Esasy materiala geçiň

Suwa çümdürilmek näme?

Suwa çümdürilmek näme?

Mukaddes Kitabyň jogaby

 Suwa çümdürilmek üçin adam suwa doly çümüp çykmaly a. Mukaddes Kitapda köp adamlaryň suwa çümdürilendigi barada ýazylan (Resullar 2:41). Meselem, Isa pygamberiň suwa çümdürilende Iordan derýasyna doly çümüp çykandygy aýdylýar (Matta 3:13, 16). Birnäçe ýyldan soň efiopiýaly bir adam «suwly ýerde» suwa çümdürilýär (Resullar 8:36—40).

 Isa pygamberiň şägirdi bolmak isleýän adam suwa çümdürilmeli (Matta 28:19, 20). Petrus resul hem munuň wajypdygyny aýtdy (1 Petrus 3:21).

Şu makalada:

 Suwa çümdürilmek näme aňladýar?

 Suwa çümdürilmek bilen adam eden günälerine toba edendigini we diňe Hudaýyň islegini ýerine ýetirjekdigini söz berendigini görkezýär. Suwa çümdürilen adam hemişe Hudaýa we Isa Mesihe gulak asyp ýaşamaly. Şeýdip, ol ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp başlaýar.

 Adam suwa çümdürilmek bilen durmuşyny üýtgedendigini görkezýär. Bu örän ýerlikli, sebäbi Mukaddes Kitapda suwa çümdürilmek jaýlanmak bilen deňeşdirilýär (Rimliler 6:4; Koloslylar 2:12). Suwa çümdürilýän adam göçme manyda öňki durmuşy üçin ölýär, suwdan çykanda bolsa, Hudaýa özüni bagyş eden adam hökmünde direlip, täze durmuşa başlaýar.

 Mukaddes Kitapda bäbekleriň suwa çümdürilmelidigi aýdylýarmy?

 Ýok, Mukaddes Kitapda bu barada hiç zat aýdylmaýar.

 Bäbekleri suwa çümdürmek Mukaddes Kitapda aýdylýan zatlara gabat gelmeýär. Mukaddes Kitaba görä, suwa çümdürilýän adam belli bir talaplara laýyk gelmeli. Meselem, ol Hudaýyň Sözündäki esasy taglymatlara düşünmeli we şoňa görä ýaşamaly. Şeýle-de ol eden günälerine toba edip, doga arkaly özüni Hudaýa bagyş etmeli (Resullar 2:38, 41; 8:12). Bäbekler we kiçi çagalar bolsa muny edip bilmeýär.

 Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek näme aňladýar?

 Isa pygamber şeýle tabşyryk berdi: «Şägirt taýýarlaň. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň» (Matta 28:19, 20). Diýmek, suwa çümdürilýän adam Ataň, Ogluň ygtyýaryna we tutýan ornuna, şeýle-de Hudaýyň mukaddes ruhunyň edýän işlerine düşünmeli. Mysal üçin, Petrus resul hem dogabitdi agsak adama şeýle diýdi: «Nazaretli Isa Mesihiň adyndan saňa diýýärin, ýöre!» (Resullar 3:6). Petrus «Isa Mesihiň adyndan» diýmek bilen, onuň tutýan ornuna düşünýändigini we agsak adamy Isanyň güýji bilen sagaldandygyny görkezdi.

 Gaýtadan suwa çümdürilmek günämi?

 Köp adamlar dinini üýtgetmek kararyna gelip bilýär. Emma olar öň gatnan buthanasynda suwa çümdürilen bolsa näme? Olar täzeden suwa çümdürilse günä ederlermi? Käbirleri «hawa» diýip pikir edýär. Sebäbi Efesliler 4:5-de: «Halypamyz birdir, iman birdir, suwa çümdüriliş hem birdir» diýilýär. Ýöne bu aýatda adamyň gaýtadan suwa çümdürilip bilmeýändigi barada aýdylmaýar. Muny nireden bilýäris?

 Kontekst. Pawlus resul Efesliler 4-nji bapda hakyky mesihçileriň bir pikirde bolup, ynanýan zatlarynyň bir bolmalydygyny aýtdy (Efesliler 4:1—3, 16). Eger olar Isa pygamberiň yzyna eýerse, ählisi Mukaddes Kitabyň öwredýänlerine ynansa we Mukaddes Kitabyň talaplaryna görä suwa çümdürilse agzybir bolup bilerler.

 Pawlus resul öň suwa çümdürilen käbir adamlaryň gaýtadan suwa çümdürilmelidigini aýtdy. Sebäbi olar Isa pygamberiň öwreden zatlaryna doly düşünmän suwa çümdürilipdi (Resullar 19:1—5).

 Suwa çümdürilmegiň talaplary. Hudaý diňe Mukaddes Kitapda ýazylan hakykata düşünip suwa çümdürilen adamdan razy bolýar (1 Timoteos 2:3, 4). Eger adam Mukaddes Kitaba gabat gelmeýän dini ynançlara görä suwa çümdürilen bolsa, Hudaý ony kabul etmez (Ýahýa 4:23, 24). Ol Hudaýa ak ýürekden iman edip suwa çümdürilse-de, muny «dogry bilime laýyklykda etmedi» (Rimliler 10:2). Diýmek, adam diňe Mukaddes Kitabyň taglymatlaryny öwrenip, şoňa görä ýaşasa we özüni Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilse Hudaýyň göwnünden turup bilýär. Şeýle ýagdaýda täzeden suwa çümdürilmek günä hasaplanmaz, gaýtam dogry bolar.

