Efesliler 1:1—23

  • Doganlyk salamy (1, 2)

  • Ruhy bereketler (3—7)

  • Ähli zat Mesihde birleşmeli (8—14)

    • «Bellenen wagt» dolanda... (10)

    • Mukaddes ruh arkaly möhürlenmek (13, 14)

  • Pawlus efeslileriň imany üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdýar (15—23)

1  Men Pawlus, Hudaýyň islegi bilen Isa Mesihiň resuly boldum. Men Efesdäki mukaddeslere+ we Isa Mesihiň şägirdi bolan wepaly doganlara hat ýazýaryn.  Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!  Halypamyz Isa Mesihiň Atasyna we Hudaýa şöhrat bolsun! Sebäbi Hudaý size Mesihiň şägirtleri hökmünde gökde ruhy bereketleri berdi+.  Hudaý bizi dünýä döremänkä saýlap, Mesihiň şägirdi etdi. Şonuň üçin biz Hudaýy söýüp, mukaddes we halal* ýaşamaly+.  Sebäbi Hudaý bizi niýetine we islegine görä+ öňünden saýlady+, Isa Mesih arkaly ogullyga aldy+.  Şeýlelikde, söýgüli Ogly+ arkaly uly ýagşylyk eden Hudaý+ şöhrata eýe bolar.  Hudaý Oglunyň döken gany bilen töleg* töläp, bizi gulçulykdan azat etdi+. Hawa, Hudaý uly ýagşylyk edip, günälerimizi bagyşlady+.  Ol köp ýagşylyk edip, akyldarlyk, düşünje berdi we  niýetiniň mukaddes syryny açdy+. Ol muny ýagşy niýet bilen edipdi. 10  Bellenen wagt dolanda, Hudaý niýetini* amala aşyrmak üçin gökdäki we ýerdäki zatlaryň ählisini Mesihde birleşdirer+. Hawa, Hudaý ähli zady Mesihde birleşdirer. 11  Biz hem onuň şägirtleri hökmünde mirasdüşer edip saýlandyk+. Ähli zady öz islegi boýunça amala aşyrýan Hudaý muny öňünden niýetledi. 12  Şonuň üçin Mesihe ilkinji umyt edenler Hudaýy şöhratlandyryp, alkyş aýtmaly. 13  Siz hem hakykat sözüni, gutulyş berýän hoş habary eşidip, Mesihe umyt etdiňiz. Şeýle⁠-⁠de iman edip, Hudaýyň Mesih arkaly wada beren mukaddes ruhy bilen möhürlendiňiz+. 14  Mukaddes ruh Hudaýyň wada beren zadyny aljakdygymyza kepil geçýändir+. Şeýlelikde, Hudaý halkyny azat etmek üçin+ töleg töledi+ we şan⁠-⁠şöhrata eýe boldy. 15  Men hem siziň Halypamyz Isa edýän imanyňyz we ähli mukaddeslere bolan söýgiňiz hakda eşidip, 16  siziň üçin Hudaýa hemişe minnetdarlyk aýdýaryn, doga⁠-⁠dileg edýärin. 17  Şeýle⁠-⁠de şöhratly Atamyzdan, Halypamyz Isa Mesihiň Hudaýyndan size akyldarlyk ruhuny bermegi we Özi hakdaky dogry bilimi düşündirmegi dileýärin+. 18  Ol siziň ýüregiňiziň gözüni açyp, size nähili umydyň berlendigine we mukaddesler üçin nähili şöhratly baýlygyň taýýarlanandygyna+ düşünmäge kömek etdi. 19  Hudaý iman edýänlere deňi⁠-⁠taýy bolmadyk güýjüni berdi+. Hudaýyň gudratly güýji 20  Mesihi direldip, gökde sag tarapynda oturdanda+ mälim boldy. 21  Hudaý Mesihi her bir hökümetden, häkimiýetden, güýçden, hökümdarlykdan we her bir atdan beýgeltdi+. Ony diňe bir häzirki döwürde* däl, gelejekde⁠-⁠de beýgelder. 22  Şeýle⁠-⁠de Hudaý ähli zady onuň aýagynyň astyna salyp, oňa tabyn etdi+ we ýygnagyň başy etdi+. 23  Ýygnak Mesihiň bedenidir+ we Mesihiň häsiýetlerinden doludyr. Mesih ähli zady hemme taraplaýyn doldurýandyr.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: hojalygy dolandyrmak işini.
Sözlüge serediň.