Esasy materiala geçiň

Isa pygamber nädip «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi»?

Isa pygamber nädip «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi»?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Isa pygamberiň töleg gurbany arkaly Hudaý adamzady günäden we ölümden azat edýär. Mukaddes Kitapda Isanyň döken ganyna tölegiň bahasy diýilýär (Efesliler 1:7; 1 Petrus 1:18, 19). Şol sebäpli Isa: «Köpleriň ugrunda janymy töleg hökmünde bermek üçin geldim» diýdi (Matta 20:28).

Näme üçin «köpleriň ugrunda... töleg» bermek gerekdi?

 Ilkinji ynsan Adam ata günäsiz, ýagny kämil edip ýaradyldy. Ýöne ol Hudaýa gulak asmandygy üçin ebedi ýaşamak mümkinçiligini ýitirdi (1 Musa 3:17—19). Hatda ol günäniň erbet netijesini öz nesline-de geçirdi (Rimliler 5:12). Şol sebäpli Mukaddes Kitapda Adam ata özüni we çagalaryny günäniň hem-de ölümiň gulçulygyna «satdy» diýilýär (Rimliler 7:14). Adam atanyň ýitiren ýaşaýşyny bikämil adamlaryň hiç biri gazanyp bilmeýär (Zebur 49:7, 8).

 Hudaýyň Adam atanyň nesliniň çykalgasyz ýagdaýyna haýpy geldi (Ýahýa 3:16). Emma olaryň günälerine göz ýummak ýa-da degerli sebäp bolmasa-da bagyşlamak Onuň adalatly talaplaryna laýyk gelmeýär (Zebur 89:14; Rimliler 3:23—26). Hudaý Adam atanyň neslini söýýär. Şol sebäpli olaryň günälerini diňe bir bagyşlaman, eýsem, onuň erbet netijesini kanuna esaslanyp aýyrmak isleýär (Rimliler 5:6—8). Töleg gurbany bolsa bu talaba laýyk gelýär.

Töleg gurbanynyň nähili peýdasy bar?

 Mukaddes Kitapda «töleg» diýen söz üç zady öz içine alýar:

  1.   Bahasyny tölemegi (4 Musa 3:46, 47).

  2.   Azat edilmegi (2 Musa 21:30).

  3.   Laýyk gelmegi a.

 Geliň, bu üçüsiniň Isa pygamberiň töleg gurbany bilen nähili baglanyşygynyň bardygyna seredeliň.

  1.   Bahasyny tölemek. Mukaddes Kitapda mesihçilere «gymmat baha satyn alyndyňyz» diýilýär (1 Korinfliler 6:20; 7:23). Bu baha Isanyň döken gany; ol «her taýpadan, her dilden, her halkdan we her milletden bolan adamlary Hudaýa gulluk etmekleri üçin... satyn aldy» (Ylham 5:8, 9).

  2.   Azat edilmek. Isa pygamberiň «töleg gurbany» günäden azat edýär (1 Korinfliler 1:30; Koloslylar 1:14; Ýewreýler 9:15).

  3.   Laýyk gelmek. Isa pygamberiň töleg gurbany Adam atanyň ýitiren janyna, ýagny kämil ynsan ýaşaýşyna laýyk gelýär (1 Korinfliler 15:21, 22, 45, 46). Mukaddes Kitapda: «Bir adamyň (Adam atanyň) gulak asmazlygy sebäpli köpler günäli bolan bolsa, onda bir adamyň (Isa pygamberiň) gulak asmagy bilen hem köp adamlar dogry hasaplandy» diýilýär (Rimliler 5:19). Bu bolsa bir adamyň janyny gurban bermegi bilen günäli adamlar üçin töleg tölenendigini görkezýär. Dogrudanam, Isanyň gurban beren jany «ähli adamlar üçin töleg hökmünde» peýda berýär; her bir adam mundan peýda almak üçin tagalla etmeli (1 Timoteos 2:5, 6).

a Mukaddes Kitapda «töleg» diýip terjime edilen sözleri baha, bir zadyň gymmaty, bahasyny tölemek diýen manylary berýär. Meselem, «kaphar» diýen ýewreý işligi «üstüni ýapmak» manyny berýär (1 Musa 6:14). Bu köplenç günäniň öwezini dolmagy aňladýar (Zebur 65:3). Bu söz at, ýagny «kopher» görnüşinde gelende, bahasyny doly töläp, azat edimegi aňladýar (2 Musa 21:30). Şeýle-de «lytron» diýen grek sözi köplenç «töleg» diýip terjime edilip, «tölegiň bahasy» diýen manyny hem berýär (Matta 20:28). Grek ýazyjylary bu sözi uruşda ele düşenleri ýa-da gullary boşatmak üçin tölenýän baha bilen baglanyşdyryp ulanýar.