Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir baýramlary bellemeýärler?

Ýehowanyň Şaýatlary näme üçin käbir baýramlary bellemeýärler?

 Ýehowanyň Şaýatlary haýsy baýramlary bellemeli, haýsysyny bellemeli däldigini nädip anyklaýar?

 Ýehowanyň Şaýatlary haýsy baýramlary bellemeli, haýsysyny bellemeli däldigini Mukaddes Kitabyň esasynda karara gelýärler. Olar Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna garşy gelýän Baýramlary bellemeýärler. Eger garşy gelmeýän bolsa, onda baýramy bellemelimi ýa-da bellemeli däldigi babatda her bir Şaýadyň özi karara gelmeli. Şeýle-de olar «Hudaýyň we adamlaryň öňünde päk ynsaply bolmaga» jan edýärler (Resullar 24:16).

 Ýehowanyň Şaýatlary baýramy bellemelimi ýa bellemeli däldigi babatda dogry karara gelmek üçin aşakdaky soraglar hakda oýlanmaly a.

  •   Baýramlar Mukaddes Kitabyň taglymatyna esaslanýarmy?

     Mukaddes Kitapdaky prinsip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Olaryň arasyndan çykyň, olardan aýrylyň. Haram zada el degirmäň“» (2 Korinfliler 6:15—17).

     Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň taglymatlaryna garşy gelýän we ýalan taglymatlardan gaça durýarlar. Şol sebäpli olar aşakda agzalan baýramlara gatnaşmaýarlar.

     Ýalan taňrylara sežde etmek bilen bagly baýramlar. Isa pygamber: «Ýehowa Hudaýyňa sežde etmeli, diňe oňa gulluk etmeli» diýdi (Matta 4:10). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygamberiň doglan gününi, Pasha baýramyny we Birinji maý b güni ýaly baýramlary bellemeýärler. Şu baýramlar Ýehowa däl-de, ýalan taňrylara sežde etmek bilen berk baglanyşykly. Şeýle-de olar aşakda sanalan baýramlary hem bellemeýärler.

    •  Kwanza. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Şu baýramyň ady suahili dilinde matunda ýa-da kwanza sözlerinden emele gelip, „ilkinji miwe“ diýmegi aňladýan. Kwanza baýramgy Afrikada döräp, ilkinji hasyl ýygymy bilen baglanyşykly bellenilýärdi» (Encyclopedia of Black Studies). Käbirleri Kwanzany dini baýram hasaplamaýarlar. Bir kitapda bolsa Kwanza afrikanlaryň belleýän baýramyna meňzeýändigi aýdylýär. Baýramda «adamlar hasylyň ilkinji miwelerini getirip, taňrylara we merhum ata-babalaryna minnetdarlyk bildiripdirler». Şol kitapda şeýle diýilýär: «Kwanza baýramyny afrika-amerikanlar belleýär. Olar hem ata-babalarynyň bereket bermekleri üçin dileg edip, minnetdarlyk bildiripdirler» (Encyclopedia of African Religion).

      Kwanza

    •  Güýz baýramy. Baýramçylyk «Aý taňrysyna bagyşlanyp geçirilýär» (Holidays, Festivals, and Celebrations of the World Dictionary). Baýram güni «öýdäki ähli aýal-gyzlar taňrynyň öňünde tagzym edýärler» (Religions of the World—A Comprehensive Encyclopedia of Beliefs and Practices).

