Birinji Korinfliler 11:1—34

  • «Menden görelde alyň» (1)

  • Baştutanlyk we ýaglyk daňmak hakda (2—16)

  • Halypamyzyň agşam nahary (17—34)

11  Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň+.  Meni hemişe ýatlaýandygyňyza we öwreden zatlarymy ýerine ýetirýändigiňize begenýärin.  Emma siziň şuny bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesih+, aýalyň başy erkek+, Mesihiň başy hem Hudaýdyr+.  Erkek adam doga edende ýa-da pygamberlik edende ýaglyk daňsa, başyny masgara edýändir.  Aýal doga edende ýa-da pygamberlik edende+ ýaglyk daňmasa, başyny masgara edip, saçy syrylan aýal ýaly bolýandyr.  Eger ýaglyk daňmasa, onda saçyny gyrksyn. Emma aýal saçyny gyrkmaga ýa-da syrmaga utansa, goý, başyna ýaglyk daňsyn.  Erkek adam başyna ýaglyk daňmaly däldir, sebäbi ol Hudaýyň keşbinde ýaradyldy+, Hudaýa şöhrat getirmelidir. Aýal bolsa erkek adamyň abraýydyr*.  Erkek aýalyň bedeninden däl-de, aýal erkegiň bedeninden ýaradylandyr+.  Şeýle-de erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr+. 10  Şol sebäpli-de aýal ärine tabyn bolýandygy üçin ýaglyk daňyp, perişdelere görelde bolmalydyr+. 11  Halypamyzyň şägirtleriniň arasynda aýal erkek adamsyz, erkek adam hem aýalsyz bolup bilmez. 12  Sebäbi aýal erkek adamdan ýaradylandyr+, erkek adam hem aýaldan dünýä inendir. Ýöne ähli zady Hudaý ýaradandyr+. 13  Oýlanyp görüň, aýal ýaglyk daňmasa, Hudaýa doga edip bilermi? 14  Erkek adamyň saçyny uzyn ösdürmegi masgaraçylyk dälmi? 15  Emma aýalyň saçynyň uzyn bolmagy abraý dälmi? Saç aýalyň başyny örtýän ýaglykdyr. 16  Kim munuň bilen ylalaşman, başga däbe eýermek islese, bilip goýsun, Hudaýyň ýygnagynda-da, biziň aramyzda-da başga däp ýokdur. 17  Men şeýle maslahaty sizi öwmek üçin bermeýärin. Sebäbi ýygnaklaryňyz size peýda däl-de, zyýan ýetirýär. 18  Ýygnagyňyzda bölünişigiň bardygyny eşitdim. Dogrymy aýtsam, men şol aýdylanlara ynanýaryn. 19  Sebäbi kimleriň Hudaýy razy edýändigi belli bolar ýaly, araňyzda dini toparlar* hökman bolaýmaly+. 20  Siz Halypamyzyň agşam naharyna+ ýygnanyşsaňyz-da, ony dogry berjaý etmeýärsiňiz. 21  Käbiri duşuşygyň öň ýanyndan nahar iýýär. Agşamlyk naharyny bellemeli bolanda, käbiri aç, käbiri serhoş bolýar. 22  Siziň iýip-içmäge öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, mätäçleri utandyrjak bolýarsyňyzmy? Indi men size näme diýsemkäm? Sizi öweýinmi? Ýok, öwüp biljek däl. 23  Men size Halypamyzyň öwreden zatlaryny aýtdym. Halypamyz Isa tussag ediljek gijesi+ çöregi alyp, 24  doga edensoň, çöregi bölüşdirip: «Çörek siziň üçin berjek bedenimi aňladýar+. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň»+ diýdi. 25  Şeýle-de nahar iýip bolanlaryndan soň, Isa şeraply käsäni+ alyp: «Şu käse ganym arkaly güýje girjek+ täze ähti aňladýar+. Her sapar käseden içeniňizde, meni ýatlamak üçin muny berjaý ediň»+ diýdi. 26  Sebäbi her gezek çörekden iýeniňizde we käseden içeniňizde, Halypamyz gelýänçä, onuň ölendigini ýatlaýarsyňyz. 27  Kim mynasyp bolman, Halypamyzyň çöreginden iýse ýa-da käsesinden içse, Halypamyzyň bedenine we ganyna garşy günä edýändir. 28  Adam ilki bilen öz niýetini barlasyn+, şondan soň çörekden iýip, käseden içsin. 29  Kim bedeniň näme aňladýandygyna düşünmän iýip içse, öz-özüne höküm çykarýandyr. 30  Şonuň üçin hem köpiňiz ejiz, ýarawsyz, käbirleri bolsa ölüm ukusynda* ýatyr+. 31  Emma biz öz niýetimizi barlan bolsadyk, höküm edilmezdik. 32  Ýöne şu dünýä bilen bilelikde höküm çykarylmaz ýaly+, biz Ýehowadan* temmi alyp+, höküm edilýäris. 33  Doganlarym, agşamlyk naharyna ýygnanyşanyňyzda, biri-biriňize garaşyň. 34  Kim aç bolsa, öýünde iýip gelsin. Şonda üstüňizden höküm çykarylmaz+. Galan zatlary özüm baranymda aýdaryn.

Çykgytlar

Ýa-da: şöhratydyr.
Ýa-da: sektalar. Sözlüge serediň.
Ruhy taýdan ölmek göz öňünde tutulýan bolmaly.