolsa Ýehowanyň Ruta beren ýene bir berekedidi. Bu iki aýalyň mysalyndan agyr zähmet çekýän we oňa wepaly gulluk edýän adamlary Ýehowanyň unutmaýandygyny bilýäris. Ol Bowaz, Nagomy we Rut ýaly wepaly gullukçylaryny hiç haçan sylagsyz goýmaýar.

^ abzas 3 Rut 2:11 Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyn eneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň. 12 Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi. 13 Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi. 14 Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy.

^ abzas 7 Nagomy Ýehowanyň diňe bir dirilere däl, eýsem ölülere-de ýagşylyk edýändigini aýdýar. Nagomynyň ýoldaşy we iki ogly aýrylypdy. Rutuň bolsa ýoldaşy aradan çykypdy. Olaryň üçüsi hem bu iki aýalyň ýakyn hossarydy. Nagomy bilen Ruta edilen ýagşylyk, olaryň hossarlaryna edilen ýalydy.

^ abzas 11 Dul aýala, ilki, ýoldaşynyň dogany, bolmasa ýakyn garyndaşlarynyň biri öýlenip, mülküne eýe bolup bilýärdi (San. 27:5—11).

^ abzas 20 Rut 3:13 «Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi. 14 Şeýlelikde, Rut onuň aýagujynda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi. 15 Bowaz Ruta: «Ýapynjaňy getirip, ony ýere ýaz!» diýdi. Rut hem ony etdi. Bowaz arpadan galbir bilen alty gezek alyp, Rutuň ýapynjasyna guýdy-da, onuň omzuna goýdy. Soňra Bowaz gala tarap gitdi.

^ abzas 22 Bowazyň Ruta beren alty galbir arpasy — sabat dynç alyş gününe çenli alty günlük iş hakyny aňladan bolmaly. Sebäbi Rut «dynç alýança», ýagny durmuşa çykyp, täze mesgen tutýança işläpdi. Ýa-da Bowaz oňa äkidip biljek arpasyny beren bolmaly.

^ abzas 25 Mukaddes Ýazgylardaky Isanyň nesil şejeresinde agzalýan bäş aýalyň biri Rut. Olaryň ýene biri Bowazyň ejesi Rahawdy (Mat. 1:3, 5, 6, 16). Ol hem Rut ýaly ysraýyl halkyndan däldi.