Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary bilime nähili seredýärler?

Ýehowanyň Şaýatlary bilime nähili seredýärler?

 Biz bilim almak babatda Mukaddes Kitabyň kada-kanunlara esaslanýarys. Ýehowanyň Şaýatlary bilim almak meselesinde Mukaddes Kitap boýunça terbiýelenen ynsabyna görä karara gelýärler we şu aşakdaky kada-kanunlara nädip eýermelidigini özleri çözýärler a.

 Bilim almak wajyp

 Bilim «pikirleniş we saýgarma ukyplaryny» ösdürmäge kömek edýär. Mukaddes Kitap şeýle ukyplara eýe bolmaga höweslendirýär (Nakyllar 2:10, 11, çykgyt; 3:21, 22). Isa pygamber hem şägirtlerine hoş habary wagyz edip, ökdelik bilen öwretmegi tabşyrdy (Matta 28:19, 20). Şol sebäpli biz imandaşlarymyzy ähli tarapdan ukyply bolmaga höweslendirýäris we olara okamaga, ýazmaga we pikirini düşündirmäge b, başga dinler, medeniýetler bilen tanyş bolmaga kömek edýäris (1 Korinfliler 9:20—22; 1 Timoteos 4:13).

 Häkimiýetler bilim almagyň wajypdygyna düşünýär we ýaşlardan başlangyç hem-de orta bilimi almagy talap edýär. Bizem «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmaly» diýen Hudaýyň tabşyrygyna görä hereket edýäris (Rimliler 13:1). Şol sebäpli biz çagalarymyzy diňe bir baha üçin däl-de, gowy okamaga höweslendirýäris c. Mukaddes Kitapda şeýle maslahat berilýär: «Näme etseňiz-de, adamlar üçin däl-de, Ýehowa üçin ýürekden ediň» (Koloslylar 3:23).

 Bilim almak maşgalany eklemäge kömek edýär. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Dogan-garyndaşlarynyň, esasan-da, maşgala agzalarynyň aladasyny etmeýän adam imandan dänendir, ol Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» (1 Timoteos 5:8). Mekdepde alýan bilimimiz şu mukaddes borjy ýerine ýetirmäge ýardam edýär. Bir kitabyň aýtmagyna görä, bilim berilmegiň esasy maksady «akyl-paýhasly... gujur-gaýratly nesli ýetişdirmekdir». Orta mekdebi doly tamamlamadyk we hiç hili hünär edinmedik adama garanyňda, bilim alan hem tejribe toplan adama iş tapmak, maşgalasyny eklemek aňsat bolýar (Nakyllar 22:29).

 Ene-atalar çagalaryny özüne jogapkärli bolup ýetişer ýaly tagalla edýärler. Munuň üçin orta bilimi almak örän wajyp (2 Korinfliler 12:14). Biz mesihçi ene-atalary mekdep tölegli bolsa-da ýa-da medeniýetine garşy gelse-de, çagalaryny mekdepde gowy okatmaga höweslendirýäris d. Şeýle-de ene-atalara çagalaryny gowy okamaklary üçin nädip kömek etmelidigi hakda maslahatlar berýäris e.

 Bilime çynlakaý garamaly

 Biz bilim almaga çynlakaý garaýarys. Mukaddes Kitapda: «Sada adam her söze ynanýar, ätiýaçly adam her ädimini ölçeýär» diýilýär (Nakyllar 14:15). Biz şu maslahata eýerip, mekdebi tamamlandan soň haýsy okuwa girjekdigimiz hakda çynlakaý oýlanýarys. Şeýle-de oňa näçe pul tölemelidigimiz we şol ugurdan işläp biljekdigimiz hakda oýlanmaly. Meselem, orta hünär okuw jaýlarynda gysga wagtyň içinde bilim alyp, belli bir kär edinip bolýar.

 Mukaddes Kitabyň berýän bilimi has gymmatly. Orta we ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilimden tapawutlylykda, Mukaddes Kitabyň berýän bilimi adamyň janyny halas edýär (Ýahýa 3:16). Şeýle-de Hudaýyň Sözi «hakykata, dogruçyllyga we adalata düşünmäge» we «dogry ýoldan ýöremäge» kömek edýän ahlak kadalary öwredýär (Nakyllar 2:9). Pawlus resulyň alan bilimini ýokary okuw jaýlarynda berilýän bilim bilen deňeşdirse bolýar. Emma ol «Isa Mesih hakdaky» bilimiň gymmatlydygyna düşündi (Filipililer 3:8; Resullar 22:3). Şu günler ýokary bilim alan Ýehowanyň Şaýatlarynyň köpüsi Mukaddes Kitabyň berýän bilimini has gymmat saýýarlar f.

Hudaý baradaky bilim ahlak kadalary boýunça ýaşamagy öwredýär

 Ýokary bilim almagyň howply taraplary-da bar

 Mukaddes Kitapda: «Ätiýaçly adam howpy görüp gizlenýär, tejribesiz bolsa gözsüz batyrlyk edip zyýan çekýär» diýilýär (Nakyllar 22:3). Ýehowanyň Şaýatlary ýokary okuw jaýlarynyň käbiri talyplara ahlak we ruhy taýdan zyýan ýetirýändir öýdýärler. Şol sebäpli köp Şaýatlaryň özleri-de, çagalary-da şeýle ýokary okuw jaýlarynda okamaýarlar. Olar ýokary okuw jaýlarynda nädogry garaýyşlaryň öňe sürülýändigini bilýärler. Ine olaryň käbiri:

