Ýahýa 19:1—42

  • Isa gamçylanýar we kemsidilýär (1—7)

  • Pilatus Isany ýene⁠-⁠de sorag edýär (8—16a)

  • Isa Galgota diýen ýerde pürse çüýlenýär (16b—24)

  • Isa ejesiniň aladasyny edýär (25—27)

  • Isanyň ölümi (28—37)

  • Isa jaýlanýar (38—42)

19  Pilatus Isany gamçylamagy buýurdy+.  Esgerler tikenekden täç örüp, onuň kellesine geýdirdiler we egnine gyrmyzy don atdylar+.  Olar Isanyň ýanyna baryp: «Salam, ýehudylaryň Patyşasy!» diýip, ýüzüne şarpyk çalýardylar+.  Pilatus ýene-de märekäniň ýanyna çykyp: «Men ondan hiç hili günä tapmadym+, şonuň üçin öňüňize çykarýaryn» diýdi.  Şonda başyna tikenekden täç geýdirilen we egnine gyrmyzy don atylan Isa çykdy. Pilatus: «Ine ol adam!» diýdi.  Uly ruhanylar we serkerdeler Isany görüp: «Pürse çüýle! Pürse çüýle!» diýip gygyryşdylar+. Pilatus bolsa: «Äkidiň-de, özüňiz jeza beriň, men ondan hiç hili günä tapmadym»+ diýdi.  Ýehudylar: «Biziň kanunymyza görä, ol ölüm jezasyna mynasyp+, sebäbi özüne Hudaýyň ogly diýýär»+ diýdiler.  Pilatus muny eşidip, öňküden hem beter gorkdy.  Ol köşge girip, Isadan: «Sen nireden geldiň?» diýip sorady. Isa hiç zat jogap bermedi+. 10  Pilatus: «Näme üçin jogap bereňok? Bilýän bolsaň, seni azat etmäge-de, pürse çüýlemäge-de hakym bar» diýdi. 11  Isa: «Hudaý saňa ygtyýar bermedik bolsa, maňa höküm çykaryp bilmezdiň. Şonuň üçin meni eliňe tabşyran adam has agyr günä edendir» diýdi. 12  Pilatus ýene-de Isany azat etmegiň ýoluny gözläp başlady. Emma ýehudylar: «Ony azat etseň, Sezaryň dosty dälsiň. Özüni patyşa saýýan adam Sezaryň duşmanydyr»+ diýip gygyryşdylar. 13  Pilatus muny eşidende, Isany daşaryk çykardy, özi bolsa höküm kürsüsine baryp oturdy. Kürsi Daşly meýdança diýilýän howluda ýerleşýärdi, oňa ýewreýçe «Gabbata» diýilýär. 14  Şol gün Pasha baýramyna taýýarlyk görülýärdi+, günortan sagat on iki* töweregidi. Pilatus ýehudylara: «Ine siziň patyşaňyz!» diýdi. 15  Märeke bolsa: «Öldür! Öldür ony! Pürse çüýle!» diýip gygyryşýardy. Pilatus: «Patyşaňyza jeza bereýinmi?» diýdi. Uly ruhanylar: «Biziň Sezardan başga patyşamyz ýok» diýip jogap berdiler. 16  Pilatus hem Isany pürse çüýlemegi buýurdy+. Şonda esgerler Isany alyp gitdiler. 17  Olar jebir pürsüni* Isa göterdip, Kelleçanak diýilýän ýere alyp gitdiler+. Ol ýere ýewreýçe «Galgota»+ diýilýär. 18  Esgerler Isanyň ýanynda iki adamy pürse çüýlediler+: birini sag, beýlekisini çep tarapynda, Isa bolsa olaryň ortasyndady+. 19  Pilatus tagtanyň ýüzüne: «Nazaretli Isa — ýehudylaryň Patyşasy»+ diýen sözleri ýazdyryp, pürsüň ýokarsyna çüýletdi. 20  Isany Iýerusalimiň golaýynda pürse çüýlänsoňlar, ýehudylaryň köpüsi ýazgyny okadylar. Ol ýewreýçe, latynça we grekçe ýazylypdy. 21  Ýehudylaryň uly ruhanylary Pilatusa: «„Ýehudylaryň Patyşasy“ däl-de, onuň aýdyşy ýaly: „Men ýehudylaryň Patyşasy“ diýip ýaz» diýdiler. 