Esasy materiala geçiň

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty kim?

Ýehowanyň Şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahaty kim?

 Ýolbaşçylyk maslahaty — bütin dünýädäki Ýehowanyň Şaýatlaryna görkezme berýän kiçijik topar. Olar iki maksat boýunça hereket edýärler.

 Ýolbaşçylyk maslahaty I asyrda Hudaýyň halky bilen bagly wajyp kararlary kabul eden «Iýerusalimdäki resullardan hem-de ýaşululardan» görelde alýar (Resullar 15:2). Hudaýa wepaly gulluk eden erkek adamlar ýaly, Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary hem guramamyzyň üstünden agalyk etmeýärler. Olar Ýehowa Hudaýyň Isa Mesihi ýygnagyň Başy edip belländigine düşünip, Mukaddes Kitabyň görkezmelerine eýerýärler (1 Korinfliler 11:3; Efesliler 5:23).

Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary kimlerden ybarat?

 Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary: Kennet Kuk, Geýj Fligl, Semýuel Hýord, Jeffri Jekson, Stiwen Lett, Gerrit Lýoş, Mark Sanderson, Deýwid Spleýn we Jeffri Winder. Olar Worwikdäki (Nýu-Ýork, ABŞ) bütindünýä baş edaramyzda gulluk edýärler.

Ýolbaşçylyk maslahaty nähili tertipde işleýär?

 Ýolbaşçylyk maslahaty 6 sany komitetden ybarat bolup, Ýehowanyň Şaýatlarynyň alyp barýan işleriniň dürli taraplaryna gözegçilik edýär. Olaryň hersi bir ýa-da birnäçe komitetiň agzasy bolup gulluk edýär.

  •   Koordinatorlar komiteti ýuridiki meselelere, tebigy betbagtçylyga uçranlara, dini ynanjy sebäpli yzarlamalara sezewar bolanlara we Ýehowanyň Şaýatlarynyň duş gelýän ýagdaýlaryna gözegçilik edýär.

  •   Işgärler komiteti Beýtelde gulluk edýänleriň aladasyny edýär.

  •   Neşirýat komiteti Mukaddes Kitaba esaslanan edebiýatlarymyzyň çap edilip, filiallara paýlanmagyna, şeýle-de duşuşyk geçirilýän ýerleriň, terjimeçiler üçin ofisleriň we filiallaryň gurluşygyna gözegçilik edýär.

  •   Gulluk komiteti «Patyşalyk baradaky hoş habaryň» wagyz edilmegine ýolbaşçylyk edýär (Matta 24:14).

  •   Okuw komiteti ýygnak duşuşyklary, mekdepler arkaly berilýän ruhy bilimiň, audio we wideo ýazgylarynyň taýýarlanmagynyň aladasyny edýär.

  •   Ýazyjylar komiteti ruhy iýmitiň çap edilmegine, saýtymyzda çykarylmagyna we terjimeçileriň işine ýolbaşçylyk edýär.

 Ýolbaşçylyk maslahaty diňe bir komitetlerde gulluk etmän, olar guramanyň zerurlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin her hepde duşuşyklary geçirýärler. Bu duşuşyklarda olar Hudaýyň ruhunyň görkezmesine eýerip, Mukaddes Kitaby ara alyp maslahatlaşýarlar we agzybir karara gelmäge çalyşýarlar (Resullar 15:25).

Ýolbaşçylyk maslahatynyň kömekçileri kimler?

 Ýolbaşçylyk maslahatynyň komitetlerine öz işine jogapkärli garaýan dogan-uýalar kömek edýärler (1 Korinfliler 4:2). Olaryň özlerine tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirmegi üçin ýeterlik derejede tejribesi we ukyplary bar. Şeýle-de olar her hepde geçirilýän komitetiň duşuşygyna hem gatnaşýarlar. Ýolbaşçylyk maslahatynyň kömekçileri bir mesele babatda karara gelmäge gatnaşmasalar-da, olar maslahat berýärler, goşmaça maglumatlary taýýarlaýarlar, komitetleriň gelen kararyny ýerine ýetirýärler we onuň netijesini görýärler. Mundan başga-da Ýolbaşçylyk maslahaty kömekçilerini dünýäniň dürli künjegindäki dogan-uýalary idemäge we Ýyllyk duşuşygy ýa-da Gilead mekdebiniň gutardyşy ýaly çärelerde çykyş etmäge belläp bilýär.

ÝOLBAŞÇYLYK MASLAHATYNYŇ KÖMEKÇILERI

Komitet

Ady

Koordinatorlar komiteti

  • Jon Ekrann

  • Paul Gilles

  • Troý Snaýder

Işgärler komiteti

  • Jerald Grizl

  • Patrik Lafranka

  • Danýel Molçan

  • Ralf Wolls

Neşirýat komiteti

  • Robert Batler

  • Harold Korken

  • Gaýus Glokkentin

  • Donald Gordon

  • Robert Luççoni

  • Aleks Raýnmýuller

  • Deýwid Sinkler

Gulluk komiteti

  • Geri Bro

  • Joel Dellinger

  • Betti Jorjes

  • Entoni Griffin

  • Jonatan Smit

  • Set Haýatt

  • Jody Jadel

  • Kristofer Meýwor

  • Baltasar Perla

  • Wilýam Týorner

  • Lion Wiwer

Okuw komiteti

  • Ronald Kýorzon

  • Kennet Flodin

  • Wilýam Malenfant

  • Mark Numar

  • Deýwid Şeýfer

Ýazyjylar komiteti

  • Nikolas Aladis

  • Per Kristensen

  • Robert Siranko

  • Kennet Godburn

  • Jeýms Mans

  • Isak Mareý

  • Kliw Martin

  • Leonard Maýers

  • Jin Smolli

  • Herman wan Selm