    •  Nowruz. «Gadymy döwürden bäri bellenilýän baýramlar otparazlykdan dörän. Şu günler Nowruz baýramy gadym döwrüň senenamasy boýunça bellenilýär. Nowruz baýramy mukaddes hasaplanylýär... Otparazalyk baradaky rowaýatlara görä, Gyş taňrysy sowuk aýlarda (Rapitwini diýip atlandyrylýan) Ýagtylyk taňrysyny ýeriň astyna kowupdyr. Nowruz gününde Ýagtylyk taňrysy yzyna dolanypdyr we onuň şanyna uludan baýram edilipdir (United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization). «Türkmen sowet ensiklopediýasynda» Aziýada, Zakawkazýede we türki taýpalaryň arasynda «yslam dini ýaýranmanka, Nowruz Täze ýyl baýramy hökmünde giňden bellenilendigi» aýdylýar. Otparazlyk, palçylyk, ölüleriň ruhuna sežde etmek bilen bagly däpleriň köpüsi şu günlere çenli gelip ýetse-de, olary her halk özüçe belleýär. Görşümiz ýaly, Nowruz baýramy otparaz zoroastrizmden gelip çykýar we onuň däp-dessurlary jadygöýlik we butparazlyk bilen baglanyşykly. Ensiklopediýanyň VI tomunda şeýle diýilýär: «Nowruz baýramy her ýyl 21-nji martda bellenilýär. Ekerançylyk bilen meşgullanýan türkmenler Nowruz baýramy gününe gabatlap, semeni bişiripdirler, gelin-gyzlar agşamlaryna monjuk atdy ýaly oýunlary oýnapdyrlar. Nowruz baýramyndan soň daýhanlar her hili gök we bakja ekinlerini ekipdirler, çarwalar ýazlyga çykypdyrlar».

    •  Şab-e Ýalda. Bir kitapda aýdylmagyna görä, bu baýram gyş aýlary günüň uzalan wagty bellenilýär we «ýagtylyk taňrysy Mitra sežde etmek bilen bagly» bellenilýär (Sufism in the Secret History of Persia). Belki-de, Şab-e Ýalda baýramy rimlileriň we grekleriň Gün taňrysyna sežde etmek bilen bagly dörän bolmaly.

    •  Minnetdarlyk güni. Minnetdarlyk güni Kwanza baýramy ýaly dürli-dürli taňrylara bagyşlanyp geçirilýär. Ol gadymy döwürde bellenilýän hasyl baýramyndan gelip çykan bolmaly. Bir kitapda aýdylmagyna görä, wagtyň geçmegi bilen Minnetdarlyk güni «halkyň gadymy däp-dessuryna öwrülip, hristian buthanalarynda bellenilip başlanýar» (A Great and Godly Adventure—The Pilgrims and the Myth of the First Thanksgiving).

     Şowlulyk ýa-da yrymlar bilen bagly baýramlar. Mukaddes Kitapda «Şowlulyk taňrysy üçin saçak ýazanlara» «Ýehowany taşlap gidenler» diýilýär (Işaýa 65:11). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary şu aşakda sanalan baýramlary bellemeýärler.

    •  Iwan Kupala. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Giňden ýaýran yrymlara görä, (Iwan Kupala) baýram gününde batyr we bagty çüwen adamlar tebigatyň jadyly güýjüne eýe bolýarlar» (The A to Z of Belarus). Iwan Kupala baýramy ýalan dinden gelip çykan we günüň uzalan wagty, iýun aýynda belleýärdiler. Bir kitapda aýdylmagyna görä, hristian dini kabul edilensoň, ol buthanada bellenilýän baýram (suwa çümdürýän Ýahýanyň «mukaddes güni») bilen birleşdi» (Encyclopedia of Contemporary Russian Culture).

    •  Aýly täze ýyl (Hytaý täze ýyly we Koreý täze ýyly). Bir kitapda şeýle diýilýär: «Täze ýyly maşgala agzalary, dogan-garyndaşlar we dost-ýarlar biri-birini gutlap, bagt we şowlulyk arzuw edýärler. Olar täze ýylyň şowly bolmagy üçin ruhlary çagyryp, taňrylara sežde edýärler (Mooncakes and Hungry Ghosts—Festivals of China). Täze ýylda koreýler Täze ýyl baýramy mynasybetli «merhum ata-babalaryna sežde etmek, zalym ruhlary kowmak, şowlulyk arzuw etmek ýaly däp-dessurlary edýärler we täze ýylyň dowamynda nämeleriň boljakdygyny bilmek üçin pal atýarlar (Encyclopedia of New Year’s Holidays Worldwide).

      Hytaý täze ýyly

     Ölmeýän ruhuň şanyna geçirilýän baýramlar. Mukaddes Kitapda her bir janyň ölýändigi açyk aýdylýar (Hyzkyl 18:4). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary ölmeýän ruh baradaky düşünjäni öňe sürýän şu aşakda sanalýan baýramlary bellemeýärler.

