Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

Okyjylaryň sowallary

Okyjylaryň sowallary

Işaýa 60:1-de agzalýan «aýal» kimi aňladýar we ol nädip «ýerinden turýar, şöhle saçýar»?

Işaýa 60:1-de şeýle diýilýär: «Eý aýal, ýeriňden tur, şöhle saç! Sebäbi nuruň ýalkym saçdy, saňa Ýehowanyň şöhraty indi». Işaýa kitabyna görä, «aýal» Siony ýa-da Iýerusalimi aňladýar. Şol döwürde Iýerusalim Ýahudanyň paýtagtydy (Işa. 60:14; 62:1, 2). Şeýle-de «Iýerusalim» diýlende, tutuş ysraýyl halky göz öňünde tutulýardy. Geliň, şu iki soragyň jogabyny bileliň: 1) Iýerusalim haçan we nädip «ýerinden turýar, şöhle saçýar»? 2) Işaýa pygamberiň sözleri haçan uly möçberde ýerine ýeter?

Iýerusalim haçan we nädip «ýerinden turýar, şöhle saçýar»? Wawilonlylar Iýerusalimi basyp alýarlar we şäheri, ybadathanasyny ýer bilen ýegsan edýärler. Ýehudylar 70 ýyl Wawilonda ýesirlikde bolýarlar. Soňra Midiýa-Pars goşuny Wawilony basyp alýar. Şeýlelikde, tutuş Wawilon imperiýasynda ýaşaýan ýehudylar ýesirlikden azat bolýar (Hyd. 1:1—4). B. e. öň 537-nji ýylda wepaly ýehudylar watanyna dolanýar we arassa seždäni dikeldýär (Işa. 60:4). Olar Ýehowa gurbanlyk berýär, baýramçylyklary belleýär we ybadathanany dikeldýär (Hyd. 3:1—4, 7—11; 6:16—22). Şonda Ýehowanyň şöhraty Iýerusalim şäherine şöhle saçýar. Şeýlelikde, Iýerusalim tümlükde ýaşaýan goňşy halklara nur saçýar.

Emma ysraýyllar Işaýanyň dikeldiş hakdaky pygamberligini doly ýerine ýetirip bilmedi. Olar Ýehowa gulak asmady (Neh. 13:27; Mel. 1:6—8; 2:13, 14; Mat. 15:7—9). Olar Hudaýyň wekilinden, ýagny Isa Mesihden ýüz öwürdi (Mat. 27:1, 2). Şeýlelikde, b. e 70-nji ýylynda Iýerusalim şäheri we ybadathana ikinji sapar ýer bilen ýegsan edildi.

Ýehowa halkyň gulak asmajakdygyny bilýärdi (Dan. 9:24—27). Ol Iýerusalim şäherinden we biwepa halkyndan ýüz öwürdi, emma niýetinden el çekmedi. Ýehowa Işaýa 60-njy bapda ýazylan dikeldiş hakdaky pygamberligi uly möçberde ýerine ýetirmek isleýär.

Işaýanyň pygamberligi uly möçberde «gökdäki Iýerusalimde» ýerine ýetýär. Pawlus resul: «Gökdäki Iýerusalim... biziň ejemizdir» diýdi (Gal. 4:26). «Gökdäki Iýerusalim» Hudaýyň wepaly perişdelerden ybarat gökdäki guramasyny aňladýar; «onuň çagalary» bolsa Isa Mesih we 144 000 saýlanan mesihçileri aňladýar. Saýlanan mesihçiler gökde ýaşamaga umyt edýär. Olar «mukaddes... halk» we «Hudaýyň Ysraýyly» boldular (1 Pet. 2:9; Gal. 6:16).

Gökdäki Iýerusalim nädip «ýerinden turýar, şöhle saçýar»? Geliň, muňa düşünmek üçin Işaýa 60-njy bapdaky pygamberlige jikme-jik seredeliň.

Pygamberlige görä, «gökdäki Iýerusalimiň» çagalary, ýagny saýlanan mesihçiler ýerinden turmalydy. B. e II asyrynda imandan dänenleriň taglymaty «haşal ot» ýaly ýaýrady (Mat. 13:37—43). Şeýlelikde, ruhy tümlük saýlanan mesihçileri gaplap aldy. Olar ýalan diniň dünýä imperiýasy bolan Beýik Wawilonyň ýesirligine düşdüler. Saýlanan mesihçiler «dünýäniň soňuna», ýagny 1914-nji ýyla çenli ýesirlikde boldy (Mat. 13:39, 40). Biraz wagtdan soň, ýagny 1919-njy ýylda olar azat boldular we hoş habary güýçli depginde wagyz edip şöhle saçyp başladylar a. Ýyllaryň dowamynda ýagtylyga dürli milletden, halkdan bolan ençeme adamlar gelip başlady. Olaryň käbiri «Hudaýyň Ysraýylynyň» agzasy edip saýlandy. Işaýa 60:3-de olara «patyşalar» diýilýär (Ylh. 5:9, 10).

Gelejekde saýlanan mesihçiler has köp şöhle saçar. Olar aradan çykandan soň gökde direler we patyşalar hem ruhanylar bolup höküm sürer. Şeýlelikde, 144 000-ler jemlenip, «Täze Iýerusalimi» emele getirer. Mukaddes Kitapda olara Isa Mesihiň «gelni» hem diýilýär (Ylh. 14:1; 21:1, 2, 24; 22:3—5).

«Täze Iýerusalim» Işaýa 60:1-däki pygamberligi doly ýerine ýetirer (Işaýa 60:1, 3, 5, 11, 19, 20 we Ylham 21:2, 9—11, 22—26-njy aýatlary deňeşdiriň). Gadymy Iýerusalim şäheri tutuş Ysraýylyň üstünden höküm sürýärdi. Edil şonuň ýaly, Isa Mesihiň ýolbaşçylygynda «Täze Iýerusalim» hem bütin ýer ýüzüniň üstünden hökümdarlyk eder. Muny nirede bilýäris? Mukaddes Kitapda onuň «Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýändigi» aýdylýar. Diýmek, ol ýer ýüzüniň üstünden höküm sürer. Her milletden we her halkdan bolan hudaýhon adamlar «şäheriň nurunda ýörär». Saýlanan mesihçiler adamlary günäden we ölümden azat eder (Ylh. 21:3, 4, 24). Şeýlelikde, Işaýanyň we beýleki pygamberleriň dikeldiş döwri hakda aýdanlary doly ýerine ýeter (Res. 3:21). Beýik dikeldiş döwri Isa Mesih patyşa bolanda başlady we Müňýyllyk hökümdarlygynyň soňunda tamamlanar.

a 1919-njy ýylda bolan dikeldiş döwri hakda Hyzkyl 37:1—14-nji aýatlarda we Ylham 11:7—12-nji aýatlarda pygamberlik edilen. Hyzkyl kitabynda saýlanan mesihçileriň ählisiniň uzak wagtlap ýesirlikde boljakdygy aýdylýar. Ylham kitabynda bolsa saýlanan mesihçileriň kiçi toparynyň az wagtlyk ýesirlikde boljakdygy pygamberlik edilýär. Ýolbaşçylyk edýän doganlar adalatsyzlykda aýyplanyp türmä basylanda wagyz işi togtaýar. Emma 1919-njy ýylda olar türmeden boşanlarynda, göçme manyda «direlýär» we «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edilip bellenýär (Mat. 24:45; «Ýehowa edilýän arassa sežde dikeldildi» kitabynyň 10B çarçuwasyny okap bilersiňiz).