Mikaý 5:1—15

  • Hökümdaryň at⁠-⁠owazasy ýeriň ähli künjegine ýaýrar (1—6)

    • Hökümdar Beýtullahamdan çykar (2)

  • Aman galanlar çyg deý, şir deý bolarlar (7—9)

  • Ýurt arassalanar (10—15)

5  «Gabawa düşen şäheriň ilaty!Sen öz bedeniňe ýara salýarsyň.Biz gabawa düşdük+. Olar Ysraýyl kazysynyň ýüzüne taýak bilen urýarlar+.   Beýtullaham Efrafa!+Sen Ýahuda tireleriniň* iň kiçisi bolsaň-da,Ysraýylyň hökümdary senden çykar,Ol islegimi berjaý eder+.Onuň asly gadymy döwürdendir, geçmişdendir.   Göwreli aýal dogurýança,Hudaý halkyna nazar salmaz. Şonda aman galan doganlary Ysraýyla dolanar.   Ol Ýehowanyň güýji bilen,Ýehowa Hudaýyň beýik ady bilen çopançylyk eder+. Onuň at-owazasy ýeriň ähli künjegine ýeter+.Olar asudalykda ýaşar+.   Ol parahatlyk getirer+. Assiriýalylar ýurdumyzy basyp aljak bolsa,Berk diňlerimizi ýumurjak bolsa+,Olar bilen söweşer ýaly,Adamlaryň içinden ýedi çopany, sekiz serdary belläris.   Olar Assiriýany,Nemrutyň ýurduny*+ gylyçdan geçirer+. Assiriýalylar ýurdumyza gelip, topragymyzy depelese,Şol hökümdar halas eder+.   Ýakubyň aman galanlary köp halklaryň arasyndaÝehowanyň gök otlara inderýän çygy deý,Ýagdyrýan ýagşy deý bolar.Sebäbi çyg-da, ýagyş-da adam ogullaryna bagly däldir,Olaryň üstünden ynsanyň ygtyýary ýokdur.   Ýakubyň aman galanlarynyň penjesindenHiç kim halas bolup bilmez.Olar köp halklaryň, milletleriň içinde,Jeňňel haýwanlarynyň arasyndaky arslan kimin bolar,Goýunlaryň arasyndaky şir kimin,Sürä topulyp, ony tüýt-müýt eden ýolbars kimin bolar.   Sen duşmanlaryň üstünden ýeňiş gazanarsyň,Ähli ýagylaryňy ýok edersiň». 10  Ýehowa şeýle diýýär:«Şol gün atlaryňy ýok ederin,Söweş arabalaryňy bölek-bölek ederin. 11  Şäherleriňi weýran ederin,Berk galalaryňy ýer bilen ýegsan ederin. 12  Gözbagçylaryňy ýok ederin,Araňyzda jadygöýler bolmaz+. 13  Oýma butlaryňyzy,Keramatly sütünleriňizi çym-pytrak ederin.Siz indi elleriňiziň ýasan zadyna sežde etmersiňiz+. 14  Keramatly pürsleriňizi* goparyp taşlaryn+,Şäherleriňizi ýer bilen ýegsan ederin. 15  Maňa gulak asmaýan milletlerden,Gahar-gazap bilen ar alaryn».

Çykgytlar

Ýa-da: şäherçeleriniň.
Ýa-da: serhetlerini.
Sözlüge serediň.