Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy kim?

Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy kim?

Allatagala Mukaddes Kitaba Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy hakda ýazdyrdy. Geliň, olaryň käbiri barada gürrüň edeliň.

  • Patyşany Hudaý bellemelidi. «Patyşamy belledim» (Zebur 2:6). «Ony ýer ýüzüniň ähli patyşalaryndan beýgelderin» (Zebur 89:27).

  • Patyşa Dawut patyşanyň neslinden bolmalydy. «Biziň üçin bir çaga doguldy, bize bir ogul berildi... Onuň hökümdarlygynyň çägi bolmaz, hemişe parahatçylyk bolar. Ol Dawudyň tagtynda, patyşalyk tagtynda oturar. Onuň hökümdarlygy berk bolar» (Işaýa 9:6, 7).

  • Patyşa Beýtullahamda dünýä inmelidi. «Beýtullaham... hökümdar senden çykar... Onuň at-owazasy ýeriň ähli künjegine ýeter» (Mikaý 5:2, 4).

  • Adamlar Patyşany ýigrenip, ölüme höküm etmelidi. «Ony ýigrendiler... biz ony adam sanynda görmedik... Ol biziň günälerimiz üçin ýaralandy, etmişlerimiz üçin ejir çekdi» (Işaýa 53:3, 5).

  • Patyşa direlmelidi we şöhratlanmalydy. «Sen meni mazarda goýmarsyň, wepaly guluňy mazarda galdyrmarsyň» (Zebur 16:10). «Ýehowa meniň Halypama: „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur“ diýdi» (Zebur 110:1).

Isa Mesih — iň gowy Patyşa

Adamzat taryhynda iň gowy Patyşa bolup biljek ýeke-täk ynsan bardy. Ol hem Isa pygamberdi. Allanyň perişdesi Isa pygamberiň ejesiniň ýanyna gelip: «Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer... Patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi (Luka 1:31—33).

Isa pygamber ýer ýüzünde patyşa bolmady. Ol gökde Patyşa bolup, ýer ýüzüniň üstünden höküm sürmelidi. Isa näme üçin iň gowy Patyşa diýse bolar? Geliň, Isa pygamberiň ýer ýüzünde ýaşanda nämeler edendigini bileliň.

  • Isa adamlaryň ýürekden aladasyny edýärdi. Ol adamlaryň tire-taýpasyna, baý-garyplygyna, garry-ýaşlygyna, erkek ýa-da aýaldygyna garamazdan, hemmelere kömek edýärdi (Matta 9:36; Markus 10:16). Heýwere keselli adam Isa pygamberiň ýanyna gelip: «Sen isleseň, meni sagaldyp bilersiň» diýdi. Isa pygamberiň oňa ýüregi awady we elini degrip sagaltdy (Markus 1:40—42).

  • Isa Hudaýy razy etmek üçin näme etmelidigini aýtdy. Ol: «Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz» diýdi. Isa pygamber: «Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň» diýdi. Isanyň şu öwüt-ündewine «Altyn düzgün» hem diýilýär. Isa pygamber Allatagalanyň diňe bir edýän işlerimizi däl-de, oý-pikirimizi hem bilýändigini aýtdy. Eger ýüregimizdäki arzuw-islegimize ünsli bolsak, Hudaýy razy edip bileris (Matta 5:28; 6:24; 7:12). Isa Hudaýyň talaplaryny bilýän we ýerine ýetirýän adamlaryň bagtly ýaşajakdygyny aýtdy (Luka 11:28).

  • Isa adamlary ýürekden söýmelidigini aýtdy. Isanyň sözleri we edýän işleri adamlaryň ýüregine güýçli täsir edýärdi. «Märeke onuň öwredişine haýran galýardy. Sebäbi ol kanunçylar ýaly däl-de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi» (Matta 7:28, 29). Isa pygamber: «Duşmanlaryňyzy söýüň» diýdi. Ol özüni ölüme höküm eden adamlar üçin hem Hudaýa dileg edip: «Olary bagyşla, olar näme edýänini bilmeýär» diýdi (Matta 5:44; Luka 23:34).

Rehimdar we mähirli Isa pygamber adamlaryň aladasyny edip, bütin dünýäniň üstünden hökümdarlyk etjek ýeke-täk Patyşadyr. Isa ýer ýüzüniň üstünden haçan höküm sürüp başlar?