Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Täze ýygnaga öwrenişmek üçin näme etmeli?

Täze ýygnaga öwrenişmek üçin näme etmeli?

«ÖWRENIŞÝÄŇMI?» Belki, siz başga ýygnaga geçen bolsaňyz, şu soragy kän eşidensiňiz. Žan Şarl şeýle gürrüň berýär: «Bize başda täze ýygnaga öwrenişmek kyn boldy. Men maşgalamyň Ýehowa bolan imanynyň gowşamazlygy üçin elimde baryny etdim». Hawa, başga ýere göçen adamlara iş, jaý tapmak kyn bolýar; howa şertlerine, medeniýete öwrenişmek aňsat bolmaýar we wagyz ediş usullaryny üýtgetmeli bolýar, hatda çagalar birbada mekdebe öwrenişmeýär.

Fransiýanyň filialyndaky doganlar Nikolas bilen Seline başga ýygnaga geçmegi haýyş edýärler. Är-aýal doganlaryň teklibini şatlyk bilen kabul edýär. Olar şeýle gürrüň berýär: «Biz täze ýygnaga geçendigimize örän begendik, emma öwrenişmek aňsat bolmady. Dogan-uýalar bilen derrew dostlaşyp bilmedik, şol sebäpli öňki dostlarymyzy küýsedik» a. Täze ýygnaga çalt öwrenişmäge näme kömek eder? Siz ýygnagyňyza gelen dogan-uýalara nädip kömek edip bilersiňiz? Täze ýygnakda nähili bereketler alyp bilersiňiz? Ýygnagyň gülläp ösmegine nädip goşant goşup bilersiňiz?

DÖRT MASLAHAT

Ýehowa bil baglaň

1. Ýehowa bil baglaň (Zeb. 37:5). Ýaponiýada ýaşaýan Kazumi uýa 20 ýyllap bir ýygnakda gulluk etdi. Bir güni onuň ýanýoldaşyny başga şähere işe çagyrýarlar. Är-aýal şol ýere göçdüler. Kazumi uýa täze ýygnaga öwrenişmek kyn boldy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men joralarymdan aýra düşdüm, özümi ýeke duýdum, gaýgy-gama batdym. Emma her sapar şeýle duýgular meni gaplap alanda, Ýehowa doga-dileg edýärdim. Şonda göwnüm giňäp gidýärdi, Ýehowa maňa güýç-kuwwat berýärdi».

Siz Ýehowa ýürekden bil baglamak üçin näme emeli? Gülüň pajarlap ösmegi üçin wagtly-wagtynda suwarmaly we dökün dökmeli. Edil şonuň ýaly, siz hem Hudaýyň beren ýaşaýyş suwuny, ýagny Mukaddes Kitaby her gün okasaňyz imanyňyz gün-günden berkär. Nikolas dogan Ybraýym pygamberiň, Isa Mesihiň we Pawlus resulyň başdan geçiren wakalaryny okapdyr. Olar Ýehowanyň islegini ýerine ýetirmek üçin köp kynçylyklara döz geldiler, Ýehowa hem olary goldady. Nikolas dogan şolar hakda oýlananda imany has-da berkeýär. Gadyrly dogan-uýalar, siz hem Mukaddes Kitapdan çuňňur şahsy okuwyny geçiriň, şonda täze ýygnaga öwrenişmek aňsat bolar we tapan dürdäne pikirleriňizi dogan-uýalara gürrüň berip ruhlandyrarsyňyz.

