Birinji Musa 17:1—27

  • Ybraýym köp milletleriň atasy (1—8)

    • Ybrama Ybraýym ady goýulýar (5)

  • Sünnet ähti (9—14)

  • Sara Bibisara ady goýulýar (15—17)

  • Yshagyň doguljagy wada berilýär (18—27)

17  Ybram 99 ýaşyndaka, Ýehowa oňa görnüp: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Ýolumdan ýöräp, maňa wepaly bol*.  Seniň bilen baglaşan ähtimi+ berjaý edip*, nesliňi juda köpelderin»+ diýdi.  Şonda Ybram ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. Hudaý sözüni dowam edip, şeýle diýdi:  «Seniň bilen äht baglaşdym+. Sen köp milletleriň atasy bolarsyň+.  Indi adyň Ybram* däl⁠-⁠de, Ybraýym* bolar, sebäbi seni köp milletleriň atasy ederin.  Nesliňi juda köpelderin, senden köp milletler we patyşalar dörär+.  Men Hudaýyňyz bolmak üçin, seniň bilen we nesliň bilen äht baglaşdym+. Şol ähtim nesilden⁠-⁠nesle ebedilik dowam eder.  Gelmişek bolup ýaşap ýören ýurduňy+, ýagny tutuş Kengany saňa we nesliňe hemişelik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn»+.  Soňra Hudaý Ybraýyma: «Sen hem bütin nesliň bilen ähtime wepaly bol. 10  Ikimiziň aramyzda nesilden⁠-⁠nesle dowam etjek ähtim şudur: ähli erkekleriňiz sünnetlensin+. 11  Siz bilen baglaşan ähtimiň alamaty hökmünde sünnetli bolmalysyňyz+. 12  Mundan beýläk her bir erkek göbekli çaga, isle, öýüňizde doglan bolsun, isle⁠-⁠de, nesliňizden däl, başga halkdan satyn alnan gul bolsun, sekiz günlük wagty sünnetlenmelidir+. 13  Öýüňde doglan erkekleriň we satyn alan gullaryň ählisi sünnetlenmelidir+. Bedeniňizdäki şol alamat siziň bilen baglaşan ebedilik ähtimi aňladar. 14  Kimde⁠-⁠kim sünnetlenmese, halkyň arasyndan ýok edilsin*, sebäbi ol ähtimi bozýandyr» diýdi. 15  Soňra Hudaý: «Indi aýalyňa Sara*+ diýme. Onuň ady Bibisara* bolar. 16  Men ony ýalkaryn, ol saňa ogul dogrup berer+. Bibisarany ýalkaryn, ondan milletler we patyşalar* dörär» diýdi. 17  Şonda Ybraýym ýüzüni ýere berip, tagzym etdi⁠-⁠de, içinden+: «Heý⁠-⁠de, 100 ýaşan gojanyň perzendi bolarmy, 90 ýaşly kempir çaga dogrup bilermi?»+ diýip güldi. 18  Ybraýym hak Hudaýa: «Ysmaýyly bir ýalka! Goý, onuň başy dik bolsun!»+ diýdi. 19  Şonda Hudaý: «Aýalyň Bibisara hökman ogul dograr, adyna Yshak*+ dak. Seniň bilen baglaşan ähtim Yshak bilen hem dowam eder. Şol äht oňa⁠-⁠da, nesline⁠-⁠de ebedi bereket getirer+. 20  Ysmaýyl hakda aýdanlaryňy hem eşitdim. Ysmaýyly ýalkap, neslini juda köpelderin we sanyny artdyraryn. Ysmaýyldan 12 tirebaşy dörederin we uly millet ederin+. 21  Ýöne ähtimi Yshakda berjaý ederin+. Indiki ýyl şu wagtlar Bibisaradan Yshak dünýä iner»+ diýdi. 22  Hudaý Ybraýym bilen gepleşip boldy⁠-⁠da, ýanyndan gitdi. 23  Ybraýym şol günüň özünde ogly Ysmaýyly, öý⁠-⁠içerisindäki erkekleri, satyn alan hyzmatkärlerini, öýündäki ähli erkek göbeklileri Hudaýyň aýdyşy ýaly sünnetledi+. 24  Ybraýym sünnetlenende+, 99 ýaşyndady. 25  Ysmaýyl bolsa 13 ýaşyndady+. 26  Ybraýym bilen Ysmaýyl bir günde sünnetlendi. 27  Ybraýymyň öýünde doglan ähli erkekler, başga halkdan satyn alan gullary⁠-⁠da onuň bilen sünnetlendi.

Çykgytlar

Ýa-da: aýypsyz ýaşa.
Ýa-da: tassyklap.
Manysy: Beýik ata.
Manysy: Köpleriň atasy.
Ýa-da: öldürilsin.
«Igenjeň» diýmegi aňladýan bolmagy mümkin.
Manysy: Şa aýaly.
Sözme-söz: halklaryň patyşalary.
Manysy: Gülki.