Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

alfa27/stock.adobe.com

ÝATLAMA AGŞAMY ÜÇIN KAMPANIÝA

Isa pygamber jenaýatçylygyň soňuna çykar

Isa pygamber jenaýatçylygyň soňuna çykar

 Isa pygamber jenaýatçylyk hem-de adalatsyzlyk sebäpli kösenmegiň nämedigini gowy bilýär. Sebäbi oňa-da töhmet atdylar, bikanun ýençdiler, adalatsyz höküm çykardylar, bigünä bolsa-da, zalymlyk bilen jezalandyrdylar. Ýöne ol ähli adamlara ýagşylyk edip «köpleriň ugrunda janyny töleg hökmünde berdi» (Matta 20:28; Ýahýa 15:13). Häzir Isa pygamber Hudaýyň gökdäki Patyşalygynyň Patyşasy. Tizden ol ýer ýüzünde bolýan ähli jenaýatçylygy hemişelik ýok eder (Işaýa 42:3).

 Mukaddes Kitapda Isa pygamber höküm sürüp başlanda ýer ýüzünde nähili şertleriň boljakdygy aýdylýar:

  •    «Erbet ýok bolar. Onuň ýerine seredersiň, emma ol ýokdur. Ýumşaklar bolsa ýeri miras alar, parahatlykda ýaşap, döwran sürer» (Zebur 37:10, 11).

 Isa pygamberiň biz üçin eden we etjek işlerine minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris? Luka 22:19-da Isa pygamber şägirtlerine ölen gününi ýatlamagy tabşyrdy. Şonuň üçin Ýehowanyň Şaýatlary her ýyl bilelikde Isa pygamberiň ölümini ýatlaýarlar. Biz sizi 2024-nji ýylyň 24-nji martynda, ýekşenbe güni geçiriljek Isa pygamberiň ölüminiň Ýatlama agşamyna çagyrýarys.

Ýatlama agşamynyň geçiriljek ýerini biliň