    •  Ruhlaryň güni (Ölüleriň güni). «Täze katolik ensiklopediýasynda» aýdylmagyna görä, «şol güni aradan çykanlaryň ählisi ýatlanylýar. Orta asyrlarda adamlar şeýle zatlara ynanypdyrlar: şol gün merhum bolanlaryň ruhlary özlerine ýamanlyk edenlere jyn-arwah, jadygöý we zalym adam bolup görnüpdirler».

    •  Sinmin baýramy we Aç ruhlaryň baýramy. Şu iki baýramda adamlar ata-babalarynyň ruhuna hormat goýupdyrlar. Bir kitapda aýdylmagyna görä, Sinmin baýramynda adamlar «ölen dogan-garyndaşlary aç-suwsuz we pulsuz bolmaz ýaly, bişirilen näzi-nygmatlary, suwy hem puly ýakypdyrlar. Aç ruhlaryň baýramynda diri adamlar bilen ölenleriň arasynda aragatnaşyk bolýar, esasan-da, doly Aý doganda olaryň aragatnaşygy has berkeýär. Şol sebäpli ata-babalarynyň we ölenleriň ruhuny hormatlamak, ynjytmazlyk üçin elinde baryny edipdirler (Celebrating Life Customs Around the World — From Baby Showers to Funerals).

    •  Çusok. Bir kitapda aýdylmagyna görä, şu baýramda «ölenleriň ruhy üçin iýmit we şerap beripdirler». Şeýlelikde, olar «adam ölenden soň hem ruhunyň ýaşaýandygyna ynanypdyrlar» (The Korean Tradition of Religion, Society, and Ethics).

     Jadygöýlik bilen bagly baýramlar. Mukaddes Kitapda şeýle diýilýär: «Hiç kim... palçylyk, jadygöýlik, täleýe garamak, porhançylyk bilen meşgullanmasyn. Araňyzda adamlary dogalaýan, jadygöýe ýa bilgije ýüz tutýan, ölüleri çagyrýan adam hem bolmasyn... Ýehowa şeýle işleri edýän adamy ýigrenýändir» (5 Musa 18:10—12). Jadygöýligiň täsirine düşmezlik üçin täleýnamany (gelejegiňi bilmek) ulanmakdan seresap bolmaly. Ýehowanyň Şaýatlary şeýle zatlardan gaça durmak üçin Hellowini we aşakdaky baýramlary bellemeýärler.

    •  Singal we Tamil täze ýyly. Şri-Lanka ensiklopediýasynda aýdylmagyna görä, «şu baýram milli däp-dessurlara esaslanýar we belli bir hereket belli bir wagtda edilse, bagt hem şowlulyk getirýär» (Encyclopedia of Sri Lanka).

    •  Songkran. Bir ensiklopediýada aýdylmagyna görä, Aziýada bellenilýän bu baýramyň ady «Sanskrit sözünden döräp, „özgermek“ ýa-da „üýtgemek“ diýmegi aňladýar. Şonda Günüň hereketi Guzy täleý ýyldyzynyň hereketi bilen çalyşýar» (Food, Feasts, and Faith — An Encyclopedia of Food Culture in World Religions).

     Musanyň kanuny esasynda dörän we Isa pygamberiň janyny gurban bermegi bilen güýjüni gaçyran baýram. Mukaddes Kitapda: «Mesihden soň Musanyň kanuny ýatyryldy» diýilýär (Rimliler 10:4). Şu günlerem mesihçiler Allanyň gadymy ysraýyl halkyna Musa pygamber arkaly beren kanuna eýerýärler. Emma olar Musanyň kanundaky Mesih bilen bagly baýramlary bellemeýärler, sebäbi olar Mesihiň eýýäm gelendigine ynanýarlar. Mukaddes Kitapda: «Olar gelejekde boljak zatlaryň kölegesidir, emma kölegäni döredýän Mesihdir» diýilýär (Koloslylar 2:17). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitaba esaslanmadyk däp-dessurlar bilen bagly baýramlary we aşakda agzalýan baýramlary bellemeýärler.