  •   Nädogry garaýyş: pul bagtly edýär we gorag berýär

     Ýokary bilim almak uly wezipede işlemäge mümkinçilik berýär diýip pikir edýärler. Şonuň üçin ençeme ýaşlar ýeter-ýetmez durmuşda ýaşamajak bolup ýokary okuw jaýlaryna girmäge çalyşýarlar. Käbirleri: «Pully bolsaň hem bagtly, hem arkaýyn ýaşaýarsyň» diýýärler. Emma Mukaddes Kitapda şeýle garaýşyň nädogrudygy aýdylýar (Nesihat 5:10). Şeýle-de Hudaýyň Sözünde «bar belanyň körügi pul söýgüsidir» we imanyňy gowşadýandyr diýilýär (1 Timoteos 6:10). Ýehowanyň Şaýatlary «baýlygyň yşkyna düşmezlik» üçin jan edýärler (Matta 13:22).

  •   Nädogry garaýyş: ýokary bilimli adamlar has uly wezipä ýetmäge jan etmeli

     Gürjüstanyň öňki hökümet başlygy Nika Gilari ýokary bilim almak babatda şeýle diýýär: «Gürjüstan döwletinde hökmany suratda ýokary okuw jaýynda okamaly. Şonda abraýyň artar... Öňler ýaş oglan-gyzlar ýokary okuw jaýynda okamasa, maşgalasyny abraýdan gaçyrýardy». Mukaddes Kitapda bolsa wezipä kowalaşmakdan seresap bolmalydygy duýdurylýar. Isa pygamber at-abraý gazanjak bolýan dini ýolbaşçylara şeýle diýdi: «Siz biri-biriňize alkyş aýdýarsyňyz, emma hak Alladan alkyş aljak bolmaýarsyňyz. Onsoň, siz nädip iman etjek?» (Ýahýa 5:44). Ýokary okuw jaýlarynda okaýanlar deň-duşlarynyň täsirine düşüp, Hudaýyň halamaýan tekepbirlik häsiýetini ösdürmegi ahmal (Nakyllar 6:16, 17; 1 Petrus 5:5).

  •   Nädogry garaýyş: nämäniň dogrudygyny we nädogrudygyny her kimiň özi çözýär

     Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň ýagşy-ýaman babatdaky kadalaryna eýerip ýaşaýarlar (Işaýa 5:20). Emma «Arak we neşe» atly makalada ýokary okuw jaýlaryndaky talyplaryň köpüsiniň deň-duşlarynyň täsirine düşüp, «ýagşy-ýaman babatdaky kadalara garşy nädogry kararlara gelýändigi» aýdylýar. Mukaddes Kitapda-da: «Erbetler bilen gatnaşmak gowy häsiýetleri bozýandyr» diýilýär (1 Korinfliler 15:33). Talyplar arak içmegi, neşe çekmegi we durmuş gurman jynsy gatnaşyk etmegi adaty zat ýaly hasaplaýar. Hatda olar Hudaýyň halamaýan erbet işlerini etmäge bir-birini höweslendirýär (1 Korinfliler 6:9, 10; 2 Korinfliler 7:1).

  •   Nädogry garaýyş: ýokary bilim alsaň, dünýäni özgerdersiň

     Elbetde, ýokary bilim almak isleýänleriň hemmesi baýamak, ýokary wezipede işlemek ýa-da keýpi-sapada ýaşamak üçin okamaýarlar. Olar gowy adam bolmagy, il-gün üçin ýaşap, dünýäni gowulandyrmak isleýär. Isa pygamber ýaly, biz hem dünýäni diňe Hudaýyň Patyşalygynyň özgerdip biljekdigine ynanýarys (Matta 6:9, 10). Emma biz Hudaýyň Patyşalygynyň dünýädäki kynçylyklary aýyrjak wagtyna çenli gol gowşuryp oturmaýarys. Biz Isa pygamberiň göreldesine eýerip, «Patyşalyk baradaky hoş habary» bütin ýer ýüzüne wagyz edýäris we her ýyl ýüz müňlerçe adamlara durmuşyny özgertmäge kömek edýäris g (Matta 24:14).

a Ene-atasy bilen ýaşaýan oglan-gyzlar bilim almak babatda olaryň garaýşyna hormat goýup bilerler, eger Hudaýyň kanunyna garşy gelmese (Koloslylar 3:20).

b Biz gowy okamaga kömek edýän 11 milliondan köpräk edebiýatlary hem-de «Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň» ýaly broşýuralary çykardyk. Şeýle-de biz 120 dilde mugt sapaklary geçirýäris. Şol toparlarda okamagy we ýazmagy öwredýäris. 2003—2017-nji ýyl aralygynda 70 000 golaý adama okamagy we ýazmagy öwretdik.

c «Mekdebi taşlaýsammykam?» diýen makala serediň.

d Biz ene-atalary ogullaryny, şol sanda gyzlaryny hem mekdepde okatmaga höweslendirýäris. «Çagamy mekdepde okatmalymy?» makala serediň (w03-U 15/03).

e «Çagaňyza gowy okamaga kömek ediň» makala serediň.

f JW.ORG saýtyndaky «Ýaşaýşyň gelip çykyşy baradaky garaýyşlar» diýen bölüme serediň.

g JW.ORG saýtyndaky «Mukaddes Kitap durmuşyňy özgerdýär» bölümde Hudaýyň Sözüniň we Patyşalyk baradaky hoş habaryň adamlaryň durmuşyny nädip özgerdýändigi hakdaky wakalary okaň.