Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

9-NJY SAPAK

Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

1. Maşgala bagtly bolar ýaly nikany näme üçin resmileşdirmeli?

Mukaddes Ýazgylardaky hoş habary bagtly Hudaý Ýehowa ýazdyrdy. Ol ähli maşgalalaryň hem bagtly bolmagyny isleýär (1 Timoteos 1:11). Maşgalany Hudaý döretdi. Maşgala bagtly bolar ýaly, nikany kanun taýdan resmileşdirmeli. Bu maşgala ojagyny goraýar we är-aýala hem-de çagalara özlerini rahat duýmaga ýardam edýär. Mesihçiler nikany resmileşdirmek babatdaky ýerli kanuna hormat goýmaly. Luka 2:1, 4, 5-nji aýatlary okaň.

Allatagala nika nähili garaýar? Ol nikanyň ömürlik bolmagyny isleýär. Ýehowa är-aýalyň biri-birine wepaly bolmagyny isleýär (Ýewreýler 13:4). Ol är-aýalyň aýrylyşmagyny ýigrenýär (Malaky 2:16). Emma är ýa-da aýal ýanýoldaşyna biwepalyk etse, Hudaý nikany bozmaga we täzeden maşgala gurmaga rugsat berýär. Matta 19:3—6, 9-njy aýatlary okaň.

2. Är-aýal biri-birine nähili garamaly?

Ýehowa är-aýalyň biri-birini goldamagyny isleýär (Gelip çykyş 2:18). Är maşgalabaşy hökmünde, maşgala agzalarynyň maddy taýdan aladysyny etmäge we olara Hudaý barada bilim bermäge jogapkärdir. Ol aýalyny janyny aýaman söýmeli. Är-aýal birek-biregi söýmeli we hormat goýmaly. Olaryň ikisi-de bikämildigi sebäpli, biri-birini bagyşlamagy öwrenmeli. Efesliler 4:31, 32; 5:22—25, 33; 1 Petrus 3:7-ni okaň.

3. Maşgala bagtly bolmasa näme etmeli?

Eger maşgalada kynçylyklar dörese, onda är-aýal biri-birine söýgi bildirmäge jan etmeli (1 Korintoslylar 13:4, 5). Hudaýyň Sözi kynçylygy çözmek üçin aýry ýaşamagy maslahat bermeýär. 1 Korintoslylar 7:10—13-nji aýatlary okaň.

4. Çagalar, Hudaý size nähili durmuş arzuw edýär?

Ýehowa siziň bagtly bolmagyňyzy isleýär. Siz ýaşlyk günleriňizi şatlyk bilen geçirer ýaly, Allatagala size iň gowy maslahatlary berýär. Ol siziň ata-eneňize gulak asmagyňyzy isleýär, sebäbi olar sizden has paýhasly we tejribelidir (Koloseliler 3:20). Şeýle-de Ýaradyjymyz Ýehowa siziň Onuň islegini berjaý edip, durmuşdan şatlyk tapmagyňyzy isleýär. Efesliler 6:1, 2; Matta 19:13—15; 21:15, 16-njy aýatlary okaň.

5. Ata-eneler, siz çagalaryňyzyň bagtly bolmagy üçin näme edip bilersiňiz?

Siz çagalaryňyzy iýmit, egin-eşik we ýaşaýyş jaý bilen üpjün etmäge jan etmeli (1 Timoteos 5:8). Emma çagalaryňyzyň bagtly bolmagy üçin, siz olara Hudaýy söýmegi we Ony tanamagy-da öwretmeli (Efesliler 6:4). Bu babatda siziň özüňiz görelde görkezmeli. Çagalar siziň Hudaýy söýýändigiňizi görseler, bu olaryň ýüregine güýçli täsir eder. Hudaýyň Sözüne esaslanan maslahatlar çagalaryňyzyň pikirini gowy tarapa özgertmäge kömek eder. Kanun taglymaty 6:4—7; Süleýmanyň tymsallary 22:6-y okaň.

Siz çagalaryňyza ruhlandyryjy we öwgüli sözleri aýtsaňyz, olara köp peýda getirer. Emma çagalara käte düzediş hem-de temmi bermeli bolýar. Şeýle terbiýe çagalary erbet işleri etmekden gorar we bagtly ýaşamaga kömek eder (Süleýmanyň tymsallary 22:15). Emma temmini hiç haçan zalymlyk ýa-da rehimsizlik bilen bermeli däl. Koloseliler 3:21-i okaň.

Ýehowanyň Şaýatlary ata-enelere we çagalara kömek etmek üçin birnäçe kitaplary çap etdiler. Bu kitaplar Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Zebur 19:7, 11-nji aýatlary okaň.