 Mukaddes Kitapda agzalýan beýleki çümdürilişler

 Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň şägirtleriniň suwa çümdürilmelidigi aýdylýar. Ýöne onda çümdürilmegiň başga görnüşleri barada hem agzalýar. Geliň, olaryň käbiri hakda bileliň.

 Suwa çümdürýän Ýahýanyň suwa çümdürişi d. Ýehudylar we ýehudy dinine geçenler Hudaýyň ysraýyl halkyna Musa pygamber arkaly beren Kanunyna garşy günä etdiler. Ýahýanyň olary suwa çümdürmegi günälerine toba edendigini görkezýärdi. Şeýle-de bu olara nazaretli Isanyň wada edilen Mesihdigine düşünmäge we oňa iman etmäge kömek etdi (Luka 1:13—17; 3:2, 3; Resullar 19:4).

 Isa pygamberiň suwa çümdürilmegi. Isany hem Ýahýa suwa çümdüripdi. Ýöne Isanyň suwa çümdürilişi beýlekileriňkiden tapawutlanýardy. Sebäbi ol kämil we günäsizdi (1 Petrus 2:21, 22). Şonuň üçin onuň suwa çümdürilmegi günälerine toba edýändigini ýa-da Hudaýdan «päk ynsaby dileýändigini» aňlatmaýardy (1 Petrus 3:21). Isa suwa çümdürilip wada edilen Mesih hökmünde Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge we biz üçin janyny gurban bermäge taýýardygyny görkezdi (Ýewreýler 10:7—10).

 Mukaddes ruh bilen çümdürilmek. Suwa çümdürýän Ýahýa-da, Isa pygamber hem mukaddes ruh bilen çümdürilmek hakda aýdypdylar (Matta 3:11; Luka 3:16; Resullar 1:1—5). Mukaddes ruh bilen çümdürilmek we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdürilmek ikisi bir zat däl (Matta 28:19). Näme üçin şeýle diýse bolar?

 Isanyň diňe käbir şägirtleri mukaddes ruh bilen çümdürilýär. Olar Mesih bilen gökde patyşalar we ruhanylar bolmak üçin mukaddes ruh arkaly saýlanýarlar e (1 Petrus 1:3, 4; Ylham 5:9, 10). Olar ýer ýüzünde boljak Jennetde ýaşamaga umyt edýän Isanyň millionlarça şägirtleriniň üstünden höküm sürer (Matta 5:5; Luka 23:43).

 Isa Mesih bilen bolmak üçin we onuň ölümine çümdürilmek. Mukaddes ruh bilen çümdürilenler «Isa Mesih bilen bolmak üçin» çümdürilýärler (Rimliler 6:3). Diýmek, Isa Mesih bilen bolmak üçin diňe onuň bilen gökde höküm sürjekler çümdürilýär. Şeýdip, olar Isanyň saýlanan mesihçilerden ybarat ýygnagynyň, ýagny «bedeniň» agzasy bolýarlar. Isa hem olaryň başy (1 Korinfliler 12:12, 13, 27; Koloslylar 1:18).

 Saýlanan mesihçiler Isanyň «ölümine-de» çümdürilýärler (Rimliler 6:3, 4). Olar Isanyň göreldesine eýerip, öz isleginden geçýärler we Hudaýa gulak asyp ýaşaýarlar. Hatda olar ýer ýüzünde ebedi ýaşamak mümkinçilikden hem geçýärler. Olar aradan çykyp gökde ýaşamak üçin direlenden soň, göçme manyda Isanyň ölümine doly çümdürilýärler (Rimliler 6:5; 1 Korinfliler 15:42—44).

 Ot bilen çümdürilmek. Suwa çümdürýän Ýahýa özüni diňlän adamlara şeýle diýdi «Ol (Isa) sizi mukaddes ruh we ot bilen çümdürer. Onuň elinde galla sowurýan kürek bar. Ol harmany arassalap, bugdaýy ammara üýşürer, samany bolsa sönmeýän otda ýakar» (Matta 3:11, 12). Ýahýanyň aýtmagyna görä, mukaddes ruh bilen çümdürilmegiň we ot bilen çümdürilmegiň arasynda tapawut bar. Ýahýanyň sözleri näme aňladýar?

 «Bugdaý» Isa iman edip, gulak asýan adamlary aňladýar. Şeýle adamlarda mukaddes ruh bilen çümdürilmäge mümkinçilik bolýar. «Saman» bolsa Isa gulak asmaýan adamlary aňladýar. Olar ot bilen çümdüriler, ýagny ebedilik ýok ediler (Matta 3:7—12; Luka 3:16, 17).

a «Suwa çümdürilmek» diýip terjime edilen grek sözi «suwa batyrylmagy, doly çümüp çykmagy» aňladýar («Vine’s Complete Expository Dictionary of Old and New Testament Words»).

b Mukaddes Kitaba görä, Ýehowa — Hudaýyň ady (Zebur 83:18). «Ýehowa kim?» diýen makala serediň.

c «Mukaddes ruh näme?» diýen makala serediň.

d «Suwa çümdürýän Ýahýa kim bolupdyr?» diýen makala serediň.

e «Göge kim gider?» diýen makala serediň.

f Käwagt Mukaddes Kitapda tämizlenmek däp-dessurlary barada aýdylanda-da «suwa çümdürilmek» diýen jümle ulanylýar (Markus 7:4; Ýewreýler 9:10, çykgyt). Elbetde, munuň Isanyň we şägirtleriniň suwa çümdürilişi bilen hiç hili baglanyşygy ýok.