Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary çagalaryna öz dinini mejburlyk bilen kabul etdirýärlermi?

Ýehowanyň Şaýatlary çagalaryna öz dinini mejburlyk bilen kabul etdirýärlermi?

 Ýok. Hudaýa sežde etmegi her kimiň özi çözýär (Rimliler 14:12). Ýehowanyň Şaýatlary çagalaryna Mukaddes Kitapdaky kada-kanunlary öwredýärler, emma çagalary ulalansoň, Ýehowanyň Şaýady bolmalydygyny ýa däldigini özleri çözýär (Rimliler 12:2; Galatýalylar 6:5).

 Hemme ene-atalar ýaly, Ýehowanyň Şaýatlary hem çagalaryna iň gowusyny isleýär. Olar çagalaryna peýdaly zatlary, ýagny durmuşda gerek bolaýjak ukyplary, ahlak kadalary hem-de dini ynançlaryny öwredýär. Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň durmuşda iň gowy ýolda ýöremäge kömek edýändigine ynanýarlar. Şonuň üçin olar çagalary bilen bilelikde Mukaddes Kitaby öwrenip, ýygnak duşuşyklaryna yzygider barýarlar (5 Musa 6:6, 7). Çaga ulalanda, ene-atasynyň ynanýan zatlaryny kabul edýändigini suwa çümdürilmek bilen görkezip bilýär.

 Ýehowanyň Şaýatlary çagalaryny bäbeklikden suwa çümdürýärlermi?

 Ýok. Mukaddes Kitapda bäbekleri suwa çümdürmek barada hiç zat aýdylmaýar. Meselem, I asyrda mesihçiler suwa çümdürilmezinden öň hoş habary «ýürekden kabul edip», toba etdiler (Resullar 2:14, 22, 38, 41). Diýmek, adam suwa çümdürilmek üçin Mukaddes Kitapdaky öwredilýän zatlara düşüner ýaşda bolmaly; ondaky ýazylan zatlara iman edip, şolar boýunça ýaşamaly diýen karara gelmeli. Elbetde, bu zatlary ýaş çaga edip bilmeýär.

 Çagalar ulaldygyça, suwa çümdürilip bilýär. Ýöne olar suwa çümdürilmegiň uly jogapkärçilikdigine düşünmeli.

 Çagalary suwa çümdürilmese, ene-atasy olardan geçýärmi?

 Elbetde, geçmeýärler. Çagalary ynanýan zatlaryny kabul etmeseler, olar gynanýarlar. Emma olar şonda-da çagalaryny öňküsi ýaly gowy görýärler we olar bilen arasyny kesmeýärler.

Ýaşyna garamazdan, her bir adam suwa çümdürilmelidigini ýa-da däldigini özi çözýär

 Ýehowanyň Şaýatlary wagza çykanda näme üçin çagalaryny ýanyna alýarlar?

 Wagza gidenimizde çagalarymyzy ýanymyza almagymyzyň birnäçe sebäpleri bar a.

  •   Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, ene-atalar çagalaryna ruhy tälim berip, Hudaýa sežde etmegi öwretmeli (Efesliler 6:4). Hudaýa sežde edýändigiňi görkezmegiň bir ýoly, imanyň barada başgalara wagyz etmek. Şol sebäpli çagalara Hudaý barada öwredende, olary wagza alyp çykmak wajyp (Rimliler 10:9, 10; Ýewreýler 13:15).

  •   Mukaddes Kitap, esasanam, ýaşlary «Ýehowanyň adyny wasp etmäge» höweslendirýär (Zebur 148:12, 13). Hudaýy şöhratlandyrmagyň bir ýoly — adamlara wagyz etmek b.

  •   Çagalar ene-atalary bilen wagza çykyp, köp zatlary öwrenýärler. Meselem, olar her dürli adamlar bilen gürleşmegi öwrenýärler. Şeýle-de duýgudaşlyk, ýumşaklyk, sylag-hormat goýmak hem-de janaýamazlyk ýaly gowy häsiýetleri ösdürýärler. Mundan başga-da, olar ynanýan zatlaryna näme üçin iman edýändigini görkezýän aýatlary gowy bilýärler.

 Olar din bilen bagly baýramçylyklara ýa-da başga çärelere gatnaşýarlarmy?

 Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa ýaramaýan dini baýramçylyklara ýa-da başga çärelere gatnaşmaýarlar c (2 Korinfliler 6:14—17; Efesliler 5:10). Biz ýalan dinden gelip çykan doglan güni ýa-da Täze ýyl baýramçylygyny bellemeýäris.

 Elbetde, biz maşgalamyz bilen wagtymyzy gowy geçirip, çagalarymyza sowgat berýäris. Maşgalamyz bilen ýygnanyşmak we bir-birimize sowgat bermek üçin ýörite bir güne garaşman, muny islendik wagty edýäris.

Mesihçi ene-atalar çagalaryna sowgat bermegi gowy görýärler

a Çagalaryň ýanynda ene-atasy ýa-da olara seredýän ulurak biri bolmasa, wagza çykyp bilmeýärler.

b Mukaddes Kitapda ençeme çagalaryň öz imany barada gürrüň berip, Hudaýy şöhratlandyrandygy aýdylýar (2 Patyşalar 5:1—3; Matta 21:15, 16; Luka 2:42, 46, 47).

d Käbir atlar üýtgedildi.