    •  Hanuka. Bu baýram ýehudylaryň Iýerusalimdäki ybadathanasynyň täzeden dikeldilmegine bagyşlanyp geçirilýär. Emma Mukaddes Kitapda Isa pygamberiň «baş ruhany hökmünde... ynsan eli bilen gurulmadyk, ýagny ýer ýüzünde bolmadyk beýik we has gowy çadyra» girendigi aýdylýar (Ýewreýler 9:11). Şol sebäpli mesihçiler Iýerusalimdäki ybadathananyň deregine ruhy ybadathananyň ýer ýüzüne gelendigine ynanýarlar.

    •  Roş-ha Şanah. Bu baýram ýehudylaryň Täze ýyly hasaplanýardy. Gadymy günlerde şu baýram geçirilende Hudaý üçin ýörite gurbanlyk berlipdir (4 Musa 29:1—6). Emma Isa Mesih «gurbanlyklary hem sadakalary bermek» gerek däldigini aýtdy, indi olaryň gymmaty ýokdy, ýagny Hudaýa gerek däldi (Danyýar 9:26, 27).

  •   Baýramlar dürli dine uýýanlary jebisleşdirýärmi?

     Mukaddes Kitapdaky prinsip: «Imanly bilen imansyzyň näme meňzeşligi bar?... Hudaýyň ybadathanasynda butlar bolup bilermi?» (2 Korinfliler 6:15—17).

     Ýehowanyň Şaýatlary adamlar bilen parahatlygy saklamaga jan edýärler we haýsy dine uýýandygyna garamazdan, her bir adama hormat goýýarlar. Emma olar imanyna garşy gelýän baýramlary bellemeýärler.

     Dinleri jebisleşdirmek maksady bilen geçirilýän dini çäreleriň we wakalaryň baýramy. Hudaý ysraýyl halkyny täze ýurda eltende, şol ýeriň halky başga taňrylara sežde edýärdiler. Hudaý öz halkyna: «Olaryň özleri bilen-de, taňrylary bilen-de äht baglaşmaň... Eger olaryň taňrylaryna sežde etseňiz, olar size duzak bolar» diýdi (2 Musa 23:32, 33). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary şu aşakdaky baýramlary bellemeýärler.

    •  Loýkrathong. Bir ensiklopediýada «Taý baýramynda adamlar ýaprakdan gaplar ýasapdyrlar we olaryň içinde şemleri ýa-da ýakymly ysly taýajyklary ýakyp, gaplary suwuň ýüzünde akdyryp goýberipdirler. Şol gaýyjaklar şowsuzlygy özi bilen alyp gidýärlermiş. Adamlar baýramy Buddanyň mukaddes aýak yzlaryna bagyşlap belleýärler (Encyclopedia of Buddhism).

    •  Toba güni. Papua-Täze Gwineýanyň «Neşnl» gazetinde hökümet ýolbaşçysynyň aýdan sözleri ýazyldy. Ol şeýle ýatlaýar: «Şu baýramy esasy hristian dinini kabul edenler belleýär. Toba güni hristian dininiň kada-kanunlaryny berjaý etmäge höweslendirýär».

    •  Wesak. «Wesak buddizm dininiň iň uly baýramy. Baýram maýda doly Aý doganda bellenilýär. Ol Buddanyň doglan gününe, şan-şöhratyna we ölümine bagyşlanyp geçirilýär» (Holidays, Festivals, and Celebrations of the World Dictionary).

      Wesak

     Mukaddes Kitaba esaslanmadyk dini däp-dessurlar bilen baglanyşykly baýramlar. Isa pygamber dini ýolbaşçylara: «Siz däp-dessurlaryňyzy wajyp hasaplap, Hudaýyň sözüne eýermeýäňiz» diýdi. Isanyň aýtmagyna görä, olar Hudaýa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi «ynsan tabşyryklaryny... öwredýärler» (Matta 15:6, 9). Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýyň Sözündäki tabşyryga doly tabyn bolýarlar we dini baýramlary bellemeýärler.