22  Pilatus bolsa: «Ýazjagymy eýýäm ýazdym» diýip jogap berdi. 23  Esgerler Isany pürse çüýläp, eşiklerini dörde bölüp, özara paýlaşdylar. Ýöne içki eşiginiň bitewi dokalandygyny görüp, 24  biri-birine: «Muny ýyrtmalyň, bije atalyň, kime düşse, şol alsyn»+ diýdiler. Şeýlelikde: «Donumy paýlaşýarlar, eşigim üçin bije atýarlar»+ diýen sözler ýerine ýetdi. Esgerler şol aýdylan sözleri berjaý etdiler. 25  Isanyň pürse çüýlenen ýerinde onuň ejesi+, daýzasy, Klopasyň aýaly Merýem we magdalaly Merýem durdy+. 26  Isa ejesini we ýanynda duran gowy görýän şägirdini+ görende: «Eje, ine seniň ogluň!» diýdi. 27  Soňra şägirdine: «Ine seniň ejeň!» diýdi. Şondan soň şägirdi Isanyň ejesini öýüne alyp gitdi. 28  Biraz wagtdan Isa ähli zadyň ýerine ýetýändigini görüp: «Suwsadym»+ diýdi. Şonda ýazylan zatlar berjaý boldy. 29  Şol ýerde turşy şerapdan doly gap bardy. Duranlaryň biri pagtany* alyp, turşy şeraba batyrdy-da, taýaga* gysdyryp, Isa uzatdy+. 30  Isa turşy şerapdan dadyp: «Ähli zat berjaý boldy!»+ diýdi. Soňra başyny egip jan* berdi+. 31  Sabat gününe* taýýarlyk görülýärdi+. Ol beýik Sabat günüdi+. Sabat gününe çenli jesetler jebir pürsünde* asylgy durmaz ýaly+, ýehudylar Pilatusdan olaryň aýagyny döwüp, pürsden aýyrmagy haýyş etdiler. 32  Esgerler Isanyň sag we çep tarapynda pürse çüýlenen adamlaryň aýagyny döwdüler. 33  Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, onuň eýýäm ölendigini görüp, aýagyny döwmediler. 34  Esgerleriň biri naýzasyny alyp, Isanyň böwrüne sançdy+ welin, gan bilen suw akdy. 35  Muny wakany gözi bilen gören adam gürrüň berdi we eden şaýatlygy hakykydyr. Iman etmegiňiz üçin, ol aýdýanlarynyň dogrudygyna güwä geçýär+. 36  Şeýdip: «Hiç bir süňki-de döwülmez» diýen sözler ýerine ýetdi+. 37  Başga bir ýerde bolsa: «Naýza sanjylan adama seredip durarlar»+ diýilýär. 38  Isanyň Ýusup atly şägirdi bardy, ýöne ol ýehudylardan gorkup, muny hiç kime aýtmaýardy+. Ýusup Pilatusdan Isanyň jesedini alyp gitmäge rugsat sorady, ol hem rugsat berdi. Şonda Ýusup Isanyň jesedini äkidip jaýlady+. 39  Öň Isanyň ýanyna gije gelen Nikodim+ 30 kilograma* golaý mür* bilen aloeniň garyndysyny* getirdi+. 40  Olar Isanyň jesedini alyp, ýehudylaryň däbine görä, ýakymly ysly otlar bilen kepene* dolap jaýladylar+. 41  Isanyň pürse çüýlenen ýeriniň golaýyndaky bagda hiç kimiň jaýlanmadyk mazary bardy+. 42  Mazar golaýdady, ýehudylar hem baýramçylyga taýýarlanýardylar+, şonuň üçin Isany şol mazarda jaýladylar.

Çykgytlar

Sözme-söz: altynjy sagat.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: issopa. Sözlüge serediň.
Ýa-da: gubkany.
Sözme-söz: ruhuny.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: 100 funt. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: düwünçegini.
Sözme-söz: zygyr mata. Sözlüge serediň.