Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

John Moore/Getty Images

Saglyk. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

Saglyk. Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

 «Bütin dünýä koronawirus keselinden (COVID-19) üstün çyksa-da, onuň ýene-de ýaýramajakdygyny aňlatmaýar... Keselçilik gapymyzdan gelende, biz muňa taýyn bolmaly» (Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri doktor Tedros Adhanom Gebreýsus, 22-nji maý, 2023).

 Koronawirus keseli adamlaryň saglygyna uly zyýan ýetirdi. Şonuň netijesinde olar häzirem psihiki hem-de beden taýdan ejir çekýärler. Döwlet işgärleri we saglygy goraýyş guramalar adamlaryň saglygyny dikeldip, indiki boljak keselçilige taýýar bolarlarmy?

 Mukaddes Kitapda adamlaryň saglygynyň aladasyny etjek hökümet barada aýdylýar. Ol ýerde şeýle sözler bar: «Gögüň Hudaýy bir patyşalyk», ýagny hökümet döreder (Danyýar 2:44). Şol hökümetiň ýolbaşçylygynda «hiç bir adam: „Men syrkaw“ diýmez» (Işaýa 33:24). Hemmeler tut ýaly sagdyn, gujur-gaýratly bolar (Eýýup 33:25).