    •  Epifani (Üç patyşanyň güni, Timkat ýa-da Los Reýes Magos güni). Baýram dünýä inen Isany görmäge gelen müneçjimleriň şanyna ýa-da Isanyň suwda çokundyrylmagy mynasybetli bellenilýärdi» (The Christmas Encyclopedia). Timkat baýramy hem «gadymy däp-dessurlaryň esasynda döreýär» (Encyclopedia of Society and Culture in the Ancient World).

    •  Bibi Merýemiň göge alynmagynyň baýramy. Bu baýramy Isa pygamberiň ejesi Bibi Merýemiň bedeniniň göge alnanyna iman edýänler belleýärler. Bir ensiklopediýada aýdylmagyna görä, „gadymy döwürde buthanalar şeýle taglymaty bilmeýärdiler, Mukaddes Kitapda hem hiç zat agzalmaýar» (Religion and Society — Encyclopedia of Fundamentalism).

    •  Päk gyzyň çaga dogurmagy mynasybetli geçirilýän baýram. «Täze katolik ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Mukaddes Kitapda päk gyzyň çaga dograndygy üçin baýram bellenendigi hakda anyk maglumat aýdylmaýar... Bu buthananyň oýlap tapan taglymaty bolmaly».

    •  Oraza baýramy. «Täze katolik ensiklopediýasyna» görä, Mukaddes Kitap ýazylyp tamamlanandan soňra 200 ýyl geçende, IV asyrda oraza tutulypdyr — adamlar toba edipdirler we hiç zat iýip-içmän agyz bekläpdirler. Baýramyň birinji güni adat boýunça adamlar başyndan kül sowrupdyrlar. Baýram ilkinji sapar 1091-nji ýylda Benewet buthanasynda geçirilýär we Günbatar ýurtlarynda baýramçylyk giňden bellenip başlaýar.

    •  Meskel (Maskal). Efiop baýramynda «adamlar ot ýakýar we oduň töwereginde tans edýärler. Şeýlelikde, Hakyky haç (Isa haçdan asylgydy) baýramynyň açylyş dabarasyny geçirýärler» (Encyclopedia of Society and Culture in the Medieval World). Emma Ýehowanyň Şaýatlary Hudaýa sežde edenlerinde haçy ulanmaýarlar.

  •   Baýramlar adamy, guramany ýa-da döwlet nyşanlaryny arşa çykarýarmy?

     Mukaddes Kitapdaky prinsip: «Ýehowa şeýle diýýär: „Adama bil baglaýan, ynsan güýjüne daýanýan, ýüregi Ýehowadan daşlaşan kişä nälet bolsun!“» (Ýermeýa 17:5).

     Ýehowanyň Şaýatlary adamlara minnetdarlyk bildirýärler, hatda olar üçin Hudaýa doga-dileg edýärler, emma aşakda agzalýan baýramlara we çärelere gatnaşmaýarlar.

     Hökümdarlar we meşhur adamlaryň şanyna bellenilýän baýramlar. Mukaddes Kitapda: «Siziň bähbidiňiz üçin aýdýaryn, toprakdan ýaradylan ynsana bil baglamaň, sebäbi onuň demi kesilse öler. Heý-de, oňa bil baglap bolarmy?» (Işaýa 2:22). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary hökümdarlaryň doglan güni mynasybetli geçirilýän baýramlara gatnaşmaýarlar.

     Baýdak baýramy. Ýehowanyň Şaýatlary Baýdak baýramyna gatnaşmaýarlar. Sebäbi Mukaddes Kitapda: «Butlardan gaça duruň!» diýilýär (1 Ýahýa 5:21). Şu günler köp adamlar baýdagy but hasaplamaýarlar ýa-da sežde edýändiris öýtmeýärler.

