Ýahýa 3:1—36

  • Isa bilen Nikodim (1—21)

    • Täzeden dogulmak (3—8)

    • Hudaý dünýäni söýýär (16)

  • Ýahýanyň Isa hakdaky soňky şaýatlygy (22—30)

  • Gökden gelen (31—36)

3  Şol ýerde ýehudylaryň baştutany Nikodim+ bardy, ol fariseýdi.  Nikodim gije Isanyň ýanyna gelip+: «Mugallym*+, seni Hudaý iberipdir, sebäbi Hudaý güýç bermese+, seniňki ýaly gudratlary hiç kim edip bilmez»+ diýdi.  Isa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, täzeden dogulmadyk* adam+ Hudaýyň Patyşalygyny görüp bilmez»+ diýip jogap berdi.  Nikodim: «Garry adam nädip täzeden dogulsyn? Ol ejesiniň garnyna girip, täzeden doglup bilermi?» diýdi.  Isa: «Saňa hakykaty aýdýaryn, suwa çümdürilmedik+ we Hudaýyň mukaddes ruhy+ inmedik* adam Hudaýyň Patyşalygyna girip bilmez.  Ynsandan doglan ynsanyň çagasy bolýandyr, mukaddes ruhdan doglan bolsa Hudaýyň perzendi bolýandyr.  Täzeden dogulmaly diýenime geň galma.  Ýel islän tarapyna öwüsýär, onuň sesini eşitseň-de, haýsy tarapdan gelip, haýsy tarapa öwüsýändigini bilýän dälsiň. Adamyň mukaddes ruhdan dogluşyna-da akyl ýetirmek kyndyr»+ diýdi.  Nikodim: «Beýle zat nädip bolup biler?» diýdi. 10  Isa şeýle jogap berdi: «Sen ysraýyl halkynyň mugallymy bolup-da, bulary bilmeýäňmi? 11  Saňa hakykaty aýdýaryn, biz bilýän zatlarymyzy aýdýarys, gören zatlarymyza şaýatlyk edýäris, ýöne siz olara ynanmaýarsyňyz. 12  Siz meniň ýerdäki zatlar hakda aýdanyma ynanmasaňyz, gökdäki zatlar hakda aýdanyma nädip ynanjak? 13  Hiç kim göge baran däldir+, diňe gökden inen+ Ynsan ogly baryp görendir. 14  Musanyň çölde ýylany taýakda asyp goýşy ýaly+, Ynsan ogluny-da asyp goýarlar+. 15  Şonda oňa iman eden adam ebedi ýaşar+. 16  Hudaý adamlary* şeýle güýçli söýýär welin, olar üçin ýeke-täk Ogluny berdi+, sebäbi Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýär+. 17  Hudaý Ogluny dünýäni höküm etmek üçin däl-de, halas etmek üçin iberdi+. 18  Ogla iman edýän adam höküm edilmez+, iman etmeýän adam bolsa höküm edilendir. Sebäbi ol Hudaýyň ýeke-täk Ogluna* iman etmedi+. 19  Indi höküm etmäge sebäp bar: dünýä nur geldi+, ýöne adamlar nury däl, garaňkylygy gowy gördüler, sebäbi olar diňe erbetlik edýärler. 20  Erbetlik edýänler nury ýigrenýärler, sebäbi erbet işleri bilinmesin diýip nura tarap ýöremeýärler. 21  Emma dogruçyl adamlar nura tarap ýöreýärler+, sebäbi Hudaýyň halaýan işlerini edýärler». 22  Şondan soň Isa şägirtleri bilen Ýahudanyň obalaryna gidip, biraz wagt boldy. Olar adamlary suwa çümdürdiler+. 23  Ýahýa hem Salimiň golaýyndaky Enonda adamlary suwa çümdürýärdi, sebäbi ol ýerleriň suwy çuňdy+. Adamlar hem suwa çümdürilmäge gelýärdiler+. 24  Şol wagt Ýahýa entek türmä düşmändi+. 25  Ýahýanyň şägirtleri bir ýehudy bilen tämizlenmek däbi hakda jedelleşýärdiler. 26  Olar Ýahýanyň ýanyna gelip: «Mugallym*, Iordanyň beýleki kenarynda seniň ýanyňa biri gelipdi, ol hakda şaýatlyk hem edipdiň+. Seret, ol adamlary suwa çümdürip ýör, hemmeler onuň ýanyna barýar» diýdiler. 27  Ýahýa: «Hudaýdan ygtyýar bolmasa, adam şeýle işleri edip bilmez. 28  „Men Mesih däl+, ýöne Hudaý meni onuň öňünden iberdi“+ diýenimi eşidensiňiz. 29  Öýlenjek ýigidiň gelinligi bar+. Öýlenýän ýigidiň dosty olaryň sesini eşidip, ýürekden begenýär. Meniň hem begenjimiň çägi ýokdur. 30  Mesih beýgelmeli, men bolsa peselmeli» diýdi. 31  Ýokardan gelen+ bolsa hemmelerden beýikdir, emma ýerdäki ynsan ýerdendir. Ol ýerdäki zatlar hakda aýdýandyr. Gökden gelen hemmelerden beýikdir+. 32  Ol gören we eşiden zatlaryna şaýatlyk edýändir+, ýöne hiç kim oňa ynanmaýar+. 33  Onuň şaýatlygyny kabul eden adam Hudaýyň dogruçyldygyna şübhelenýän däldir*+. 34  Hudaýyň iberen adamy Hudaýyň tabşyran zatlaryny aýdýandyr+. Hudaý hem oňa mukaddes ruhuny jomartlyk bilen* berýändir. 35  Ata Ogluny söýýändir+ we ähli zady Ogluna berendir+. 36  Ogla iman eden ebedi ýaşar+, oňa gulak asmadyk ýaşaýşa gowuşmaz+, gaýtam Hudaýyň gazabyna duçar bolar+.

Çykgytlar

Sözme-söz: Rebbi.
Başga manysy: gökden dogulmadyk.
Sözme-söz: suwdan we ruhdan dogulmadyk.
Sözme-söz: dünýäni.
Sözme-söz: Oglunyň adyna.
Sözme-söz: Rebbi.
Sözme-söz: möhürini basandyr.
Ýa-da: ölçemän.