Deňeşdirmäň

2. Deňeşdirmäň (Nes. 7:10). Žul dogan Beninden Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna göçýär. Oňa täze ýygnaga öwrenişmek aňsat bolmaýar, sebäbi iki ýurduň arasynda ýer bilen gök ýaly tapawut bardy. Dogan şeýle gürrüň berýär: «Öňümden çykan dogan-uýa maňa sorag baryny berýärdi. Men başdan geçiren zatlarymy ýekän-ýekän gürrüň bermeli bolýardym, emma Beninde beýle däldi. Soňabaka men dogan-uýalardan gaçyp başladym. Men dogan-uýalary has ýakyndan tananymda, bir zada göz ýetirdim: bärdäki dogan-uýalaryň diňe medeniýeti, pikirlenişi, sorag berişi üýtgeşik diýäýmeseň, Benindäki dogan-uýalardan tapawutlanýan ýeri ýok eken. Men olary bolşy ýaly kabul etmelidim». Mähriban dogan-uýalar, öňki ýygnagyňyzy täze ýygnagyňyz bilen deňeşdirmäň. Pioner uýa Anna-Liz şeýle gürrüň berýär: «Men täze ýygnagymyň edil öňki ýygnagym ýaly bolmagyna garaşmadym. Men täze-täze zatlary öwrenmegi we köp uýalar bilen jora bolmagy maksat goýdum».

Ýaşuly doganlar, siz başga ýygnaga geçdiňizmi? Onda täze ýygnagy öňki ýygnagyňyz bilen deňeşdirmäň. Täze ýygnagyň işleri başgaça gurnalandyr, emma ýalňyş däldir. Siz teklibiňizi aýtmazyňyzdan öňürti ýerli ýagdaý hakda oýlanyň (Nes. 3:1, 7b). Öz sözüňizi gögertmegiň deregine, tabşyrylan borjy birkemsiz ýerine ýetirip, doganlara gowy görelde görkeziň (2 Kor. 1:24).

Yhlasly boluň

3. Yhlasly boluň (Flp. 1:27). Başga ýere göçmek köp wagtyňy we güýjüňi alýar. Emma nähili kynçylyk dörese-de, ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryň. Şonda dogan-uýalar bilen dostlaşarsyňyz, olar gerek-ýarak zatlaryňyzy bilip, size el kömegini bererler. Lýusinda uýa iki gyzy bilen Günorta Afrikanyň uly şäherleriniň birine göçýär. Ol şeýle gürrüň berýär: «Joram maňa: „Täze ýygnaga baranyňda özüňi çetde tutma, yhlasly wagyz et, ýygnak duşuşyklaryna gatnaş, gowy jogaplar ber“ diýip maslahat berdi. Men joramyň maslahatyna eýerdim we wagyz duşuşygyny geçirmek üçin öýümi berdim». Mähriban dogan-uýalar, siz täze ýygnakdaky wagyzçylaryň her biri bilen eginme-egin işleşiň, şonda biri-biriňiziň imanyňyzy berkidersiňiz.

Ýaşulular Anna-Liz uýa täze ýygnakdaky dogan-uýalar bilen wagyz etmegi maslahat berýär. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Men ýaşulularyň maslahatyna eýerip, täze ýygnagyma garyşyp-gatyşyp gitdim». Şeýle-de siz Ýygnak jaýynyň arassaçylyk we bejeriş işlerine gatnaşsaňyz, ýygnakda özüňizi öýüňizde ýaly duýarsyňyz. Ýygnagyň işlerine näçe yhlasly gatnaşsaňyz, dogan-uýalar bilen agzybir maşgala ýaly bolarsyňyz.

Dostlaşyň

4. Dostlaşyň (2 Kor. 6:11—13). Dostlugyň ilkinji ädimi — tanyşlyk. Şol sebäpli ýygnak duşuşyklaryna irräk baryň, dogan-uýalar bilen tanşyň, ýygnak gutaran badyna gaýtmaň. Dogan-uýalaryň adyny ýadyňyzda saklaň. Indiki sapar adyny tutup salamlaşyň, mähirli we güler ýüzli boluň, şonda köpler bilen jana-jan dost bolarsyňyz. Siz täze ýygnaga tiz öwrenişjek bolup adaty bolşuňyzy üýtgetmäň, ýogsam dogan-uýalar sizi içgin tanap bilmezler.

