Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Isa pygamber resullaryna Hudaýyň Patyşalygynyň gelmegi hakda dileg etmegi öwretdi. Ol ýer ýüzünde bolýan elhenç wakalara Hudaýyň günäkär däldigine düşünýärdi. Şeýle-de Isa ýer ýüzündäki erbetlikleri diňe Hudaýyň Patyşalygynyň düzetjekdigini bilýärdi. Hudaýyň Patyşalygy nähili işleri eder?

HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ EDEN IŞLERI

Biz geçen makalada Isanyň aýdan pygamberlikleri hakda gürrüň edipdik. Pygamberlikleriň ýerine ýetmegi Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň berkarar edilendigini we onuň Patyşasynyň Isadygyny subut edýär.

Mukaddes Kitapda Isa Patyşa bolansoň, Şeýtany we onuň jynlaryny gökden ýer ýüzüne zyňandygy aýdylýar. Indi olar ýer ýüzüniň çäginden çykyp bilmeýärler. Şol sebäpli 1914-nji ýyldan bäri ýer ýüzünde erbetlik has-da köpelýär (Ylham 12:7, 9).

Dünýäniň ýagdaýy erbetleşse-de, Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy Isa adamlara kömek etmek üçin elinde baryny edýär. Isanyň ýolbaşçylygynda bütin dünýäde Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler. Okuw geçýän adamlar Hudaýy razy edip, bagtly ýaşaýarlar (Işaýa 2:2—4). Millionlarça adamlar indi bar ünsüni işe bermän, maşgalasy bilen agzybir ýaşaýarlar; baýlygyň guly bolman, baryna kaýyl bolýarlar. Olar häzirden köp peýda tapýarlar we Hudaýyň Patyşalygynyň raýaty bolmak üçin jan edýärler.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ ETJEK IŞLERI

Isa gökde Patyşa bolsa-da, ýer ýüzünde adamlar hökümdarlyk edýär. Ýöne Allatagala Isa pygambere: «Duşmanlaryň arasynda höküm sür» diýýär (Zebur 110:2). Hudaýyň bellän Patyşasy Isa tizden ähli duşmanlaryny ýok eder we Allatagala gulak asýan adamlara bagtly durmuş berer.

Hudaýyň Patyşalygy tizden şu işleri eder:

  • Ýalan dinleri ýok eder. Indi Hudaýa töhmet atýan we adamlaryň durmuşyna awy gatýan ýalan dinler bolmaz. Mukaddes Kitapda ýalan dinler ahlaksyz aýal bilen deňeşdirilýär. Ýalan dinler ýok edilende, köp adamlar ör-gökden gelerler (Ylham 17:15, 16).

  • Ynsan hökümetleri ýok ediler. Hudaýyň Patyşalygy ähli hökümetleri ýer bilen ýegsan eder (Ylham 19:15, 17, 18).

  • Erbet adamlar ýok ediler. Erbetlik edýän we Hudaýa gulak asmaýan adamlara näme bolar? Şeýle adamlar ýer ýüzünden ýok ediler (Nakyllar 2:22).

  • Şeýtan we onuň jynlary ýok ediler. Indi Şeýtan we jynlar adamlary «aldap bilmezler» (Ylham 20:3, 10).

Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýan adamlara näme garaşýar?

HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNYŇ BERJEK BEREKETLERI

Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy Isa ynsan hökümetleriniň başarmadyk işlerini eder. Ýer ýüzünden saýlanan 144 000 adam Isa bilen hökümdarlyk eder (Ylham 5:9, 10; 14:1, 3). Isanyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň islegi ýer ýüzünde hem amala aşar. Hudaýyň Patyşalygyna tabyn bolýan adamlar nähili bereket alarlar?

  • Keselçilik we ölüm bolmaz. «Hiç bir adam: „Men syrkaw“ diýmez» we hiç kim ölmez (Işaýa 33:24; Ylham 21:4).

  • Asudalyk we parahatlyk höküm sürer. «Ähli ogullaryň... bol parahatlykda ýaşarlar» (Işaýa 54:13). «Olar üzüm we injir agaçlarynyň saýasynda oturarlar. Olary hiç kim gorkuzyp bilmez» (Mikaý 4:4).

  • Çeken zähmetiniň hözirini görerler. «(Meniň) saýlanlarym çeken zähmetiniň hözirini görer. Olar biderek ýere zähmet çekmezler» (Işaýa 65:22, 23).

  • Tebigata ýetirilen zyýan düzediler. «Çöl we takyrlyk begener, düzlük şatlanar, zagpyran deý gül açar» (Işaýa 35:1).

  • Ebedi ýaşajak adamlara bilim berler. «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almaly» (Ýahýa 17:3).

Hudaý siziň hem şeýle bereketleri almagyňyzy isleýär (Işaýa 48:18). Indiki makalada ýer ýüzünde Jennetde ýaşamak üçin näme etmelidigi hakda bileris.