Esasy materiala geçiň

Ylham 17-nji bapda agzalýan gyrmyzy reňkli wagşy haýwan nämäni aňladýar?

Ylham 17-nji bapda agzalýan gyrmyzy reňkli wagşy haýwan nämäni aňladýar?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Ylham kitabynyň 17-nji babynda beýan edilýän gyrmyzy reňkli wagşy haýwan syýasy guramanyň nyşany. Onuň maksady ähli halklary birleşdirmek we olara wekilçilik etmek. Ilkibaşda oňa Milletler Ligasy, häzir bolsa Birleşen Milletler Guramasy diýilýär.

Gyrmyzy reňkli wagşy haýwany nädip anyklap bolýar?

  1.   Syýasy gurama. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň «ýedi dagy» we «ýedi patyşany», ýagny hökümdarlary aňladýan «ýedi kellesi» bar (Ylham 17:9, 10). Mukaddes Kitapda daglar we wagşy haýwanlar häkimiýetleri suratlandyrmak üçin ulanylýar (Ýermeýa 51:24, 25; Danyýar 2:44, 45; 7:17, 23).

  2.   Dünýäniň syýasy guramalaryna meňzedilýär. Bu gyrmyzy reňkli wagşy haýwan Ylham kitabynyň 13-nji babynda agzalýan we dünýädäki syýasy guramalary aňladýan ýedi kelleli wagşy haýwana meňzeýär. Haýwanlaryň ikisiniňem ýedi kellesi, on şahy bar we olaryň bar ýeri Hudaýa dil ýetirýän atlardan doly (Ylham 13:1; 17:3). Bu meňzeşlikleriň öz-özünden gabat gelmegi mümkin däl. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan dünýädäki syýasy guramalary aňladýar (Ylham 13:15).

  3.   Beýleki hökümdarlardan ygtyýar alýar. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan beýleki hökümdarlardan «gelip çykdy», ýagny olar arkaly döredi (Ylham 17:11, 17).

  4.   Din bilen birleşýär. Bütin dünýädäki ýalan dinleri aňladýan Beýik Wawilon gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde otyr. Bu wagşy haýwana dinleriň täsir etjekdigini görkezýär (Ylham 17:3—5).

  5.   Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Haýwanyň «bar ýeri Hudaýa dil ýetirýän atlardan doly» (Ylham 17:3).

  6.   Az wagt hereketsiz ýagdaýda bolýar. Gyrmyzy reňkli wagşy haýwan az wagtlyk «düýpsüz çuňluga» a zyňlar, ýagny hereketsiz ýagdaýda bolar, emma ýene-de peýda bolar (Ylham 17:8).

Mukaddes Kitapdaky pygamberlik ýerine ýetýär

 Geliň, Mukaddes Kitapdaky gyrmyzy reňkli wagşy haýwan baradaky pygamberligiň Birleşen Milletler Guramasynda we ondan öňki Milletler Ligasynda nädip ýerine ýetendigine seredeliň.

  1.   Syýasy gurama. Birleşen Milletler Guramasy özüne degişli «ähli agzalarynyň garaşsyz deňligini» b gorap, syýasaty goldaýar.

  2.   Dünýäniň syýasy guramalaryna meňzedilýär. 2011-nji ýylda BMG-nyň agzasynyň sany 193-e ýetdi. Bu BMG-nyň dünýädäki halklaryň we milletleriň aglabasynyň bähbitlerini öňe sürýändigini görkezýär.

  3.   Beýleki hökümdarlardan ygtyýar alýar. BMG-sy öz düzümine girýän döwletlerden dörändigi üçin, diňe olaryň beren güýji we ygtyýary bilen hereket edýär.

  4.   Din bilen birleşýär. Ýalan dinler Milletler Ligasyny hem, Birleşen Milletler Guramasyny hem goldaýar. c

  5.   Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Birleşen Milletler Guramasy «halkara parahatlygy we howpsuzlygy saklamak üçin» döredildi. d Bu maksat öwgä mynasyp ýaly bolup görünse-de, Birleşen Milletler Guramasy Hudaýyň adyna ysnat getirýär. Sebäbi bu gurama diňe Hudaýyň Patyşalygynyň amala aşyryp biljek işlerini etjekdigini aýdýar (Zebur 46:9; Danyýar 2:44).

  6.   Az wagt hereketsiz ýagdaýda bolýar. I Jahan urşundan köp wagt geçmänkä Milletler Ligasy döredildi. Onuň maksady dünýäde parahatlygy saklamak bolsa-da, halkara hüjümleri togtadyp bilmedi. 1939-njy ýylda II Jahan urşy başlanda, ol güýjüni ýitirdi. Emma 1945-nji ýylda, ýagny II Jahan urşy tamamlanandan soň, Birleşen Milletler Guramasy döredildi. Onuň gurluşy, maksatlary we ulanýan usullary Milletler Ligasyna meňzeýär.

a Bir sözlüge görä, «düýpsüz çuňluk» diýip terjime edilen grek jümlesi «ölçegsiz çuňluk» diýen manyny berýär («Vine‘s Expository Dictionary of Old and New Testament Words»). Başga bir terjimede bu jümle «düýpsüz guýy» diýip terjime edilýär («King James Version renders»). Mukaddes Kitapda bu tussag edilmegi ýa-da hereketsiz ýagdaýy aňladýar.

b Birleşen Milletler Guramasynyň düzgünnamasynyň 2-nji makalasyna serediň.

c Meselem, 1918-nji ýylda Amerikanyň protestant dinleriniň onlarça akymynyň wekilleriniň arasynda geçirilen maslahatda Milletler Ligasynyň «Hudaýyň Patyşalygynyň ýer ýüzündäki syýasy guramasyny aňladýandygy» yglan edildi. 1965-nji ýylda buddizm, katolik, gündogar prowaslaw, induizm, yslam, iudaizm we protestant dinleriniň wekilleri BMG-ny goldamak we onuň üçin doga etmek üçin San-Fransiskoda ýygnanyşdylar. 1979-njy ýylda bolsa Rim papasy Ioann Pawel II BMG-nyň «parahatlygyň we adalatyň ýokary derejesi bolup galjakdygyna» umyt edýändigini aýtdy.

d Birleşen Milletler Guramasynyň düzgünnamasynyň 1-nji makalasyna serediň.