Işaýa 42:1—25

  • Hudaýyň guluna tabşyrylan ýumuş (1—9)

    • Meniň adym Ýehowa (8)

  • Ýehowa täze aýdym aýdyň (10—17)

  • Ysraýyl kör we ker (18—25)

42  Ine, meniň hemaýat berýän gulum!+ Meniň saýlanym+, meni razy edýän gulum!+ Onda meniň ruhum bolar+,Ol halklar üçin adalaty dikelder*+.   Ol sesini gataltmaz, gygyrmaz,Köçede sesi eşidilmez+.   Ol epilen gamşy döwmez,Sönüp barýan peltäni öçürmez+. Ol wepaly bolar, adalaty dikelder*+.   Ýer ýüzünde adalaty dikeldýänçä+,Güýçden gaçyp ejizlemez.Adalar onuň kanunyna* garaşar.   Gögi ýaradan, asmany ýaýan+,Ýeri we ondaky ähli zatlary ýaradan+,Her bir ynsana ýaşaýyş beren+,Ýer ýüzündäki her bir janly zada dem beren+,Beýik Alla, hak Hudaý Ýehowa şeýle diýýär:   «Men, Ýehowa, seni adalaty dikeltmek üçin çagyrdym,Seniň eliňden berk tutdum. Seni goraryn, sen arkaly halklar bilen äht baglaşaryn+,Milletlere nur saçarsyň+.   Sen körleriň gözüni açarsyň+,Tussaglary azat edersiň,Tümlükde oturanlary zyndandan çykararsyň+.   Men, Ýehowa. Bu meniň adym.Men şan-şöhratymy hiç kime bermerin*,At-abraýymy butlar bilen paýlaşmaryn+.   Başda aýdanlarym berjaý boldy.Indi täze zatlary yglan edýärin, Heniz amala aşmanka, size aýdýaryn»+. 10  Eý deňizçiler, ummanyň jandarlary!Eý adalar, onda ýaşaýanlar!+Ýehowanyň şanyna täze aýdym aýdyň+,Tutuş ýer ýüzünde wasp ediň+. 11  Sähra we onuň galalary+,Kedar+ obalary gygyrsyn. Gaýalarda ýaşaýanlar şatlanyp aýdym aýtsyn,Daglaryň depesine çykyp gygyrsyn. 12  Goý, olar Ýehowany şöhratlandyrsyn,Adalar taryplasyn+. 13  Ýehowa pälwan kimin öňe çykar+, Gerçek ýigit kimin gaýrata galar+. Ol batyr esger kimin gygyrar.Duşmanlaryndan güýçlüdigini görkezer+. 14  «Men uzak wagtlap dymdym, Sesimi çykarmadym, sabyr etdim. Indi bolsa burgusy tutýan aýal kimin iňňildärin,Gygyraryn, haşlap uludan dem alaryn. 15  Daglary, depeleri weýran ederin,Gök maýsalary solduraryn. Derýalaryny gury ýere* öwrerin,Gamyşly kölleri guradaryn+. 16  Körleri bilmeýän ýolundan ýörederin+,Nätanyş ýodalardan äkiderin+. Olaryň öňünde tümlügi ýagtylyga öwrerin+,Büdür-südür ýerleri tekizlärin+. Muny olar üçin ederin, olardan ýüz öwürmerin». 17  Oýma butlara bil baglaýanlar,Guýma butlara: «Taňrymyz sensiň» diýýänler,Masgara bolup, yzyna dolanarlar+. 18  Eý kerler, diňläň!Eý körler, serediň, görüň!+ 19  Meniň gulum ýaly kör barmy?Meniň habarçym ýaly ker barmy? Meniň sylag berenim ýaly,Ýehowanyň guly ýaly kör barmy?+ 20  Siz köp zady görýärsiňiz, ýöne üns bermeýärsiňiz. Gulagyňyz eşidýär, ýöne diňlemeýärsiňiz+. 21  Ýehowa adalatyň haky üçin,Kanuny beýgeldýär, arşa galdyryp begenýär. 22  Talanan we ýesir düşen halk+Çukura taşlandy, zyndana atyldy+. Olary taladylar, hiç kim halas etmedi+,Talaňa saldylar, hiç kim: «Yzyna ber!» diýmedi. 23  Siziň içiňizden kim muňa gulak asar? Kim diňläp, gelejegi üçin sapak ediner? 24  Kim Ýakuby talaňçylaryň eline,Ysraýyly garakçylara berdi? Ýehowa dälmi? Olar Hudaýa garşy günä etdiler. Onuň ýollaryndan ýöremek islemediler,Kanunlaryna tabyn bolmadylar+. 25  Hudaý gahar-gazabyny we gazaply söweşini+,Ysraýylyň üstünden inderdi. Ol ähli zady ýakyp kül etse-de, olar ünsem bermediler+, Daş-töweregini gurşap alsa-da, piňine-de almadylar+.

Çykgytlar

Ýa-da: yglan eder.
Ýa-da: yglan eder.
Ýa-da: görkezmesine; tabşyrygyna; öwüt-nesihatyna.
Ýa-da: hiç kim bilen paýlaşmaryn.
Sözme-söz: adalara.