     Mukaddesler üçin baýramlar. Hudaýhon adam Petrus resula tagzym edende näme bolandygyny bilýäňizmi? Mukaddes Kitapda: «Petrus ony ýerinden galdyryp: „Tur, menem seniň ýaly adam ahyry“» diýendigi ýazylan (Resullar 10:25, 26). Petrus-da, beýleki resullar-da adamlaryň hormat goýup, tagzym etmeklerine rugsat bermediler. Ýehowanyň Şaýatlary mukaddes adamlaryň şanyna geçirilýän baýramlara gatnaşmaýarlar. Şeýle baýramlara şu aşakdakylar degişlidir:

    •  Ähli mukaddesleriň baýramy. «Täze katolik ensiklopediýasynda» şeýle diýilýär: «Baýram ähli mukaddeslere hormat goýmak üçin geçirilýär. Onuň nädip dörändigini anyklamak mümkin däl» (New Catholic Encyclopedia).

    •  Gwadeluply Bibi Merýemiň baýramy. «Meksikanyň enesiniň» hormatyna geçirilýär. Käbirleriniň aýtmagyna görä, ol Isa pygamberiň ejesi Merýem. Ol 1513-nji ýylda ýerli daýhana görnenmiş (The Greenwood Encyclopedia of Latino Literature).

      Gwadeluply Bibi Merýemiň baýramy

    •  At dakylýan güni. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Çaga suwda çokundyrlan wagty oňa mukaddes adamyň ady dakylypdyr we şol adama hormat goýlup, baýram geçirilipdir. Şol güni adamlar dini däp-dessurlary berjaý edipdirler (From Baby Showers to Funerals).

     Syýasy ýa-da jemgyýetçilik baýramlary. Mukaddes Kitapda: «Ynsana däl-de, Ýehowa bil baglaýan adam bagtlydyr» diýilýär (Zebur 118:8, 9). Ýehowanyň Şaýatlary kynçylyklary adamlar däl-de, diňe Allanyň çözüp bilýändigine ynanýarlar. Şonuň üçin olar Ýaşlar güni ýa-da Aýallar güni ýaly baýramlary bellemeýärler. Sebäbi şeýle baýramlarsyýasy ýa-da jemgyýetçilik işleri goldamak bilen baglanyşykly. Şeýle-de olar käbir ýurtlarda gullaryň azat bolmagy bilen bagly geçirilýän baýramlary hem bellemeýärler. Ýehowanyň Şaýatlary jynsparazlyk we deňsizlik sebäpli döreýän kynçylyklary diňe Hudaýyň Patyşalygynyň aýryp biljekdigine ynanýarlar (Rimliler 2:11; 8:21).

  •   Baýramlar bir milleti ýa-da tire-taýpany şöhratlandyrýarmy?

     Mukaddes Kitapdaky prinsip: «Hudaý hiç kimi ala tutmaýan eken. Hudaý özünden gorkup, dogruçyl ýaşaýan islendik milletli adamdan razydyr» (Resullar 10:34, 35).

     Ýehowanyň Şaýatlary dogan-garyndaşlaryna hormat goýýarlar, emma olar bir milleti ýa-da tire-taýpany şöhratlandyrýan baýramlara gatnaşmaýarlar. Aşakda olaryň birnäçesi sanalyp geçilýär.

     Harby güýçleriň baýramy. Isa pygamber uruşlary goldamaýardy. Ol şägirtlerine: «Duşmanlaryňyzy söýüň, sizi yzarlaýanlar üçin doga-dileg ediň» diýdi (Matta 5:44). Şol sebäpli Ýehowanyň Şaýatlary uruşmagy goldaýan we aşakda agzalýan baýramlary bellemeýärler.

    •  ATZAK güni. Bir sözlükde şu gysgaldylan goşma sözlem şeýle düşündirilýär: «ATZAK — Awstraliýa we Täze Zelandiýa Amerikan korpus diýmekdir. Wagtyň geçmegi bilen, ATZAK güni uruşda wepat bolanlary ýatlama güni hökmünde geçirilýär». (Historical Dictionary of Australia).

    •  Weteranlar güni (Wepat bolanlary ýatlamak, Ýekşenbe gün ýatlama, Ýatlama güni). Şu baýramlarda adamlar «urşa gatnaşan weteranlaryny, watany üçin uruşda wepat bolanlary» şöhratlandyrýar (Encyclopædia Britannica).

