Birinji Ýahýa 2:1—29

  • Isa ýaraşdyrýan gurbandyr (1, 2)

  • Tabşyryklary berjaý etmek (3—11)

    • Köne we täze tabşyryk (7, 8)

  • Hatyň ýazylmagynyň sebäbi (12—14)

  • Dünýäni söýmäň (15—17)

  • Mesihiň duşmany hakda (18—29)

2  Balalarym, şu haty günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Eger biri günä etse, Atanyň ýanynda kömekçimiz* dogruçyl+ Isa Mesih+ bardyr.  Ol Hudaý bilen ýaraşdyrýan, günälerimiz üçin+ berlen gurbandyr+. Ol diňe biziň üçin däl, bütin dünýä üçin berlen gurbandyr+.  Eger onuň tabşyryklaryny berjaý edýän bolsak, diýmek, ony tanaýarys.  Kim: «Men ony tanaýaryn» diýip⁠-⁠de, tabşyryklaryny berjaý etmese, ýalançydyr, onda hakykat ýokdur.  Emma Hudaýy hakykatdan söýýän adam onuň sözüni berjaý edip+, onuň bilen agzybirligi saklaýandyr+.  Kim: «Onuň bilen birlikdedirin» diýse, Isa ýaly ýaşamaga borçludyr+.  Eziz balalarym, men täze däl⁠-⁠de, başda berlen köne tabşyrygy ýazýaryn+. Siz köne tabşyrygy öň eşidipdiňiz.  Size ýene⁠-⁠de täze tabşyryk hakda ýazýaryn, şol tabşyryga Mesih hem eýeripdi, siz hem eýerýärsiňiz, sebäbi garaňkylyk geçip barýar, hakyky nur eýýäm ýagty saçýar+.  Kim nurda gezýärin diýip⁠-⁠de, doganyny ýigrense+, ol henizem garaňkylykdadyr+. 10  Doganyny söýýän nurda gezýändir+, büdreýän däldir. 11  Emma doganyny ýigrenýän kişi garaňkylykdadyr we garaňkylykda gezýändir+. Ol nirä barýandygyny⁠-⁠da bilýän däldir+, sebäbi garaňkylyk ony kör edendir. 12  Balalarym, Hudaý Isanyň adynyň hatyrasyna günäleriňizi bagyşlady+, şonuň üçin size hat ýazýaryn. 13  Eý atalar, size⁠-⁠de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi owal⁠-⁠başdan bar bolany tanadyňyz. Eý ýaşlar, size⁠-⁠de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi Şeýtany* ýeňdiňiz+. Eý çagalar, size⁠-⁠de hat ýazmagy makul bildim, sebäbi Atany tanadyňyz+. 14  Atalar, size ýüzlenýärin, sebäbi owal⁠-⁠başdan bar bolany tanadyňyz. Ýaşlar, size⁠-⁠de ýüzlenýärin, sebäbi siz gujur⁠-⁠gaýratly+, Hudaýyň sözüni ýüregiňizde saklap+, Şeýtany* ýeňdiňiz+. 15  Dünýäni⁠-⁠de, dünýädäki zatlary⁠-⁠da söýmäň+. Dünýäni söýýän adam Atany söýýän däldir+. 16  Sebäbi dünýädäki zatlar: ten höwesi+, göz höwesi+ we zadyňa öwünmeklik Atadan däl⁠-⁠de, dünýädendir. 17  Dünýä we onuň höwesleri geçip gider+, emma Hudaýyň islegini berjaý edýän adam ebedi ýaşar+. 18  Balalarym, häzir soňky sagatdyr. Bilşiňiz ýaly, Mesihiň duşmany* gelýär+. Häzir Mesihiň duşmanlary has köpeldi+, şonuň üçin soňky sagadyň gelendigini bilýäris. 19  Olar biziň aramyzdady, ýöne çykyp gitdiler, sebäbi biziňki däldiler+. Eger olar bize degişli bolsadylar, aramyzda bolardylar. Emma olar gidip, bize degişli däldigini görkezdiler+. 20  Sizi Mukaddes Hudaý saýlady*+, ähliňiz hakykaty bilýärsiňiz. 21  Size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl⁠-⁠de+, bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi ýalan zatdan hakykat döreýän däldir+. 22  Isanyň Mesihdigini inkär edýän adam ýalançy dälmi?+ Ol Mesihiň duşmanydyr*+, Atany we Ogly inkär edýändir. 23  Ogly inkär edýän adam Atany razy edýän däldir+. Emma Ogly kabul edýän+ Atany razy edýändir+. 24  Siz bolsa öňden eşiden zatlaryňyzy ýüregiňizde saklaň+. Eger olary ýüregiňizde saklamasaňyz, onda ne Ogul, ne⁠-⁠de Ata bilen agzybirligi saklap bilersiňiz. 25  Onsoňam, Hudaý bize ebedi ýaşaýşy wada berdi ahyryn+. 26  Men aldajak bolýanlar hakda⁠-⁠da ýazýaryn. 27  Size bolsa öwredýän adam gerek däl, sebäbi Hudaý sizi saýlap*+, mukaddes ruhuny berdi. Ol size ruhy arkaly ähli zady öwredýär+, onuň sizi saýlandygy ýalan däl⁠-⁠de, hakykatdyr. Ruhuň öwredişi ýaly, onuň bilen agzybir boluň+. 28  Hawa, balalarym, onuň bilen agzybir boluň, şonda ol äşgär bolanda ynamly* geplärsiňiz+, gelende* bolsa utanyp, ondan gaçmarsyňyz. 29  Eger siz onuň dogruçyldygyny bilýän bolsaňyz, onda her bir dogruçyl adamyň Hudaýyň perzendidigini bilýänsiňiz+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: aklawçymyz.
Sözme⁠-⁠söz: zalymy.
Sözme⁠-⁠söz: zalymy.
Ýa⁠-⁠da: deçjal. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Ýa⁠-⁠da: deçjaldyr. Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Saýlanmak.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.