Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

4-NJI SAPAK

Isa pygamber kim?

Isa pygamber kim?

1. Isa nireden geldi?

Çagalar Isa bilen gürrüňdeş bolmagy näme üçin gowy görýärdiler? (MATTA 11:29; MARKUS 10:13—16).

Adamlardan tapawutlykda, Isa ýer ýüzünde dogulmazdan öň, gökde ruhy şahsyýet bolup ýaşaýardy (Ýahýa 8:23). Allatagala Isany ähli zatdan ilkinji ýaratdy. Hudaý galan zatlaryň ählisini Isa bilen bilelikde ýaratdy. Isany Allatagalanyň hut Özi ýaradandygy sebäpli, oňa Hudaýyň Ogly diýilýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Isa «Söz» diýilýär, sebäbi ol hemmelere Hudaýyň Sözüni aýan edýän Wekildi (Ýahýa 1:14; Ylham 19:13). Süleýmanyň tymsallary 8:22, 23, 30; Koloseliler 1:15, 16-njy aýatlary okaň.

2. Isa ýer ýüzüne näme üçin geldi?

Allatagala gökdäki ýalňyz Oglunyň janyny Merýem atly ýehudy gyzyň göwresine geçirdi. Hudaý muny gudrat bilen etdi, şol sebäpli Isanyň ynsan atasy ýokdy (Luka 1:30—35). Isanyň ýer ýüzüne gelmeginiň üç sebäbi bardy: 1) adamlara Hudaý barada hakykaty öwretmek, 2) kyn ýagdaýlarda-da Hudaýyň islegini nädip berjaý edip bolýandygyny görelde görkezmek we 3) öz kämil janyny «töleg» hökmünde gurban bermek. Matta 20:28-i okaň.

3. Töleg bize näme üçin gerek?

Töleg — bu ölüm jezasyndan azat edilmek üçin tölenilýän baha (Müsürden çykyş 21:29, 30). Allatagalanyň başdaky niýetine görä, adamlar garramaly we ölmeli däldi. Biz muny nireden bilýäris? Hudaý ilkinji ynsan Adam ata «günä» etse, öljekdigini aýdypdy. Eger ol günä etmedik bolsa hiç haçan ölmezdi (Gelip çykyş 2:16, 17; 5:5). Mukaddes Ýazgylarda ölümiň Adam ata arkaly dünýä «girendigi» aýdylýar. Diýmek, Adam ata öz nesline günäni we ölümi geçirdi. Görşümiz ýaly, Adam atadan miras galan günäden we ölümden azat bolmak üçin, bize töleg gerekdi. Rimliler 5:12; 6:23-i okaň.

Bizi ölümden azat etmek üçin tölegi kim töläp bilerdi? Biz bikämildigimiz, ýagny günälidigimiz sebäpli, başgalaryň günäsi üçin töleg töläp bilmeýäris. Zebur 49:7—9-njy aýatlary okaň.

4. Isa näme üçin öldi?

Isa pygamber gudrat arkaly doglandygy sebäpli, biziň ýaly bikämil adam däldi. Ol kämildi we hiç hili günä iş etmändi. Diýmek, Isa başga adamlar üçin öz janyny gurban edip bilýärdi. Allatagala günälerimiz üçin Öz Ogluny iberip, bize çäksiz söýgüsini bildirdi. Isa gökdäki Atasyna gulak asyp, ýer ýüzüne geldi. Ol biziň ugrumyzda janyny gurban edip, bizi söýýändigini görkezdi. Ýahýa 3:16; Rimliler 5:18, 19-njy aýatlary okaň.

«Isa pygamber näme üçin öldi?» atly wideony görüň

5. Isa şu günler näme edýär?

Isa pygamber ýer ýüzünde ýaşan döwründe syrkawlary sagaldýardy, ölüleri direldýärdi we kynçylyk çekýän adamlara kömek edýärdi. Şeýdip, ol Hudaýa gulak asýan adamlar üçin gelejekde nämeleri etjekdigini görkezýärdi (Matta 15:30, 31; Ýahýa 5:28). Isa ölenden soň, Hudaý ony ruhy şahsyýet hökmünde direltdi (1 Petrus 3:18). Soňra ol Patyşalyk ygtyýary berilýänçä, Hudaýyň sagynda oturdy (Ýewreýler 10:12, 13). Häzir Isa gökde Patyşa bolup höküm sürýär we bütin ýer ýüzünde hoş habaryň wagyz edilmegine ýolbaşçylyk edýär. Matta 24:14; Ylham 11:15-i okaň.

Tizden Isa Patyşalyk häkimiýeti arkaly, ähli erbet adamlary ýok eder we horluklaryň soňuna çykar. Isa iman edýänleriň ählisi ýer ýüzünde boljak Jennetde ebedi ýaşap bilerler. Zebur 37:9—11-nji aýatlary okaň.