Markus 1:1—45

  • Suwa çümdürýän Ýahýa (1—8)

  • Isa suwa çümdürilýär (9—11)

  • Şeýtan Isany synaýar (12, 13)

  • Isa Jelilede wagyz edip başlaýar (14, 15)

  • Ilkinji şägirtler çagyrylýar (16—20)

  • Zalym ruh kowlup çykarylýar (21—28)

  • Isa Kapernawumda syrkawlary sagaldýar (29—34)

  • Isa ýekelikde doga edýär (35—39)

  • Heýwere keselli sagalýar (40—45)

1  Hudaýyň Ogly Isa Mesih baradaky hoş habar şeýle başlanýar.  Işaýanyň pygamberliginde: «Seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar+.  Çölde biriniň sesi eşidilýär: „Ýehowa* ýol taýýarlaň! Ýodalaryny dogrulaň!“» diýilýär+.  Suwa çümdürýän Ýahýa çöldedi. Ol adamlara: «Toba edip, suwa çümdüriliň. Şonda Hudaý günäleriňizi bagyşlar» diýip wagyz edýärdi+.  Tutuş Ýahudanyň we Iýerusalimiň halky onuň ýanyna gelýärdi. Olar günälerini boýun alýardylar, Ýahýa hem olary Iordan derýasynda suwa çümdürýärdi+.  Ýahýanyň egninde düýe ýüňünden eşigi, bilinde deriden guşagy bardy+. Ol çekirtge we ary balyny iýýärdi+.  Ýahýa adamlara: «Menden has beýik adam gelýär. Men eglip, onuň çarygynyň* bagyny çözmäge⁠-⁠de mynasyp däldirin+.  Men sizi suwa çümdürdim, emma ol sizi mukaddes ruh bilen çümdürer»+ diýip wagyz edýärdi.  Şol günler Isa Jeliläniň Nazaret şäherinden geldi, Ýahýa ony Iordan derýasynda suwa çümdürdi+. 10  Isa suwdan çykan badyna, gögüň açylandygyny we mukaddes ruhuň kepderi kimin üstüne inip gelýändigini gördi+. 11  Şonda gökden: «Sen meniň söýgüli Oglum, men senden razydyryn»+ diýen ses eşidildi. 12  Hudaýyň ruhy Isany derrew çöle alyp gitdi. 13  Isa 40 günläp çölde ýyrtyjy haýwanlaryň arasynda boldy, şonda Şeýtan ony synady+. Perişdeler bolsa Isa hyzmat etdiler+. 14  Ýahýa tussag edilende, Isa Jelilä gidip+, Hudaýyň hoş habaryny wagyz etdi+. 15  Ol: «Bellenen wagt geldi, Hudaýyň Patyşalygy golaýlady. Toba ediň+, hoş habary kabul ediň» diýýärdi. 16  Isa Jelile deňziniň kenaryndan barýarka, deňze torlaryny zyňyp duran+ Simun bilen dogany Andreasy+ gördi. Olar balykçydy+. 17  Isa olara: «Meniň yzyma düşüň. Men sizi adam tutýan balykçy edeýin» diýdi+. 18  Olar şol bada torlaryny taşlap, Isanyň yzyna düşdüler+. 19  Isa biraz ýöränsoň, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýahýany gördi. Olar gaýykda torlaryny bejerip otyrdylar+. 20  Isa şol bada olary ýanyna çagyrdy. Olar hem kakasy Zebedeýi, hakyna tutan işçilerini we gaýygy goýup, Isanyň yzyna düşdüler. 21  Soňra olar Kapernawuma gitdiler. Sabat güni* geldi, Isa sinagoga* baryp, adamlara öwredip başlady+. 22  Adamlar onuň öwredişine haýran galdylar, sebäbi ol kanunçylar ýaly däl⁠-⁠de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi+. 23  Şol wagt sinagogada jynly adam bardy. Ol gygyryp: 24  «Eý nazaretli Isa, biziň bilen näme işiň bar?+ Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men bilýän, sen Hudaýyň Mukaddesi!»+ diýdi. 25  Isa jyna käýäp: «Kes sesiňi, onuň içinden çyk!» diýdi. 26  Jyn adamy titredip, gygyrdyp çykyp gitdi. 27  Adamlar muňa haýran galyp, biri⁠-⁠birine: «Bäh, ol täze zat öwredýärmi? Ol hatda jynlara⁠-⁠da buýruk berýär, olar hem gulak asýar» diýişdiler. 28  Tizden Isa hakdaky gürrüň Jeliläniň ähli ýerlerine ýaýrady. 29  Olar sinagogadan çykyp, Simun bilen dogany Andreasyň öýüne gitdiler. Ýakup bilen Ýahýa hem olaryň ýanyndady+. 30  Simunyň gaýynenesiniň+ gyzgyny galyp ýatyrdy. Olar muny Isa aýtdylar. 31  Isa onuň ýanyna bardy we elinden tutup, ýerinden turuzdy. Şonda aýalyň gyzgyny gaýtdy we myhmanlara hyzmat edip başlady. 32  Gün batyp, agşam düşende, Isanyň ýanyna syrkaw we jynly adamlary getirdiler+. 33  Şäheriň ilaty gapynyň agzyna üýşdi. 34  Isa dürli keselli adamlary sagaldyp+, ençeme jynlary kowup çykardy. Isa jynlara geplemäge rugsat bermeýärdi, sebäbi olar onuň Mesihdigini* bilýärdi. 35  Isa daň atmanka turup, daşary çykdy. Çola ýere gidip, doga etdi+. 36  Simun bilen beýleki şägirtler bolsa ony gözlemäge gitdiler. 37  Isany tapanlarynda: «Adamlar seni gözläp ýör» diýdiler. 38  Isa olara: «Ýörüň, başga ýere, golaýdaky şäherlere gideliň. Men ol ýerlerde⁠-⁠de wagyz etmeli, sebäbi şonuň üçin geldim»+ diýdi. 39  Şeýlelikde, ol tutuş Jelilä aýlanyp, sinagogalarda wagyz edýärdi we jynlary kowup çykarýardy+. 40  Isanyň ýanyna heýwere* keselli adam geldi. Ol dyza çökdi⁠-⁠de, ýalbaryp: «Sen isleseň, meni sagaldyp bilersiň» diýdi+. 41  Isanyň ýüregi awap, elini degirdi⁠-⁠de: «Elbetde, isleýärin!» diýdi+. 42  Ol adam şol bada heýwere keselinden sagalyp, tämiz boldy. 43  Isa oňa berk tabşyryp: 44  «Muny hiç kime aýdaýma, ýöne baryp, ruhana görün. Musanyň tämizlenmek baradaky tabşyrygyna görä, gurbanlyk ber+. Goý, ruhanylar sagalandygyňy görsün»+ diýdi. 45  Emma ol Isanyň ýanyndan gaýdyp, bolan zatlary hemmelere gürrüň berdi. Waka ähli ýere ýaýrapdy, şonuň üçin Isa şähere arkaýyn girip bilmän, çola ýerlerde bolýardy. Şonda⁠-⁠da ýanyna ähli ýerlerden adamlar gelýärdi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: aýakgabynyň; köwşüniň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: kimdigini.
Sözlüge serediň.