Ýermeýa 29:1—32

  • Ýermeýa Wawilona sürgün edilenlere hat ýollaýar (1—23)

    • Ysraýyl 70 ýyldan yzyna dolanar (10)

  • Şemaýa aýdylan habar (24—32)

29  Ýermeýa pygamber sürgün edilen ýaşululara, ruhanylara, pygamberlere we Nawuhodonosor patyşanyň Iýerusalimden Wawilona sürgün eden ähli adamlaryna Iýerusalimden hat ýollady.  Şu hat Ýehonýa+ patyşa bilen onuň ejesi+, köşk emeldarlary, Ýahudanyň we Iýerusalimiň hanlary, ussalary hem⁠-⁠de demirçileri* Iýerusalimden äkidilenden soň ýazyldy+.  Ýermeýa hatyny Şapanyň+ ogly Alyýas we Hilkiýanyň ogly Gemarýa arkaly ugratdy. Ýahuda patyşasy Sadykýar+ olary Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň ýanyna iberipdi. Hatda şeýle diýilýär:  «Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa Iýerusalimden Wawilona sürgün eden halkyna şeýle diýýär:  „Jaýlar gurup, olarda ýaşaň, baglar ekip, miwesinden iýiň.  Öýleniň, ogul⁠-⁠gyzyňyz bolsun. Ogullaryňyzy öýlendiriň, gyzlaryňyzy durmuşa çykaryň, olaryň hem ogul⁠-⁠gyzlary bolsun. Şol ýurtda köpeliň, sanyňyz azalmasyn.  Sizi sürgün eden şäherimde parahatlygy saklaň. Ol şäheriň abadançylygy üçin Ýehowa doga ediň, sebäbi şäherde parahatlyk bolsa, siz hem asuda ýaşarsyňyz“+.  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Pygamberlere we palçylara özüňizi aldatmaň+. Olaryň düýşlerini diňlemäň.  Sebäbi olar meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Men olary ibermedim+ — muny Ýehowa aýdýar. 10  Wawilona äkidileniňize 70 ýyl dolanda, size nazar salaryn+. Sizi watanyňyza getirip, beren wadamy berjaý ederin+ — muny Ýehowa aýdýar. 11  Men size ýagşylyk isleýärin — muny Ýehowa aýdýar. — Ýagty gelejege umydyňyz bolar ýaly+, men size betbagtçylyk däl⁠-⁠de, parahatlyk bererin+. 12  Siz meni çagyryp, doga edersiňiz, menem sizi diňlärin+. 13  Siz meni gözläp taparsyňyz+, sebäbi bütin ýüregiňiz bilen agtararsyňyz+. 14  Menem size özümi tapmaga kömek ederin+ — muny Ýehowa aýdýar. — Sizi ýesirlikden azat ederin, sizi pytradan ähli milletlerimiň we ýurtlarymyň arasyndan ýygnaryn+ — muny Ýehowa aýdýar. — Sizi sürgün eden ýurdumdan dogduk mekanyňyza getirerin“+. 15  Emma siz: „Ýehowa Wawilonda bize pygamberleri berdi“ diýýärsiňiz. 16  Dawudyň tagtynda oturan patyşa+, şäheriň ähli ilatyna, siziň bilen sürgün edilmedik doganlaryňyza Ýehowa şeýle diýýär: 17  „Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň üstüne gylyç, açlyk we mergi indererin+. Olary çüýrük*, iýip bolmaýan injir ýaly ederin+. 18  Men olaryň üstüne gylyç+, açlyk we mergi indererin; bütin ýer ýüzüniň patyşalyklarynyň arasyna dargadaryn+, halklar olary görüp aňk bolarlar, gorkarlar+, olara sykylyk çalarlar*+, gargarlar, ýaňsylarlar. 19  Sebäbi olar gaýta⁠-⁠gaýta* ýollan pygamberlerime gulak asmadylar+ — muny Ýehowa aýdýar. Sizem maňa gulak asmaýarsyňyz+ — muny Ýehowa aýdýar. 20  Iýerusalimden Wawilona sürgün eden halkym, Ýehowanyň sözlerini diňläň! 21  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýän+ Kolaýanyň ogly Ahaby we Maseýanyň ogly Sadykýary Wawilon patyşasy Nawuhodonosoryň* eline bererin. Patyşa olary gözüňiziň alnynda öldürer. 22  Olaryň başyna inenler Wawilona sürgün edilen Ýahuda halkynyň arasynda şeýle gargyşa öwrüler: „Wawilon patyşasy Sadykýary we Ahaby diriligine otda ýakypdy, goý, Ýehowa seni hem şeýle etsin“. 23  Olar Ysraýylda biabraýçylykly işleri etdiler+, goňşusynyň aýaly bilen zyna etdiler, meniň adymdan ýalan pygamberlik edip, tabşyrmadyk zatlarymy aýtdylar+. Men mundan habarly, muňa özüm şaýat“+.Muny Ýehowa aýdýar. 24  Nehelamly Şemaýa+ barada 25  Ysraýyl Hudaýy, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle aýdýar diý: „Sen Iýerusalimdäki ähli adamlara, Maseýa ruhanynyň ogly Sepanýa+ we ähli ruhanylara hat ýollap, şeýle diýdiň: 26  „Ýehowa Ýehoýada derek seni ruhany edip belledi. Sen Ýehowanyň öýüne gözegçilik etmeli we özüni pygamber hasaplaýan her bir akylyndan azaşany gandallamaly*+. 27  Onda näme üçin özüni pygamber hasaplaýan+ anatotly Ýermeýa+ jeza bermeýärsiň? 28  Ol hatda bize, Wawilondakylara şeýle habar ugratdy: „Sürgün uzaga çeker! Jaýlar gurup, olarda ýaşaň, baglar ekip, miwesinden iýiň“»+. 29  Sepanýa+ ruhany haty Ýermeýa pygambere okap berensoň, 30  Ýehowa Ýermeýa şeýle diýdi: 31  «Sürgündäki ähli adamlara habar ýolla: „Ýehowa nehelamly Şemaýa barada şeýle diýýär: „Men ony ibermesem⁠-⁠de, Şemaýa size pygamberlik etdi, ýalan sözlerine ynandyrmak isledi“+. 32  Ýehowa şeýle diýýär: „Men nehelamly Şemaýa we onuň nesillerine jeza bererin. Halkyň arasynda onuň neslinden hiç kim aman galmaz. Ol halkyma etjek ýagşylygymy görmez. Sebäbi ol halky Ýehowa garşy aýaga galdyrdy“. Muny Ýehowa aýdýar».

Çykgytlar

Başga manysy: berkitme gurýanlary.
Başga manysy: ýarylan.
Üstünden gülmegi ýa⁠-⁠da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: daň bilen turup.
Sözme⁠-⁠söz: Nebukadrezaryň. Başgaça aýdylyşy.
Ýagny ele, aýaga we boýna salynýan gandal.