     Ýurtda bolan taryhy wakalaryň şanyna geçirilýän baýramlar. Isa pygamber şägirtlerine: «Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däl» diýdi (Ýahýa 17:16). Ýehowanyň Şaýatlary ýurdunyň taryhyny öwrenmegi halaýarlar, ýöne aşakda sanalan baýramlary bellemeýärler.

    •  Awstraliýanyň güni. Bir ensiklopediýada şeýle diýilýär: «Şol güni 1788-nji ýylda Angliýanyň esgerleri britan tuguny dikdiler we Awstraliýanyň täze koloniýa bolandygyny yglan etdiler» (Worldmark Encyclopedia of Cultures and Daily Life).

    •  Gaý Foks güni. Iňlis däp-dessurlary baradaky sözlükde şeýle diýilýär: «1605-nji ýylda Gaý Foks bilen onuň katolik tarapdarlary Ýakow I patyşany we Angliýanyň mejlis agzalaryny öldürmek üçin eden hüjümi amala aşmady. Adamlar şol güni milli baýram hökmünde belleýärler» (A Dictionary of English Folklore).

    •  Bitaraplyk güni. Ýurtlaryň köpüsinde «öz ýurdunyň beýleki ýurtlardan aýry, özbaşdak döwlet bolan gününi baýram edip belleýärler» (Merriam-Webster’s Unabridged Dictionary).

  •   Baýramda azgynçylyk we ahlaksyzlyk edilýärmi?

     Mukaddes Kitapdaky prinsip: «Siziň öň haýasyz işler, ahlaksyz höwesler, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturylyşyklar, içhä-içişlik, ýigrenji butparazlyk bilen meşgullanyp, şu dünýäniň islegine görä ýaşanyňyz ýeterlikdir» (1 Petrus 4:3).

     Ýehowanyň Şaýatlary şu prinsipe eýerip, çendenaşa çakyr içilýän we şowhun-şagalaňly baýramlardan gaça durýarlar. Olar dost-ýarlary bilen oturylyşyk etmegi halaýarlar we az mukdarda çakyr içýärler. Olar Mukaddes Kitabyň şu maslahatyna eýerýärler: «Siz iýseňiz-de, içseňiz-de, näme etseňiz-de ählisini Hudaýy şöhratlandyrmak üçin ediň» (1 Korinfliler 10:31).

     Ýehowanyň Şaýatlary Mukaddes Kitabyň ýazgarýan ahlaksyz hereketler edilýän baýramlara we şowhun-şagalaňlara gatnaşmaýarlar. Şeýle baýramlaryň biri — Purim baýramy. Purim baýramyny b. e. öň V asyrda ýewreýler azat bolandan soňra belläp başlapdyrlar. Bir kitapda olar hakda şeýle diýilýär: «Ol ýewreýleriň Mardi Gra şowhun-şagalaňly baýramy diýip atlandyryldy (Essential Judaism). Şol güni köplenç erkekler aýal-gyzlaryň eşiklerini geýip, ahlaksyz hereketler edýärler, çendenaşa çakyr içýärler we şady-horramlykda geçirýärler».

 Ýehowanyň Şaýatlary käbir baýramlary bellemeýärler, diýmek, olar maşgala agzalaryny söýmeýärlermi?

 Ýok, söýýärler. Mukaddes Kitap bize maşgala agzalaryň haýsy dine uýýandygyna garamazdan, olaryň ählisini söýmegi we hormat goýmagy öwredýär (1 Petrus 3:1, 2, 7).

 Ýehowanyň Şaýatlary adamlara käbir baýramlary bellemegi gadagan edýärlermi?

 Ýok. Ýehowanyň Şaýatlary her bir adamyň özi karar gelmeli diýip pikir edýär (Ýuşa 24:15). Olar adamlaryň haýsy dine uýýandygyna garamazdan, «ähli adamlara hormat goýýarlar» (1 Petrus 2:17).

a Şu makalada Ýehowanyň Şaýatlarynyň bellemeýän baýramlarynyň hemmesi sanalmady we eýerýän kada-kanunlaryň ählisi ýazylmady.

b Käbir ýurtlarda Birinji maý güni zähmetkeş halkyň baýramy hökmünde bellenilýär. Ol gadymy Rimde döräpdir.