Lýusinda uýa şeýle diýýär: «Men uýalary myhmançylyga çagyryp jora bolýaryn». Siz hem uýanyň göreldesine eýeriň we dogan-uýalary öýüňize myhmançylyga çagyryň, sebäbi adam öýünde ýasama däl-de, özüni adaty ýagdaýda alyp barýar.

GUJAK AÇYP GARŞY ALYŇ

Elbetde, käbirleri ýat ýere we nätanyş adamlaryň arasyna barmaga çekinýär. Şol sebäpli ýygnaga täze gelenlere kömek etmeli. Pawlus resul şeýle maslahat berdi: «Mesihiň sizi kabul edişi ýaly, siz hem bir-biriňizi kabul ediň» (Rim. 15:7). Ýygnak ýaşululary Isa pygamberiň göreldesine eýerip, täze gelenleri gujak açyp garşy almaly (« Öňünden planlaşdyryň» diýen çarçuwa serediň). Emma diňe bir ýaşulular däl, ýygnakdaky ähli dogan-uýalar, hatda çagalar hem täze gelenlere kömek etmeli we olar bilen dostlaşmaly.

Mähriban dogan-uýalar, ýygnagyňyza täze gelenleri myhmançylyga çagyryň we gerekli kömegi beriň. Pioner uýa ýygnagyna täze gelen uýany bütin şähere aýlap çykýar, jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnaw ýoluny öwredýär. Munuň üçin pioner uýa gün tertibini üýtgedýär, gyzyldan gymmatly wagtyny sarp edýär. Täze gelen uýa onuň eden ýagşylygyny hiç haçan unutmasa gerek.

YHLASLY GULLUK EDIŇ

Suwdan gorkýan adam hiç haçan ýüzüp bilmez. Emma ol gorkusyny ýeňip, suwda ýüzmegi öwrense, şonda balyk ýaly ýüzüp biler. Edil şonuň ýaly, ýygnaga täze gelen adam çekinjeňligini ýeňse, özüni dogumly alyp barsa, onda dogan-uýalara öwrenişip gider we Ýehowa şatlyk bilen gulluk eder. Nikolas bilen Selin şeýle gürrüň berýär: «Täze ýygnak biziň üçin uly mekdep boldy. Biz köp zatlary öwrendik, täze häsiýetleri ösdürdik». Žan Şarl dogan täze ýygnagyň çagalarynyň imanyny berkidendigi barada şeýle gürrüň berýär: «Çagalarym täze ýygnakda Ýehowa has-da yhlasly gulluk edip başlady. Gyzym birnäçe aý geçip-geçmänkä ýumuş bilen çykyş etdi. Oglum bolsa wagyzçy boldy».

Belki, siz başga ýygnaga geçen dälsiňiz, emma makaladaky maslahatlara eýerip, ýagdaýyňyza täzeçe serediň. Ýehowa bil baglaň, ýygnagyňyzdaky ähli dogan-uýalar bilen wagyz ediň. Täze dostlary tutunyň, köne dostlaryňyzy hem unutmaň. Ýygnagyňyza täze gelenlere el kömegini beriň, mätäçleri goldaň, birek-biregi söýüň. Şonda Hudaýa imanyňyz has-da berkär (Ýah. 13:35). Ýehowa siziň tagallaňyzy görüp razy bolar we köp bereket berer (Ýew. 13:16).

Dogan-uýalaryň köpüsi täze ýygnaga öwrenişdiler, siz hem muny başararsyňyz. Anna-Liz şeýle gürrüň berýär: «Täze ýygnaga geçenimden soňra köp uýalar bilen jora boldum». Kazumi uýa: «Men täze ýygnakda Ýehowanyň goldawyny has köp gördüm» diýýär. Žul dogan şeýle gürrüň berýär: «Indi men täze ýygnakda ýat adam ýaly däl-de, öýümde ýaly duýýaryn, täze ýygnagymy hiç zada çalyşmaryn».

a Köpräk bilmek üçin «Başga şäherde gulluk edeniňde öýüňi küýsemek» diýen makalany okaň (w94-U 15/5).