Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

12-NJI BÖLÜM

Patyşalyk baradaky wagyz işi nädip guramaçylykly ýerine ýetirilýär?

Patyşalyk baradaky wagyz işi nädip guramaçylykly ýerine ýetirilýär?

Ispaniýa

Belarus

Gonkong

Peru

Isa ölmeziniň öň ýanynda şeýle diýdi: «Patyşalyk baradaky bu Hoş Habar hemme milletlere güwälik hökmünde dünýäniň ähli ýerinde wagyz ediler; ahyrzamana şonda geler» (Matta 24:14). Emma hoş habary bütin dünýäde nädip wagyz edip bolar? Bu babatda bize Isanyň galdyran göreldesi kömek eder (Luka 8:1).

Biz öýden-öýe wagyz etmäge çalyşýarys. Isa şägirtlerine hoş habary öýden-öýe wagyz etmegi öwredipdi (Matta 10:11—13; Resullaryň işleri 5:42; 20:20). I asyrda ýaşan hoş habarçylara nirede wagyz etmelidigi babatda görkezme berlipdi (Matta 10:5, 6; 2 Korintoslylar 10:13). Şu günler hem biziň wagyz işimiz guramaçylykly alnyp barylýar we her ýygnaga wagyz etmek üçin aýratyn ýer bellenilýär. Bu bize Isanyň ähli adamlara «wagyz ediň» diýen tabşyrygyny doly berjaý etmäge ýardam edýär (Resullaryň işleri 10:42).

Biz adamlaryň bolýan ýerlerinde wagyz edýäris. Isa köplenç adamlaryň bar ýerinde, ýagny deňziň kenarynda ýa-da guýynyň başynda wagyz edýärdi (Markus 4:1; Ýahýa 4:5—15). Biz hem onuň göreldesine eýerip, ähli ýerlerde, ýagny köçelerde, adamlaryň işleýän ýerlerinde, dükanlarda, seýilgählerde ýa-da telefon arkaly wagyz edýäris. Şeýle-de biz mümkin boldugyndan goňşularymyza, işdeşlerimize, synpdaşlarymyza we dogan-garyndaşlarymyza wagyz edýäris. Şeýlelikde, bütin dünýäde millionlarça adamlar «gutulyş» habaryny eşidýärler (Zebur 96:2).

Siz Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary we onuň berjek ajaýyp gelejegi hakynda kime gürrüň bermek isleýärsiňiz? Bilen zatlaryňyzy adamlara gürrüň bermäge ýaýdanmaň!

  • Nähili «hoş habar» bütin ýer ýüzünde wagyz edilmeli?

  • Ýehowanyň Şaýatlary nädip Isanyň göreldesine eýerýärler?