Esasy materiala geçiň

Mukaddes Kitaba nädip düşünmeli?

Mukaddes Kitaba nädip düşünmeli?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Mukaddes Kitaba düşünmegiň birnäçe usullary bar. Nirede önüp-ösendigiňize garamazdan, Mukaddes Kitapdaky Hudaýyň habary «siziň üçin kyn däl ýa-da el ýetmez ýaly gaty uzakda däl» (5 Musa 30:11).

Mukaddes Kitaba düşünmegiň usullary:

  1.   Dogry garaýşy saklaň. Mukaddes Kitaby Hudaýyň Sözi hökmünde kabul etmeli. Pesgöwünli boluň, sebäbi Hudaý tekepbir adamlara garşydyr (1 Selanikliler 2:13; Ýakup 4:6). Şeýle-de okaýan zatlaryňyza şübhelenmäň. Hudaý siziň «pikirlenmek ukybyňyzy» ulanmagyňyzy isleýär (Rimliler 12:1, 2).

  2.   Akyldarlyk sorap doga ediň. Nakyllar 3:5-de: «Öz düşünjäňe daýanma» diýilýär. Gaýtam, Mukaddes Kitaba düşünmek üçin Hudaýdan akyldarlyk «diläň» (Ýakup 1:5).

  3.   Her gün okaň. Siz Mukaddes Kitaby wagtal-wagtal däl-de, yzygiderli okasaňyz has köp peýda alarsyňyz (Ýuşa 1:8).

  4.   Tema boýunça öwreniň. Mukaddes Kitaby tema boýunça öwrenmek, ýagny ondaky bir temany gowy özleşdirmek aýatlaryň näme öwredýändigine düşünmäge kömek edýär. Ilki bilen, «esasy taglymatlary» öwrenip, soňra «ruhy taýdan ýetişen adam bolmaga ymtylyň» (Ýewreýler 6:1, 2). Siz aýatlary biri-biri bilen deňeşdirip, Mukaddes Kitabyň parçalaryna, hatda «düşünmek kyn» bolan ýerlerine düşünip bolýandygyna göz ýetirersiňiz (2 Petrus 3:16).

  5.   Başgalaryň kömegini kabul ediň. Mukaddes Kitapda aýatlara gowy düşünýän adamlaryň kömegini kabul etmek maslahat berilýär (Resullar 8:30, 31). Ýehowanyň Şaýatlary adamlara mugtuna Mukaddes Kitap okuwyny hödür edýär. I asyrdaky mesihçiler ýaly, olaram aýatlar arkaly Mukaddes Kitabyň näme öwredýändigini bilmäge kömek edýärler (Resullar 17:2, 3).

Munuň üçin näme wajyp däl?

  1.   Ýokary bilimli bolmak. Adamlaryň käbiri Isanyň 12 şägirdini «bilimsiz we sada» hasaplasalar-da, olar Mukaddes Kitaba gowy düşünýärdiler we ony adamlara düşündirýärdiler (Resullar 4:13).

  2.   Pul. Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin pul gerek däl. Isa pygamber şägirtlerine: «Mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýdi (Matta 10:8).